Sosiologiýa

Taryhda yz goýan zenanlar

Türkan hatyn. Bu zenan Horezmiň (Küneürgenç) üç hökümdarynyň ýakyn garyndaşydyr: Horezmşa Tekeşiň aýaly, Horezmşa, Muhammediň ejesi,  Horezmşa Jelaleddiniň enesidir. Türkan hatyn Horezmşalaryň syýasatyna öz ýaşan döwri uly täsirini ýetiripdir. Ol akylly hem öz gadryny bilýän zenan hökmünde tanalýar. Arz bilen ýüz tutulanda, adalatlylyk bilen çözüpdir we ezileniň tarapynda bolupdyr. Türkan hatyn barada çepere edebiýatda we […]

Taryhda yz goýan zenanlar Giňişleýin oka »

Jemil Meriç

Jemil Meriç 1916-njy ýylda Türkiýäniň Hataý welaýatynyň Reýhanly diýen ýerinde dünýä indi. Maşgalasy Balkan urşy döwründe Gresiýadan Türkiýä göçüp gelýär. Hataý welaýatynda fransuz bilim ulgamyna görä bilim berýän Antakýa Sultanysynda okaýar. Terjime bölüminde işleýär. Başlangyç mekdebiň mugallymy, etrap bilim bölüminiň müdüri bolup işleýär.  1940-njy ýylda Stambul uniwersitetiniň fransuz dili we edebiýaty fakultetine okuwa girýär. Fransuzçany

Jemil Meriç Giňişleýin oka »

Maşgala we jemgyyet-2

Maşgalanyň esasy wezipeleri. Maşgala – bu bir hojalyga degişli çagalar we ene-atalardyr. Her bir maşgala özboluşly, gaýtalanmaýan bir dünýädir. Şonuň üçinem her bir adam jemgyyetçilik durmuşynyň tejribesini, ilki bilen, hut öz maşgalasynda alyp başlaýar. Jemgyyetiň esasy sosial instituty hökmünde maşgala jemgyýet üçin wajyp bolan birnäçe wezipeleri ýerine ýetirýär. Ilkinji nobatda, maşgala çaga dogluşynyň netijesinde täze nesliň

Maşgala we jemgyyet-2 Giňişleýin oka »

Maşgala we jemgyyet

Maşgala we nika. Maşgala jemgyyetiň iň gadymy institutlarynyň biri bolup, özüniň peýda bolan döwründen başlap, adamlaryň jemgyyetçilik durmuşynda iňňän wajyp orny eýeläp gelýär. Hatda jemgyýetiň özüniň döremegi hem köp derejede hut maşgalanyň we onuň bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan nikanyň sosial institutlar hökmünde oýlanylyp tapylmagynyň netijesi hasaplanylýar. Munun şeyledigini dinlerde getirilýän rowayatlaram (mysal üçin, ähli adamzat

Maşgala we jemgyyet Giňişleýin oka »

XVIII-XIX asyrlarda Gündogarda we Ýewropada jemgyýet baradaky garaýyşlar

Jemgyýeti öwrenişiň (sosiologiýanyň) ylym hökmünde döremegi we ösmegi. O.Kontuň we K.Marksyň jemgyýet baradaky taglymatlar . XVIII-XIX asyrlarda ýa-da ylymda Täze döwür diýlip atlandyrylýan döwürde, jemgyýet baradaky filosofiki işler köpelip başlaýar. Dürli meseleler, babatynda Ýewropa alymlary has önjeýli işläpdirler. Ol döwürde ýewropaly alymlaryň içinden jemgyýet meselelerine degişli ýörite eserler döreden alym­laryň arasynda Žan Žak Russo (1712-

XVIII-XIX asyrlarda Gündogarda we Ýewropada jemgyýet baradaky garaýyşlar Giňişleýin oka »

Häzirki zaman ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklary – 3

Bazar infrastrukturasy. Pul we onuň funksiýalary. Inflýasiýa (harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagy). Häzirki zaman bazar ykdysadyýetiniň ösüşiniň aýratynlyklarynyň biri hem infrastrukturanyň ähmiýetiniň barha artýanlygydyr. Bazar ykdysadyýetinde infrastrukturanyň birnäçe görnüşleri bolýar. Olaryň esasylarynyň biri hem bazar infrastrukturasydyr. Bazar infrastrukturasy diýlip bazaryň netijeli işlemegini üpjün etmek maksady bilen oňa hyzmat edýän pudaklaryň toplumyna aýdylýar. Bazar infrastrukturasyna, esasan, biržalar, auksionlar,

Häzirki zaman ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklary – 3 Giňişleýin oka »

Häzirki zaman ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklary – 2

Isleg we teklip. Isleg we teklip bazar gatnaşyklarynyň möhüm hem-de aýrylmaz bölekleridir. Satyn alyjynyň bazardaky haýsy hem bolsa bir haryda islegi bolan ýagdaýynda, ol şol harydy belli bir bahadan satyn alýar. Satyn alyjynyň belli bir döwür aralygynda belli bir bahadan satyn alyp biljek harydynyň möçberine isleg diýilýär. Diýmek, satyn alyjynyň satyn alyp biljek harydynyň mukdary

Häzirki zaman ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklary – 2 Giňişleýin oka »

Häzirki zaman ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklary

Bazar we onuň jemgyýetiň ykdysady durmuşyndaky orny. Bazarlaryň köpdürlüligi. Ykdysady bäsdeşlik we onuň görnüşleri. Bazaryň döremegi zähmetiň jemgyýetçilik bölünişigi bilen baglydyr. Zähmet bölünişiginiň ösmegi zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagynyň, önümçiligiň netijeliliginiň artmagynyň esasy şertleriniň biridir. Bu bolsa zähmet önüminiň alyş-çalyş edilmeginiň giňelmegine we ahyrky netijede bolsa bazaryň döremegine getirdi. Adaty durmuşda bazar – satyjy bilen satyn alyjynyň arasynda

Häzirki zaman ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklary Giňişleýin oka »

Orta asyrlarda jemgyýet we jemgyýetçilik ösüşi baradaky garaýyşlar

Orta asyr akyldarlary jemgyýet barada: Al-Farabynyň we Ibn Sinanyň jemgyýet we adamyň jemgyýetdäki orny hakyndaky garaýyşlary. Italýan akyldary N.Makiawelliniň jemgyýet baradaky garaýyşlary. Orta asyrlaryň irki döwürlerinde jemgyýet hakyndaky düýpli pikirler, esasan, Gündogar akyldarlary tarapyndan öňe sürlüpdir. Olaryň arasynda Orta Aziýa sebitinde ýasap geçen iki sany beýik alyma, ýagny Al-Faraba we Ibn Sina aýratyn orun degişlidir.

Orta asyrlarda jemgyýet we jemgyýetçilik ösüşi baradaky garaýyşlar Giňişleýin oka »

Jemgyýetiň sosial düzümi

Esasy sosial toparlar. Sosial gatnaşyklar. Şahsyýetiň sosial statusy. Jemgyýet diýlip atlandyrylýan umumylyk bolsa iňňän köp böleklerden, has takygy, adamlaryň dürli toparlaryndan we gatlaklaryndan ybarat umumylyk. Adamlaryň dürli toparlarynyň we gatlaklarynyň köplügi jemgyýetiň sosial strukturasyny (düzümini) emele getirýär. Jemgyýetiň düzümine girýän adamlar ol ýa-da beýleki toparlara belli bir alamatlar we häsiýetli aýratynlyklar esasynda bölünýär. Mysal ücin,

Jemgyýetiň sosial düzümi Giňişleýin oka »

Scroll to Top