Ykdysadyýet

Hyrydarlyk we hödürlemäniň nazaryýeti: düşünjeler we kanunlar

Hyrydarlyk – bu nyrhlaryň belli bir wagtyň dowamynda mümkin bolanlarynyň arasyndaky käbir nyrh boýunça sarp edijileriň satyn almaga taýýar we ony satyn almaga ýagdaýy bolan önümleriniň mukdarydyr. Hyrydarlyk birnäçe alternatiw mümkinçilikleri aňladýar. Meselem, ol gaýry şertler birmeňzeş bolan mahalynda önümiň dürli nyrhlar boýunça hyrydarlyk bildiriljek mukdaryny görkezýär. Hyrydarlyga, adatça nyrhyň amatlylyk jähtinden seredilýändigi kesgitlemeden görünýär, […]

Hyrydarlyk we hödürlemäniň nazaryýeti: düşünjeler we kanunlar Giňişleýin oka »

Nyrhlaryň görnüşleri

Nyrhlaryň görnüşleri özara baglanyşykly we biri-birleriniň üstüni ýetirýän nyrhlaryň ulgamydyr. Olar birnäçe alamatlar boýunça toparlara bölünýär. Haryt aýlanyşygy ýaýrawyna baglylykda nyrhlar lomaý, satyn alyş we bölek satuw nyrhlaryna bölünýär. Lomaý nyrhlar boýunça senagat önümleri we hyzmatlar senagat pudaklarynyň arasynda, şonuň ýaly-da senagat bilen ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň arasynda ýerleşdirilýär. Lomaý nyrhlar, öz gezeginde, kärhananyň lomaý nyrhlaryna

Nyrhlaryň görnüşleri Giňişleýin oka »

Gymmat kanuny we nyrh

Gymmat kanuny – bu haryt önümçiliginiň ykdysady kanuny bolup, ol harytlaryň öndürilişini we alyş-çalşyny olaryň jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlaryna laýyklykda şertlendirýär. Gymmat kanuny nyrhlaryň kanuny hökmünde ýüze çykýar. Nyrh gymmatyň pul görnüşindäki aňladylmagy, harytlary öndürmek üçin çykarylýan jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlarynyň aňladylmasy bolup durýar. Ekwiwalent alyş-çalyş mahalynda öňki geçen we häzirki zähmetiň öwezi doldurylýar, üznüksiz

Gymmat kanuny we nyrh Giňişleýin oka »

Nyrh we nyrhyň emele gelşi

Nyrh – harydyň gymmatynyň pul görnüşindäki aňlatmasydyr. Nyrh harytlary öndürmek üçin harçlanan jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlarynyň ululygyny gyýtaklaýyn ölçemek üçin hyzmat edýän düýpli ykdysady düşünjedir. Nyrhlaryň derejeleriniň we mynasybetleriniň, olaryň wagtyň geçmegi bilen üýtgemeginiň esasynda nyrhyň gymmatyň töweregindäki hereket etmeginiň kanunalaýyklygyny kesgitleýän gymmat kanuny durýar. Gymmat kanuny nyrhyň hereket ediş kanunydyr, emma bu nyrhyň mydama

Nyrh we nyrhyň emele gelşi Giňişleýin oka »

Denominasiýa we onuň durmuş-ykdysady netijeleri

1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan milli pul bolan Manadyň girizilmegi we 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli walýutanyň – denominasiýasynyň geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet nyşany hökmünde-de, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy hökmünde-de obýektiw zerurlyk bolupdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe millimanadyň orny has hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Çünki ýurduň mundan beýläk-de ösmegi Türkmenistanyň Halk maslahatynyň adatdan daşary ХХI mejlisinde Türkmenistanyň

Denominasiýa we onuň durmuş-ykdysady netijeleri Giňişleýin oka »

Puluň ölçegleri  

Pul massasy – bu aýlanyşyga göýberilen kagyz we metal pullaryň (gazna we bank biletleriniň) tutuş möçberidir. Pul massasynyň umumy möçberinde nagt pullardan Hem başga depozit pullar diýilýänleri, ýagny banklardaky Gündelik hereket edýän hasaplarda bar bolan pul serişdeleri‑de göz öňünde tutulýar. Şonda nagt pullaryň massasy mydama hojalyk dolanyşygyndaky pul serişdeleriniň umumy möçberinden aýratyn bölünip çykarylýar. Pul

Puluň ölçegleri   Giňişleýin oka »

Puluň wezipeleri we görnüşleri

Gymmat ölçegi. Puluň mazmuny onuň wezipelerinde ýüze çykýar. Puluň gymmat ölçegi hökmündäki wezipesi harytlaryň gymmatynyň hil taýdan birmeňzeş we mukdar taýdan deňeşdirip bolýan ululyklar hökmünde aňlatmakdan ybaratdyr. Harydyň gymmatynyň pulda aňladylmagy onuň gymmatynyň pul görnüşidir ýa-da onuň nyrhydyr. Nyrh hem iňňän möhüm ykdysady düşünje bolup durýar, çünki olaryň hereketi arkaly gymmat kanunynyň täsiri amala aşýar.

Puluň wezipeleri we görnüşleri Giňişleýin oka »

Puluň mazmuny

Pul – munuň özi harytlar alyş-çalyş edilen mahalynda ählumumy ekwiwalentiň hyzmatyny ýerine ýetirýän aýratyn haryt bolup, ol alyş-çalşyň we gymmatyň görnüşiniň özakymlaýyn ösüşiniň önümidir. Puluň döremeginiň sebäbi haryt önümçiliginiň ösmegidir. Puluň döremegi bilen bütin haryt dünýäsi iki sany polýusa, ýagny harytlara we pula bölündi. Pul – bu gymmatyň ýüze çykmasy, jemgyýetçilik baýlygynyň ýüze çykmasy bolup

Puluň mazmuny Giňişleýin oka »

Jemgyýetdäki nygmatlar we hyzmatlar

Islegleri kanagatlandyrmagyň çeşmesi nygmatdyr. Oňa dürli-dürli kesgitleme berýärler. Käbirleri nygmat düşünjesini zatlar we predmetler bilen çäklendirýärler. Beýleki birleri bolsa nygmatlara diňe zähmetiň önümlerini däl, eýsem tebigatyň beren zatlaryny-da degişli edýärler. Nygmaty Islendik peýdaly netije hökmünde kesgitleýän pikir has ýaýrandyr. Nygmat – bu belli bir adamyň islegini kanagatlandyrýan islendik peýdaly zatdyr (predmet, hadysa, zähmet önümi). Ykdysady

Jemgyýetdäki nygmatlar we hyzmatlar Giňişleýin oka »

Önümçiligiň serişdeleri we şertleri

Häzirki zaman jemgyýetinde harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiligi dürli hojalyk subýektleri tarapyndan, ýagny hususy, döwlet eýeçiligine degişli, şonuň ýaly-da garyşyk eýeçilikdäki iri, orta, kiçi we mikrokärhanalar hem-de hususy telekeçiler tarapyndan alnyp barylýar. Önümçilik obýektiw ykdysady kanunlaryň täsirine çuňňur göz ýetirmegiň we ony aňly-düşünjeli peýdalanmagyň esasynda guralmalydyr. Bazar ykdysadyýeti mikroderejede dürli pudaklaryň köp sanly kärhanalarynyň işini, ähli

Önümçiligiň serişdeleri we şertleri Giňişleýin oka »

Scroll to Top