Pedagogika we metodika

Finlýandiýada mugallymlar kasam kabul edýär

Finlýandiýa, Filippin adalary, Hindistan, Singapur, Kosowo ýaly ýurtlarda mugallymlar ýokary okuwy tamamlanlarynda kasam kabul edýärler. Mysal üçin, Finlýandiýada şeýle kasamyň ylmy ady «Komenskiniň kasamy» bolup, oňa «Mugallymlaryň kasamy» hem diýilýär. Mugallymlaryň kasam kabul etmek däbi Finlýandiýada 2017-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär. «Komenskiniň kasamynyň» maksady mugallymçylyk käriniň derwaýyslygyny nygtamakdan ybaratdyr. Onda mugallymlaryň jemgyýetdäki ornuna we […]

Finlýandiýada mugallymlar kasam kabul edýär Giňişleýin oka »

Ýakymly jümleler

Çaganyň ene-atasy bilen arasyndaky gatnaşygy onuň bütin durmuş ýoluny kesgitleýär. Ruhubelent, özüne ynamly, maksadaokgunly ynsany terbiýeläp ýetişdirmek üçin ene-atalar şu 6 sany jümläni çagalaryna günde aýtmalydyrlar. Biz seni gowy görýäris. Iki ýaşly çaga bolsun, on bäş ýaşly ýetginjek bolsun – islendik ýaşda ol özüniň gowy görülýänligini, gereklidigini bilmek isleýär. Bu sözleri eşitmek olarda özüne bolan

Ýakymly jümleler Giňişleýin oka »

Çyzygy nädip uzaltmaly?

Mugallym synpdaky iň bir zehinli, şolbir wagtda deň-duşlaryna görübilmezçilik edýän okuwçylaryň birinden: – Näme üçin synpdaşlaryň ýasan zatlaryny bozuşdyryp galmagal turuzýarsyň? – diýip soraýar. Okuwçy: – Olaryň meni ozmagyny islämok. Synpyň iň ökde okuwçysy men bolmaly – diýip jogap berýär. Mugallym ýerinden turup, eline bir bölek hek alýar-da, tagta uzynlygy 25 santimetr bolan çyzyk çyzýar.

Çyzygy nädip uzaltmaly? Giňişleýin oka »

Endik (kyssa)

Bir ýaş ýigit gündogarly pelsepeçileriň birinden endikleriň garşysyna nädip göreşmelidigini sorapdyr. Pelsepeçi oňa bir ýaş nahaly görkezip, şony sogurmagy buýrupdyr. Ýaş ýigit nahaly bir eli bilen arkaýyn sogrup taşlapdyr. Soň pelsepeçi oňa ulurak bir nahaly görkezipdir. Ýaş ýigit onam çekip aýrypdyr. Ýöne bu gezek ýaş ýigit iki elinem ulanmaly bolupdyr. Has ulurak nahaly sogrup aýyrmak

Endik (kyssa) Giňişleýin oka »

Tomsy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin maslahatlar

Näçe ýaşynda bolsa bolubersin, her bir okuwçy ýyl boýy tomsuň gelerine garaşýar. Onuň dynç alyş möwsümini isleýşi ýaly geçiresi gelýär. Sebäbi tomsuň üç aýy dynç almak we durmuşyňa täzelikler girizmek üçin tapylgysyz pursat. Dynç alyş möwsüminiň göwnejaý bolmagy çagalaryň kämilleşmegine juda oňyn täsir edýär. Elbetde, dynç alyş möwsüminde ata-eneler hem öz çagalarynyň wagtyny gowy geçirmegini

Tomsy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin maslahatlar Giňişleýin oka »

Sudoku

Sudoku näme? Sudoku nädip oýnalýar? Sudokunyň peýdalary näme? Ine, sudoku hakda hökman bilmeli maglumatlaryňyz…   SUDOKU NÄME? Sudoku 9×9 grafikada çözülýän we 1-den 9-a çenli sanlaryň her setirde, sütünde we 3×3 gutularda 1 gezek ýerleşdirilýän oýundyr. Sudoku dürli ýaşdaky adamlaryň aňsatlyk bilen öwrenip biljek oýnudyr. Ýaponiýada çykan bu oýun «suuji wa dokushin ni kaguru» (sanlar

Sudoku Giňişleýin oka »

Okuwça nädip ruhy goldaw bermeli?

Adamy ruhlandyrsaň, asla başarmajak işleriniň hem hötdesinden gelip, kynçylyklary ýeňip geçip bilýär. *** Mugallymlar üstünlik gazanmaga çalyşýan okuwçylaryna hökman kömek etmelidir. Okadýan sapagyny aňsatlyk bilen öwrenip bolýandygyny görkezmelidir. Tema doly özleşdirilensoň, «Bu temany gowy öwreneniňiz üçin soňkularda kösenmersiňiz» ýaly sözler bilen wagtal-wagtal okuwçylaryň göwnüni götermeli we olary umytlandyryp, üstünlik gazanyp biljekdiklerine ynanmaklaryny gazanmaly. Emma, gynansak-da,

Okuwça nädip ruhy goldaw bermeli? Giňişleýin oka »

Okuwçylaryň ýalňyşyny nädip düzetmeli?

Çaganyň ýalňyşmagyna ýol bermeseň, onuň özbaşdak karara gelmek ukyby kämilleşmeýär. Jon Erskin Goýberen ýalňyşyny ýüzüne basmaly däl. Biriniň hatasyna –gerek ýerinde– umumy göz bilen garap, hemme kişä ýüzlenip aýtmaly. Okuwçyny köpçüligiň içinde kemsitmeli däl. Mugallym çaganyň ýalňyşyny synpda ýüzüne bassa, okuwçysy bilen arasynyň bozulmagyna, özara hormatyň we söýginiň ýitmegine sebäp bolup biler. Şeýle halatdan soň,

Okuwçylaryň ýalňyşyny nädip düzetmeli? Giňişleýin oka »

Zehinli çagalara mahsus aýratynlyklar

Her bir perzendiň özboluşly ukyp-zehin bilen dünýä inýändigi gadymdan bäri aýdylyp gelinýän hakykat. Ata-eneler, terbiýeçiler, mugallymlar çaganyň ukyp-zehinine, başarnygyna näçe ir göz ýetirseler, ol şonça-da gowy görülýär. Çaganyň haýsy ugurda üşük-zehininiň agdykdygyny bilmek geijekde oňa sowat-bilim öwredilende degerli we juda ähmiýetli usuly saýlap almaklyga kömek edýär. Gadymy alymlaryň eserlerinde «Hiç bir ene-ata, mugallym çagasynyň zehininden

Zehinli çagalara mahsus aýratynlyklar Giňişleýin oka »

Çaga terbiýesine üýtgeşik çemeleşme…

(Bu ýazgyny hemme ata-eneler we mugallymlar hökman okamaly…) Mekdep ýyllarym örän parahat geçdi. Ondan soň işlemändigim sebäpli üýtgeşik iş tejribämem ýokdy. Garaz, hem-ä dil öwrenmek hemem okamak üçin daşary ýurda gitmeli diýen karara geldim. Güzeranymy aýlamak üçin bir restoranda işläp başladym. Meniň ýanymda şol ýerli 14-15 ýaşly başga bir okuwçam işleýärdi. Dynç günleri gije sagat

Çaga terbiýesine üýtgeşik çemeleşme… Giňişleýin oka »

Scroll to Top