Programmalar

ANTIWIRUS

ESET NOD32 – 55 megabaýt

ÜNS BERIŇ: Bu gezekki bazanyň göwrümi uly bolany üçin, iki bölege bölmeli boldy. Ilki bilen iki ZIP faýlyň içindäki faýllary şolbir papkanyň içine çykarmaly. Soňra bazany hemişeki ýaly täzelemeli.

ESET NOD32 Antivirus (update/обновление) 1-nji bölek – 24.06.2021 – 134 megabaýt

ESET NOD32 Antivirus (update/обновление) 2-nji bölek – 24.06.2021 – 140 megabaýt

 

PROGRAMMA

YLYMLY – 15 megabaýt

“Ylymly” saýtymyzyň Android wersiýasyny telefonyňyza gurnamak bilen, ykjam görnüşde onuň hemme mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp bilersiňiz.

 

ESET NOD32 – 55 megabaýt

ESET NOD32 5 siziň kompýuteriňizi wirusdan goraýar. Programmany gurnamak ýa-da ulanmagy dowam etdirmek üçin hiç hili aktiwasiýa hökman däl. Bazasy yzygiderli täzelenip durýar. Täze baza mümkin boldugyça gysga aralyk bilen saýtda goýulýar. Size şony öz kompýuteriňize ýükläp, täzeläýmek galýar.

 

FoxitReader – 22 megabaýt

FoxitReader arkaly PDF faýllary açyp bolýar.

 

Kätip – 4 megabaýt

Kätip esasan iki sany işi amala aşyrmaga ýardam berýär: a) kirillisadaky teksti latynça ýa-da latynçadaky teksti kirillisa aňsatlyk bilen geçirmek; b) Microsoft Word we Microsoft Excel programmalarynda ýazan sözleriňiziň harp ýalňyşyny barlap, maslahat berilýän düzedişleri girizip bilersiňiz.

 

Shareit – 4 megabaýt

Shareit edil Android we iOS sistemaly ykjam telefonlarda hem-de planşetlerde bolşy ýaly, kompýuter arkaly faýl alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýär.

 

Everything – 0,5 megabaýt

Everything kompýuteriňizde haýsy faýlyň we papkanyň nirede ýerleşýändigini bilmeýän bolsaňyz, size şol faýllaryňyzy we papkalary ady boýunça gözläp tapmaga ýardam edýär.

 

Zero Assumption Recovery (ZAR) – 4 megabaýt

Zero Assumption Recovery kompýuteriňizden, gaty diskiňizden we fleşkaňyzdan pozulan ýa-da ýiten faýllary we papkalary yzyna gaýtaryp almak üçin iň bir peýdaly programmalaryň biridir.

 

DTools – 6 megabaýt

DTools *.iso görnüşli wirtual diskleri açmak üçin ulanyp bolýan sadadan peýdaly programmadyr.

 

Flash – 17 megabaýt

Flash öňki Macromedia, häzirki Adobe kompaniýalarynyň *.swf görnüşli faýllaryny açýan programmadyr.

 

WinRAR – 5 megabaýt

WinRAR *.zip we *.rar görnüşli arhiw faýllaryny açýar.

 

KMPlayer – 54 megabaýt

KMPlayer *.mp3, *.mp4, *.avi, *.mkv, *.mpg ýalyaudio we wideo görnüşli faýllary açmaga ýardam berýär.

 

PotPlayer  – 40 megabaýt

PotPlayer *.mp3, *.mp4, *.avi, *.mkv, *.mpg ýaly audio we wideo görnüşli faýllary açmaga ýardam berýär. Ol 64 razrýadly ulgam üçin niýetlenendir.

 

VLC – 24 megabaýt

VLC *.mp3, *.mp4, *.avi, *.mkv, *.mpg ýalyaudio we wideo görnüşli faýllary açmaga ýardam berýär. Ol 64 razrýadly ulgam üçin niýetlenendir.

 

Format Factory – 42 megabaýt

Format Factory wideo görnüşli faýllary audio görnüşe, ýagny şekilli ýazgylary sesli ýazgylara öwürýär.

 

IDM (Internet Download Manager) – 5 megabaýt

IDM (Internet Download Manager) bellenen faýllaryň görnüşlerini internetden (Chrome, Firefox, Yandex, Opera ýaly brauzerler bilen deňeşdirende) has çalt ýükläp almaga kömek edýär.

 

AlReader – 5 megabaýt

AlReader programmasy size *.epub görnüşli faýllary, esasan hem kitaplary we çeper eserleri açmaga kömek eder.

 

WinDJView – 1 megabaýt

WinDJView *.djvu görnüşli elektron kitaplary açýan programmadyr.

 

OÝUNLAR

Monopoly Classic – 15 megabaýt

Monopoly “Hasbro” kompaniýasy tarapyndan çykarylan oýun bolup, onda oýunçylar iki sany alty taraply kubigi zyňýarlar-da, ikisiniň jemini goşup, hereket edýärler.  Oýnuň düzgüni boýunça emläk almak we satmak, emlägi jaýlardyr myhmanhanalar bilen artdyrmak, garşydaşyňdan emlägiňi ulanandygy üçin kärende puluny almak ýaly mümkinçilikler we şertler bar. Oýnuň esasy maksady – garşydaşyňy bankrota düşürmek.

Scroll to Top