Terbiýe

Çagany gulp astynda saklamak

Çaga terbiýesinde ata-eneleriň esasy wezipeleriniň biri olara gözegçilik etmekdir, göz-gulak bolmakdyr. Muňa olaryň hersi birhili düşünýär. Käbiri çagalaryny çakdan aşa gowy görüp, jaýdan, howludan daş çykarman, gorap, aýap saklasaň gowy bolýar diýip pikir edýär. Çagalarynyň her bir hereketini yzarlap, gözden salmazlyga çalyşýarlar. Netijede olaryň erkini, örüsini çäklendirýärler. Beýle garaýyş ýalňyşdyr. Çagany durmuşdan üzňe, dar galypda […]

Çagany gulp astynda saklamak Giňişleýin oka »

Çagalara deň göz bilen seretmek

Maşgalada çagalaryň haýsydyr biri ata-enesi tarapyndan aýratyn üns berlip apalanýar, gowy görülýär. Beýleki birine bolsa gyýa göz bilen seredilip, ünsden düşürilýär. Nämemiş, ol özüni oňaranokmyş, ýaltamyş. Ol mydama maşgalanyň ähli agzalary tarapyndan ýazgarylýar, azar berilýär. Nämedir bir zat alnyp berlende hem ýaňky çaga kemsidilýär, çetleşdirilýär. Şeýle ýagdaý mekdep durmuşynda hem gabat gelýär. Üns berilmeýän çagada

Çagalara deň göz bilen seretmek Giňişleýin oka »

Uly adam ýaly garamak

Ata-eneler, terbiýeçiler, mugallymlar çagalaryň özlerinde galdyran gowy we ýaramaz täsirleri hakynda olaryň ýanynda ara alyp maslahatlaşýarlar. «Körpeler entek ýaş, bu gürrüňlere düşünmeýärler, ulularyň pikirleri bilen gyzyklanmaýarlar» diýip, pikir edýärler. Beýle pikir ýalňyş. Çaga örän duýgur bolýar, ähli zat onuň üns merkezinde. Ol seniň ýüzüňden, gözüňden, sözüňden hereketiňden many çykaryp bilýär. Özi hakynda erbet pikirleri eşitse

Uly adam ýaly garamak Giňişleýin oka »

Dürs sözlemek

Maşgalada ata-enäniň her bir hereketine, görüm-göreldesine eýerýän çagalar sözleýişde-de şol endige eýerýärler. Käbir ata-eneler ýaňy dil biten çagalarynyň diline biçak guwanyp, çagalarynyň ýalňyş sözlemegine ýol berýärler. Körpelerine sözleri gysgaldyp ýa-da üýtgedip aýtmagy öwredýärler. Mysal üçin: «çörege-nanna», «nahara-bişşe», «ýara-wawwa», «suwa-üwwe»… ýaly sözleri aýtdyryp öwredýärler. Çagasyna daşary ýurt dilini öwredýän kişi bolup, sözleri ýoýup, garym-gatym edip, öwredýänlerem

Dürs sözlemek Giňişleýin oka »

Pähimli sözler

Adam öz ýalňyşlary bilen ýüzleşmegi başarmasa, başgalarynyň kemçiliklerini görmäge dowam eder. *** Durmuş bir sapar – syýahatdyr. Ädimleriňi  haýallatjak, ýüküňi agraltjak ýa-da seni aşak dartjak amallary, pygyllary etmezlige çalyş. Halallyk Kyssalary *** Älemdäki iň gymmatly zat adamdyr, adamyň iň gymmatly zady akyldyr, akylyň iň gymmatly zady pikir we oýlanyşyklylyk, pikir we oýlanyşyklylygyňky bolsa adalatdyr. Ehli

Pähimli sözler Giňişleýin oka »

Çakdan aşa öwgi

Çaga özüniň her bir hereketine üns berilmegini, bitiren işiniň makullanmagyny, gowy baha berilmegini isleýär. Şeýle ýagdaýda ata-eneleriň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň käbiri çagany çakdan aşa öwüp, arşa çykarýar. Mahym eje üýşmeleňde hemmeleri agzyna garadyp ogluny öwdi: — Oglum Batyr jandan aýlanaýyn. Öran düşbüje bolup ýetişjek. Mydama okap otyr. Mekdepde-de iň ökde okuwçy diýýärler. Bahalarynyň hemmesem bäşlikmiş. Mugallymlaram

Çakdan aşa öwgi Giňişleýin oka »

Mähribanlaryma hat

Mähribanlarym ejem bilen kakam! Duýgularymy we düşünjelerimi doly beýan edip bilsedim, size şulary aýtmak islärdim: Men gün saýyn ulalyp kämilleşýärin. Siziň çagaňyz bolsamam, men düýbünden başgaça. Şonuň üçinem meni doly tanap, dogry düşünmäge çalşyň. Birentek zady tejribe bilen öwrenýärin. Bolşuma düşünmekde kynçylyk çekmegiňiz mümkin. Näme oýun oýnajagymy, kim bilen dostlaşjagymy, nämelere güýmenjegimi, goý, özüm saýlaýyn.

Mähribanlaryma hat Giňişleýin oka »

Sorag-jogap alyşmak

Ata-eneleriň käbiri çagalaryna sorag baryny berip, azara goýýarlar. «Bu gün köçede kime duşduň?», «Mekdepde näçe sagat okadyňyz?», «Näçelik baha aldyň?», «Mugallymyň näme diýdi?», «Duşuşyga kimler geldi, näme gürrüň berdiler?»… diýen ýaly soraglar her gün gaýtalanýar. Çagalar başardygyndan höwes bilen jogap bermäge çalşarlar welin, ata-eneleriň özleri yzyny alyp götererler. Beýle ýagdaý, aýratynam, körpeler bilen gepleşilende köp

Sorag-jogap alyşmak Giňişleýin oka »

Gözegçilik etmek

Mekdepde, maşgalada käwagt işe imrikdirmek maksady bilen çagalara köp ýumuş tabşyrýarlar. Çagalar şol buýrulan işi ahyryna çenli göwnejaý ýerine ýetirýärmi ýa-da ýok, oňa gözegçilik bolsa etmeýärler. Zol gaýtalanýan ýumuşlar bolsa çagany irizýär, ýadadýar. Netijede ol işini geldi-geçer ýerine ýetirýär. Onda soňabaka geleňsizlik häsiýeti peýda bolýar. Çagalara iş buýranyňda onuň bitiren işine gözegçilik etmeli. Işi gowy

Gözegçilik etmek Giňişleýin oka »

Pähimli sözler

Ertiriň aladasyny edip, özüňi harap etme. Şu wagt eliňde bary bilen bagtyýar bolmagy öwren. Sebäbi sen ertire çykjagyňy bilmeýärsiň. Abraham R. *** Kän işde şägirt bolanyňdan bir işde halypa bolanyň ýegdir. Abraham R. *** Gury ham-hyýaldan ybarat umyt bilen maksadyňa ýetip bolmaýar. Arzuwlaryňy elmydama akyl eleginden geçirmek gerek. Abraham R. *** Ile görünjek bolmak medeni

Pähimli sözler Giňişleýin oka »

Scroll to Top