Kämillik

Sazlaşykly kämilleşmegiň 3 düzüjisi

Adamyň kämilleşmegi 3 ugry öz içine alýar: fiziki, intellektual we ruhy. Özüňde kämilligiň ugurlarynyň her birini ösdürmek arkaly sazlaşyga ýetip bolýar. Siz balansirlenen ösüşde güýji, akyly we paýhasy edinýärsiňiz. Näme üçin ähli ugurlar boýunça kämilleşmelidigine düşünmek üçin olaryň her birine aýratynlykda seretmekligi teklip edýärin. Fiziki ösüş Adamyň öz fiziki bedeniniň üstünde işleýän prosesinde toplaýan güýjünden […]

Sazlaşykly kämilleşmegiň 3 düzüjisi Giňişleýin oka »

SYNAG

«Ýigit dünýä bilen söweşdi, ili bilen söweşdi, Ýöne öz nebsi bilen nähili söweşjegini bilmedi…» Bir gezek gijaralar dostlarymyň biri bilen gürrüňdeş bolup otyrkam, söhbediň arasynda ýokarky setirleri ýatlap, özümiň durmuş söweşinde ýeňilmändigimi, Allatagalanyň fazly-keremi bilen üstün çykandygymy, durmuşdaky her bir kynçylygyň meni barha taplandygyny aýdypdym. Şondan soňra ep-esli wagtlap pikire çümdüm we özüm hakda oýlanyp

SYNAG Giňişleýin oka »

Hýugge näme?

Hýugge – bu özüňi asuda we bagtly duýmagyňa mümkinçilik berýän zatlary etmekdir. Göz öňüňize getiriň: Siz gyşyň güni öýüňiziň iň rahat ýerinde aýagyňyz ýüň joraply, eliňiz çaýly otyrsyňyz. Myhmançylyga gelen dostlaryňyz bilen nähilidir bir oýna gümra bolşup, gyzykly wagt geçirýärsiňiz. Penjireden seretseňiz, daşarda gar ýagýar. Siz bolsa edil şu pursatdan lezzet alýarsyňyz. Ynha, dünýäniň iň

Hýugge näme? Giňişleýin oka »

GYBAT

Duzly dili we adamkärçilikden binesipligi bilen meşhur bolan bir kişini gybat edip, ýalan gep-gürrüňleri ýaýmakda günäkärläp, kazynyň huzuryna getiripdirler. — Men oýun etdim, ol gürrüňlerem ýöne degişmek üçin aýdaýdym. Meň gepimi başga tarapa çekip, ýalňyş düşündiler. Meniň hiç-hili günäm ýok, kazym — diýip, ol özüni aklamaga başlapdyr. Ýöne ýalan töhmete duçar bolan kişi: — Oýunmyş.

GYBAT Giňişleýin oka »

Zeýrenç sungaty

«Gözellik sungaty», «Amaly-haşam sungaty», «Saz sungaty», «Heýkeltaraşlyk sungaty»… sungat bilen bagly ugurlary kän eşidensiňiz. Ýöne «Zeýrenç sungaty» hakda heý-de bir zat gulagyňyza ildimi? Ýok, siz öte eşitmediňiz, bu ýerde geň görerlik zat hem ýok, men dogrudanam «Zeýrenç sungaty» hakynda gürrüň edýärin… Kimdir biri ýanyňyza gelip, nämedir bir zatdan derdinse, arzyny aýtsa, zeýrense, bir gün, iki

Zeýrenç sungaty Giňişleýin oka »

Stiw Jobs kär barada

Stiw Jobs (1955-2011) — inžener, telekeçi, «Apple», «NeXT» we «Piхar» kompaniýalaryny esaslandyryjylaryň biri we baştutany. Ol ykdysady krizisden (çökgünlikden) basylman, öz zähmeti bilen tutuş jahany özgertmegi başardy. «… Maňa öz işimi dowam etdirmäge kömek eden ýeke-täk zat meniň öz işimi söýmegim boldy. Size söýýän, göwün diýen zadyňyzy tapmak derkardyr. Bu gatnaşyklar babatda bolşy ýaly, iş

Stiw Jobs kär barada Giňişleýin oka »

Dymmaklyk uly güýç

Awraam Linkolnyň bir sözi bar: «Dymyp durmagyňy adamlar akmaklyk hasap etse-de, gürläp, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan, ýene-de dymyp duranyň gowudyr».Mundan müň ýarym ýyl ozal Omar ibn al-Hattab: «Her bir adam tä gürleýänçä meniň gözüme şeýle bir hormatly, şeýle bir eziz, gürlänsoň, hemme hakykat aýdyň ýüze çykýar. Kimiň-kimdigi belli bolýar» diýipdir. Gerek ýerinde dymyp saklanmaklyk abraýly

Dymmaklyk uly güýç Giňişleýin oka »

Her kim öz durmuşynyň serkerdesi

Durmuşda üstünlik gazanýanlaryň, ýeňijileriň ählisiniň öz işlerine jogapkärli çemeleşendiklerine seni ynandyrmagym üçin, meniň bu hakykatlary saňa gaýta-gaýta ýanjap oturmagym gerekmikä? Olar ömürleriniň bir sekundyny hem ýüzbe-ýüz bolan ýaramaz ýagdaýlary, teň hallary üçin kimdir birini ýazgarmaga sarp etmediler. Gaýta, durmuş bulara köp zatlary öwretdi – ýetip barýarka, öň açyk duran gapynyň bulara ýapylandygy üçin ýa-da ýollaryna

Her kim öz durmuşynyň serkerdesi Giňişleýin oka »

Ylgamasaň, üstünlik ýok

Özümiz bir ýerde durup, ýaşaýşymyzyň has gowulaşmagyny isleýän bolsak, onda durmuşy gözelleşdirmek üçin hiç zat etmeýändigimiz bolýar.   Ýaşaýşa nämedir bir zatlar bermek, eliňde baryndan eçilmek, ukybyňda baryny paýlaşmak, bagyş etmek – ömre many çaýýan zatlaryň biri. Munuň üçin ýaşaýşy, durmuşy söýmek gerek. Daş-töwerege, özümizi gurşan hal-ýagdaýlara söýünç bilen bakmak gerek. Durmuşa çynlakaý çemeleşmeli, ony

Ylgamasaň, üstünlik ýok Giňişleýin oka »

Pähimli sözler

Durmuş gijä galanlary asla bagyşlamaz! Mihail Gorbaçýow *** Özümiz bir ýerde durup, ýaşaýşymyzyň has gowulaşmagyny isleýän bolsak, onda durmuşy gözelleşdirmek üçin hiç zat etmeýändigimiz bolýar. Rahmet Gylyjow *** Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz. Paýhas çeşmesi *** Çaga öwredýän zadymyzy däl-de, görýän zadyny edýändir.  

Pähimli sözler Giňişleýin oka »

Scroll to Top