Ýaşaýyş-durmuş esaslary

Nika we maşgala

Maşgalada jynslaryň özara gatnaşyklary biziň döwletimizde maşgala hukugy tarapyndan düzgünleşdirilýär. Maşgala gatnaşyklarynyň hukuk esaslary Türkmenistanyň Maşgala Kodeksinde doly beýan edilendir. Hukuk ulgamynyň bu pudagy nika baglaşmagyň we ony ýatyrmagyň, maşgala agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, şeýle-de enesiz- atasyz galan çagalary maşgala almagyň tertibini kadalaşdyrýar. Maşgala hukugynda nika – bu erkek kişiniň we aýal maşgalanyň meýletin we deňhukukly […]

Nika we maşgala Giňişleýin oka »

Çalt uklamagyň alty ýoly

Ýadawlyk, haýal pikirlenmek, ünsüňi jemläp bilmezlik ýaly birentek näsazlyk uky bilen baglanyşyklydyr. Biler bolsaňyz, birnäçe minutyň içinde aňsatlyk bilen uka gitmek mümkin. Ine, size uky meseläňizi bir-iki günde çözmäge kömek etjek alty sany ýol: a) 4/7/8 usulyny barlaň Ilki diliňizi kentlewügiňize degirmeli we tä usuly barlap bolýançaňyz ony şol ýerden aýyrmaly däl. Başda 4 sekuntlap

Çalt uklamagyň alty ýoly Giňişleýin oka »

Şahsyýetiň ahlak keşbini kämilleşdirmekde gözellik terbiýesiniň ähmiýeti

Medeniýetiň, sungatyň, gözellik endikleriniň adamda kämil şahsyýeti terbiýelemek işinde tutýan orny gaty uludyr. Muňa adamlar gadymky döwürde-de düşünipdirler. Gadymyýetiň meşhur pelsepeçisi şeýle tymsaly mysal getirýär: «Öňümden üç gul çykdy, olaryň her birisi agyr daşlar ýüklenen galtagy itekläp gelýärdi. Olaryň üçüsine-de şol bir sowaly berdim: «Bu daşlary nirä alyp barýarsyň?» Birisi hyrçyny dişläp, gaharly jogap berdi:

Şahsyýetiň ahlak keşbini kämilleşdirmekde gözellik terbiýesiniň ähmiýeti Giňişleýin oka »

Ahlak edebi we maşgala gatnaşyklary

Häzirki ýaşlar durmuş guranda ilki bilen söýgä bil baglaýarlar. Emma söýgi gaty näzik duýgy, ony ömürlik saklap galmak köp kişä başartmaýar. Söýgi hakyky bolanda, uzagyndan çuň hormata-sylaga ýazýar. Gynansak-da, ýaşlaryň bellibir bölegi edil toýdan soň biri-birinden göwni geçip, öz duýgularynyň ýüzleýdigine göz ýetirýärler. Ýaşlaryň ýalňyşýan ýeri, olar tutuş ömrüň hem bagt toýy ýaly şatlykly, diňe

Ahlak edebi we maşgala gatnaşyklary Giňişleýin oka »

Ahlak terbiýesi we ahlak kadalary

Ahlak näme? Bu düşünje nämeleri öz içine alýar? Filosofik sözlükde ahlak edep-ekramdyr diýilýär. Edep‑ekram ýa-da moral (latynça «mores» – edep kadalary diýmekdir) adamyň özüni alyp barşyny, duýgularyny, pikirlerini, umuman alnanda, adamlary birek-birek hem jemgyýet bilen baglanyşdyrýan tämiz hem sagdyn aragatnaşyklary kadalaşdyrýar. Ahlak terbiýesiniň baş maksady adamda edep aňyny, özüňi ahlakly alyp barmagyň endiklerini we asylly

Ahlak terbiýesi we ahlak kadalary Giňişleýin oka »

Nesil saglygyny goramak

«Saglyk» diýen düşünje ynsan ýaşaýşynyň esasy şertleriniň, düýp häsiýetleriniň biri bolmak bilen, onuň tutuş durmuşyny kesgitleýär. Saglyk adamyň durm|uşda amatly hem hakyky mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özüniň maddy we ruhy hal-ýagdaýyna zelel ýetirmesiz hereket etmegidir, daşky gurşawa ýitgisiz uýgunlaşmak ukybydyr. Özüniň gadyr-gymmaty boýunça saglyk abadançylygyň ilkinji we esasy şerti bolup çykyş edýär, adamlaryň iň zerur

Nesil saglygyny goramak Giňişleýin oka »

Scroll to Top