Orta asyrlarda jemgyýet we jemgyýetçilik ösüşi baradaky garaýyşlar

Orta asyr akyldarlary jemgyýet barada: Al-Farabynyň we Ibn Sinanyň jemgyýet we adamyň jemgyýetdäki orny hakyndaky garaýyşlary. Italýan akyldary N.Makiawelliniň jemgyýet baradaky garaýyşlary. Orta asyrlaryň irki döwürlerinde jemgyýet hakyndaky düýpli pikirler, esasan, Gündogar akyldarlary tarapyndan öňe sürlüpdir. Olaryň arasynda Orta Aziýa sebitinde ýasap geçen iki sany beýik alyma, ýagny Al-Faraba we Ibn Sina aýratyn orun degişlidir. Bu alymlar ylymlaryň köp ugurlary boýunça işläpdirler, şol sanda olaryň miras galdyran ylmy eserlerinde jemgyýet barada hem özboluşly pikirler giňişleýin beýan edilipdir.

Abu Nasyr Muhammet ibn Muhammet ibn Tarhan ibn Uzlag Faraby 870-nji ýylda (aradan çykan wagty 950-nji ýyl hasap edilýär) häzirki Gazagystan Respublikasynyň Günorta-Gazagystan welaýatynyň Şawuldar etrabynyň çäginde ýerleşen Farap şäherinde eneden bolýar. O1 öz döwrüniň iň görnükli alymlarynyň biri bolup, ylymlaryň dürli ugurlary boýunça eserler ýazypdyr. Onuň filosofiki eserlerinde, şol sanda jemgyýet baradaky garaýyşlarynda, gadymy ýunan akyldarlary Eflatunyň we Aristoteliň täsiri aýdyň duýulýar. Biz bu ýerde bu beýik gündogar akyldarynyň ömür beýany we onuň ylmyň dürli ugurlaryna degişli eserleri baradaky gürrüňleri aradan aýryp, gönüden-göni onuň jemgyýe­te degişli we jemgyýet gurluşy hakyndaky öňe süren pikirleriniň üstünde durup geçmek isleýäris. O1 hem edil Eflatun we Aristotel ýaly, jemgyýet bilen döwlete şol bir zat hökmünde garap, olary biri-birlerinden tapawutlandyrmandyr. Faraby Eflatunyň “ideal döwlet” hakyndaky nazaryýetini goldap, şeýle döwlet barada pikir ýöredipdir. Faraby özüniň suratlandyrýan döwletini «şäher» diýip atlandyrýar. Onuň pikirine görä, bu şäherde ýaşaýanlar bagtly bolmak üçin birek-birege ýakyndan kömek bermeli. O1 eger-de adamlar biri-birlerine şeýle kömek etseler, onda bütin dünýä gözel bolardy diýip nygtaýar.

Akyldaryň pikiriçe, bu şäheriň ýasaýjylary baýlyk we sosial taýdan deň bolmaly, ilat garyp we baý gatlaklara bölünmeli däl. Şäherde asudalyk, parahatçylyk, deňlik, agzybirlik we doganlyk-dostluk höküm sürmeli. Farabynyň göz öňüne getirişine görä, bu şäheriň (ideal döwletiň) adamlarynyň hemmesi gowy terbiýeli, özlerinde iň ýokary ahlak sypatlaryny jemlän ynsanlar bolmaly. Alymyň pikiriçe, eger-de şeýle döwlete akylly-başly ýolbasçylyk edip biljek adam tapylmadyk halatynda, döwlete birnäçe adam bilelikde ýolbasçylyk etmeli. O1 toparyň arasynda dürli ugurlardan baş çykaryp bilýän, ukyp we akyl babatynda biri-birleriniň üstüni ýetirip bilýän adamlar bolmaly. Fara­by şeýle adamlaryň agzybir toparynyň döwlete adalatly ýolbasçylyk edip biljekligine ynanypdyr.

Faraby hem Aristotel ýaly, adamy jemgyýetiň önümi hasap edipdir. Onuň düşünişine görä, adam jemgyýetden üzňe ýaşap bilmez. Adamyň ähli durmuşy we edýän işi jemgyýetde bolup geçýär. Şonuň üçin-de Faraby jemgyýet we döwlet adalatly, ýagny hemmeler üçin deň bolmaly diýip hasap edipdir.

Orta asyr gündogarynyň iň beýik alymlarynyň ýene biri dünýä ýüzünde, esasan, Awisenna ady bilen tanalýan Abu Aly ibn Abdylla ibn Hasan ibn Sinadyr (980-1037 ý.ý.) O1 diAe bir görnükli pelsepeçi alym bolman, eýsem, örän güýçli hekim hem bolupdyr. Şonuň üçin-de türki halklaryň arasynda onuň ady galaba «Lukman hekim» hem diýlip tutulypdyr.

Ibn Sinanyň jemgyýet we syýasat baradaky öňe süren oý-pikirlermiň gymmaty biziň şu günki döwrümiz üçin hem diýseň uludyr. Ibn Sina hem edil Faraby ýaly Eflatunyň “ideal döwlet” hakyndaky taglymatyny goldapdyr. Akyldaryň pikirine görä, şu hili döwletde ony dolandyrýanlar, maddy nygmatlary öndürýänler hem-de goşun bolmaly, şeýle-de bir adam haýsydyr bir peýdaly iş bilen meşgul bolmaly. Onuň pikiriçe, döwlet baştutany kanunlar düzende öz halkynyň ahlak aýratylyklaryny, däp-dessurlaryny nazara almaly. Olar bolsa jemgyýeti adalatlylyga alyp barmaly.

Orta asyrlarda Günbatarda ýaşap geçen akyldarlaryň içinde hem jemgyýet barada özboluşly pikirleri öňe süren alymlar az däl. Olaryň arasynda italýan akyldary Nikola Makiawelliniň (1469-1527) ady aýratyn tutulmaga mynasypdyr. Onuň taglymaty, esasan, döwletiň edara edilişiniň meselelerine degişlidir. O1 özüniň ady belli «Hökümdar» diýen eserinde döwlete nähili ýolbasçylyk edilmelidigi barada özboluşly pikirleri öňe sürýär. O1 bu işinde syýasy ýagdaýa görä hökümdaryň gerek ýerinde gysganç ýa-da sahy, zalym ýa-da mährem, adalatly ýa-da aldawçy bolmalydygynyň gerekligini, ýagny ýagdaýa görä özüni ýolbars ýa-da tilki ýaly alyp barmalydygyny nygtaýar. Makiawelliniň öňe sürýän pikirlerine görä hökümdar öz göz öňünde tutýan maksatlaryna ýetmek üçin islendik serişdäni ulanyp biler diýip hasaplaýar. Onuň bu garaýşyna soňlar syýasat ylmynda «makiawellizm» diýlen at berlip, ol käbir döwlet ýolbaşçylarynyň baş ýörelgesine öwrülipdir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Jemgyýeti öwreniş” dersi boýunça okuw kitaby

 

 

Teswir ýaz

Scroll to Top