Astronomiýa

Ýyldyz senenamasy

(G. Gurbandurdyýewiň «Türkmen milli wagt hasaplary we senenamalary» atly kitaby boýunça) Gadymy wagtlarda türkmen halky asman jisimleriniň hereketlerine gözegçilik edip, öz sene hasaplaryny ýöredipdirler, ýagny ekin ekmek, toý tutmak ýaly düýpli işlerinde  Güne, Aýa, ýyldyzlara esaslanypdyrlar. Halk arasynda olar bilen bagly yrymlar, çaklamalar döräpdir. Magtymguly Pyragynyň: Ýer göteren sary öküz Bilmen, niçe ýaşyndadyr. Dört müň […]

Ýyldyz senenamasy Giňişleýin oka »

Türkmenistanyň welaýatlary üçin Aýyň we Günüň dogup-ýaşýan wagtyny hasaplamak

Adamlaryň durmuşy, esasan, Günüň dogup ýaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýeriň hereket edýän tekizliginiň, ýagny ekliptika tekizliginiň asman ekwatoryndan 23°26′ gyşyklygy gijäniň, gündiziň uzaklygynyň üýtgemegine getirýär. Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri üçin Günüň dogýan we ýaşýan wagty her 5 günden 10-njy jedwelde berlendir. Türkmenistanyň beýleki welaýatlary üçin Günüň dogýan we ýaşýan wagtyny kesgitlemek üçin 2 sany giňlik we

Türkmenistanyň welaýatlary üçin Aýyň we Günüň dogup-ýaşýan wagtyny hasaplamak Giňişleýin oka »

Astronomiýanyň ähmiýeti

Astronomiýanyň durmuşdaky orny diňe wagt ölçeglerini kesgitlemek we ugur tapmaklyk bilen çäklenmeýär. Astronomiýa hil hem mukdar taýdan tapawutlanýan asman jisimlerini, Älemdäki tozanlary, gazlary, planetalary, guýrukly we süýnýän ýyldyzlary, Aýy, Güni hem-de adatdan daşary uly ýyldyzlary, Akmaýanyň ýoluny öwrenmek bilen, adamyň gelejegi üçin iňňän ähmiýetli maglumatlary-da toplaýar. Asman jisimlerini öwrenmek bilen geçirilýän ylmy-barlag tejribelerinde Ýerde henize

Astronomiýanyň ähmiýeti Giňişleýin oka »

Älemiň gurluşy

Gyzyl reňkdäki süýşme. Älemiň giňelmegi. Älemiň gurluşy we ösüşi. Älem giňdir we Älem geňdir. Bize görünýän ýyldyzlar Älemiň iňňän kiçi bir parçasydyr. Olar biziň Galaktikamyzyň ýyldyzlary bolup, Akmaýanyň ýoly galaktikasyny emele getirýärler. Bize görünýän ýyldyzlar, şeýle seredilende, hereket etmeýän ýalydyr. Emma baryp XVIII asyrda Ýaldyrak (Sirius) ýyldyzyna onlarça ýylyň dowamynda edilen gözegçilikler esasynda onuň hereket

Älemiň gurluşy Giňişleýin oka »

Galaktikalar. Metagalaktika

Galaktikalar. Aýsyz açyk gijelerde şäher yşygyndan uzakda gözegçilik edilende, asman gümmezinde seçelenen merjen däneleri ýaly bolup görünýän dürli reňkli, ululy-kiçili ýyldyzlar we ummasyz köp göze görünmeýän ýyldyzlar belli bir agyrlyk merkeziniň töwereginde aýlanyp, Galaktika diýlen ýyldyz üýşmeleňini düzýärler. Galaktikalaryň spiral, ellips, töwerek we belli bir şekilde bolmadyk görnüşleri bardyr. Galaktikalaryň sany juda köpdür. Ýakyndaky Galaktikalaryň

Galaktikalar. Metagalaktika Giňişleýin oka »

Ýyldyz toplumlary

Asman gümmezinde özara dartyşma bilen ýa-da hereket ugurlajy boýunça belli kanunalaýyklykda hereket edýän ýyldyz üýşmeleňlerine, ýagny kiçijik toplumlara gözegçilik etmek bolýar. Olary teleskopsyz hem görüp bolýar. Şeýle ýyldyz üýşmeleňlerine Ülker we Giaidler mysal bolup biler. Ülker Öküzçe ýyldyz toplumynda ýerleşýän çaklaňrak ýyldyzlar toparydyr. Ülkeriň tutýan meýdany Aýyň üstüniň meýdanyndan sähelçe uludyr. Emma Giaidleriň meýdany Ülkeriň

Ýyldyz toplumlary Giňişleýin oka »

Akmaýanyň ýoly biziň Galaktikamyz

Älemiň guriuşy we ösüş ýollary. Biziň töweregimizi gurşap alan ähli ýyldyzlaryň we beýleki göze görünýän, görünmeýän asman jisimleriniň tutýan çägine Älem diýilýär. Älem barada alnan maglumatlaryň biçak köpdügine garamazdan, henize çenli onuň gurluşy, düzümi we ululygy barada belli bir düşünje ýok. Sebäbi maglumatlaryň artmagy diňe adamzadyň Älem baradaky gözýetimini giňeltmän, eýsem täze çözülmegi wajyp soraglaryň

Akmaýanyň ýoly biziň Galaktikamyz Giňişleýin oka »

Adaty däl ýyldyzlar

Görünýän ýyldyzlar biri-birinden diňe ýagtylyk saçyşlary, temperaturalary, ululyklary we reňkleri boýunça tapawutlanyp, fiziki taýdan beýle bir tapawutlanmaýan adaty ýyldyzlardyr. Adaty ýyldyzlar bilen bir hatarda göze görünmeýän ýönekeý, emma fiziki häsiýetleri boýunça has tapawutlanýan ýyldyzlar hem bar. Olara has täze, neýtron ýyldyzlary, kwazarlar, pulsarlar, “Gara girdaplar” we başga-da birnäçe ýyldyzlar degişlidir. Has täze ýyldyzlar garaşylmadyk ýagdaýda

Adaty däl ýyldyzlar Giňişleýin oka »

Ýyldyzlaryň içki gurluşy we energiýa çeşmeleri

Älemde iň köp ýaýran jisimler ýyldyzlardyr. Ýyldyzlaryň maddasyna ýyldyz plazmasy diýilýär. Ýyldyz plazmasy ýokary temperaturaly we tiz hereket edýän elektronlaryň çakyşmagy sebäpli döreýän güýçli ionlaşan elektronlaryň we protonlaryň mukdary deňräk bolan neýtral maddadyr. Daşky elektrik we magnit meýdanlarynyň plazma bolan täsiri astynda dürli tolkunly elektromagnit we mehaniki yrgyldylar döreýär. Älemiň 98 % massasy ýyldyz plazmasyndan

Ýyldyzlaryň içki gurluşy we energiýa çeşmeleri Giňişleýin oka »

Goşa ýyldyzlar

1782-nji ýylda iňlis astronomiýa janköýeri Gudraýk Perseý ýyldyzlar toparynyň ýagty ýyldyzlarynyň biri bolan Algolyň goşa ýyldyzdygyny hiç bir gural ulanmazdan açyp, onuň ýagtylygynyň üýtgemeginiň sebäbine düşündiriş beripdir. Perseýiň Algol ýyldyzynyň ýagtylygy 2 gün 11 sagadyň dowamynda bir derejede durýar, soňra 5 sagadyň dowamynda ýagtylygy 2,3-den 3,5 ýyldyz ululygyna çenli peselýär we soňra ýene-de öňki ýagdaýyna

Goşa ýyldyzlar Giňişleýin oka »

Scroll to Top