Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň terjimehaly

Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy.  Milleti – türkmen  . 1987 — 1997-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 43-nji orta mekdepde okady. 1997 — 2001-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okady we ony inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady. 2001-nji ýylyň iýul — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar […]

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň terjimehaly Giňişleýin oka »

Gadymy ölçeg birlikleri

(Baýramdurdy Berdiýewiň makalasy esasynda) Türkmen halky geçmişde öz milli ölçeg birliklerini ulanypdyr. Häzirki ulanylýan kilometr, metr, santimetr ýaly uzynlyk ölçeglerinden öň olara derek adamyň synalarynyň, barmaklarynyň, eliniň, aýagynyň we şuna meňzeşleriň uzynlyklary ulanylypdyr. Ol ölçeg birlikleriniň atlary çeper edebiýatda, şeýle-de oba ýerlerinde ýaşuly adamlar tarapyndan häzir hem ulanylýar. Uzynlyk ölçeg birlikleri. Çeper edebiýatda we durmuşda

Gadymy ölçeg birlikleri Giňişleýin oka »

Deri aýakgaplarymyz

Häzirki döwürde halkymyzyň medeni mirasynyň bir parçasy hökmünde milli senetçilik sungatymyzdan mynasyp orun alan gadymy aýakgaplarymyzyň käbiri barada gürrüň etmek ýerlikli bolsa gerek. Çokaý — türkmenleriň ir döwürden bäri geýip gelýän aýakgaplarynyň biri bolmak bilen, hünärmen ussalar tarapyndan tikilipdir. Erkek adamlar üçin niýetlenen çokaý daýhanlardyr maldarlar üçin has-da islegli bolupdyr. Ol gurak sowukda ýüňden dokalan

Deri aýakgaplarymyz Giňişleýin oka »

“Ylham” seýilgähindäki şahsyýetler we olary döredijiler

Abdyrahym han – (heýkeltaraş Saragt Babaýew), Abu Nasyr Faraby – (heýkeltaraş Agameret Garaýew), Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruny – (heýkeltaraş Saragt Babaýew), Abubekr ibn Muhammet as-Suly – (heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew), Ahmet as-Sarahsy – (heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew), Annagylyç Mätäji – (heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew), Baýram han – (heýkeltaraş Saragt Babaýew), Döwletmämmet Azady – (heýkeltaraş Babasary Annamyradow),

“Ylham” seýilgähindäki şahsyýetler we olary döredijiler Giňişleýin oka »

6-njy oktýabr – Aşgabat ýer titremesiniň şehitlerini ýatlama güni

6-njy oktýabr – Türkmenistanda 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýer titremesiniň şehitlerini ýatlama güni. Taryhymyzdaky bu gynançly wakadan bäri 70 ýyldan gowrak geçdi. Bu baradaky ýatlama türkmenistanlylaryň her biriniň ýüreginde häzire çenli hem agyr yzalygyna galýar. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gijede 1 sagat 12 minutda güýçli ýer titremesi göz açyp-ýumasy salymda şäheri

6-njy oktýabr – Aşgabat ýer titremesiniň şehitlerini ýatlama güni Giňişleýin oka »

Türkmenistanda diplomy ykrar edilýän Hytaý döwletiniň uniwersitetleriniň sanawy

«Ata Watan Türkmenistan» saýty  we “The Times Higher Education World University Rankings” halkara guramasynyň resmi internet sahypasyndan alynan maglumatlara laýyklykda daşary ýurt bilim edaralarynyň öňdeligini düzýän okuw mekdepleriniň 2019-njy ýyldaky sanawy boýunça Hytaý Halk Respublikasyndan sanawa giren ýokary okuw jaýynyň sanawyny size ýetirýäris. Eger ynsanperwerlik ugrundan bilim almak isleýän bolsaňyz, onda, Türkmenistanyň täze kanunçylygyna laýyklykda

Türkmenistanda diplomy ykrar edilýän Hytaý döwletiniň uniwersitetleriniň sanawy Giňişleýin oka »

Demirýol gatnawlarynyň peteklerini online alyp bilersiňiz  

“Türkmendemirýollary” agentligi ýolagçylar üçin online bilet hyzmatyny ýola goýdy. Ýolagçylar öz akylly telefonlaryna gurnalan “Türkmendemirýollary” agentligi  programmasynyň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek isleýän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Biletleriň tölegini “Altyn Asyr” töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulan. Ähli biletler telefonlaryňyzda “Türkmendemirýollary”

Demirýol gatnawlarynyň peteklerini online alyp bilersiňiz   Giňişleýin oka »

“Türkmenhowaýollary”

“Türkmenhowaýollary” Türkmenistanyň esasy we ýeke-täk awiakompaniýasy bolup, merkezi Aşgabatda ýerleşýär. Ol häzirki wagtda ýerli we halkara gatnawlary, şeýle hem ýük (cargo) daşama hyzmatlaryny amala aşyrýar. 1992-nji ýylyň 4-nji maýynda “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň düýbi tutuldy we şol ýylda öňki SSSR ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup Boeing 737-300 kysymly uçary satyn alan awiakompaniýa hökmünde taryha girdi. “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň taryhynda

“Türkmenhowaýollary” Giňişleýin oka »

Scroll to Top