Biz barada

SIZI SAÝTYMYZDA HOŞ GÖRDÜK!

Saýtyň döredilmeginiň maksady

Saýtymyz esasan ylym-bilim bilen baglanyşykly bolup, onda mugallymlar, talyplar hem-de okuwçylar üçin peýdaly we gyzykly ýazgylar, audio we wideo materiallar, dürli görnüşli kitaplar we gollanmalar, kompýuter programmalary we beýlekiler paýlaşylýar. Maksadymyz – ylym-bilimimizi kämilleşdirmek we ýurdumyzda ylym-bilim ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere goşandymyzy goşmak.

Saýtda nähili mümkinçilikler bar?

  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanyp hödürlenen okuw kitaplary we olardaky temalardan peýdalanmak;
  • dürli bilim edaralarynda okadylýan dersler bilen baglanyşykly goşmaça, gyzykly we peýdaly ýazgylary okamak;
  • okuw prosesinde ýüze çykýan, şeýle hem mugallymlary, okuwçylary we talyplary gyzyklandyrýan meseleler dogrusynda pikir alyşmak;
  • çeper we beýleki kitaplar, gollanmalar, oýunlar, gönükmeler, görkezme esbaplar, audio we wideo ýazgylary almak;
  • okuw dersleri boýunça test görnüşindäki 10 soragly synag tabşyryp, öz bilim derejäňizi barlamak;
  • saýta işjeň gatnaşmak arkaly, ýagny onda ylym-bilim derejämizi kämilleşdirmäge ýardam berjek ýazgylaryňyzy, terjimeleriňizi, maslahatlaryňyzy we tejribeleriňizi paýlaşyp, çykarylýan ýazgylara teswir ýazmak we günde saýtymyza girmek bilen bal we dereje gazanmak;
  • kompýuterde gurnamak üçin peýdaly programmalar hem-de yzygiderli NOD32 antiwirus programmasynyň iň soňky bazasyny ýükläp almak;
  • we şulara meňzeş mümkinçilikler ýörite siziň üçin taýýarlanar.

Saýty ulanmagyň düzgünleri

  • Saýtyň çäginde jemgyýetçilik ahlak kadalaryny saklamaly. Olar ýazýan teswirlerimizde we belliklerimizde, şeýle hem özara gürrüňlerimizde we hatlarymyzda biziň ýörelgämiz bolmalydyr. Hiç hili äsgermezçilige we paýyş sözleriň aýdylmagyna ýol bermeli däl. Saýtda syýasy we dini, ylaýta-da adam bedenine we ruhy sagdynlygyna zyýan ýetirýän islendik zat gadagandyr.

Saýta agza bolman ulanyp bolýarmy?

  • Hawa.
  • Emma teswir ýazyp, synag tabşyryp, ýaryşa gatnaşyp, ýazgy paýlaşyp bilmek üçin siz hökmany suratda saýtymyza agza bolmaly we şahsy hasabyňyzy döretmeli bolarsyňyz.

 

Biziň bilen

ylymly.com@gmail.com

salgymyza hat ýazmak arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

 

Saýt göwnüňizden turar diýen umyt bilen…

Administrasiýa

Scroll to Top