Iýgi-Içgi

Tut agajy

Tut agajy — tutlar maşgalasyna degişli ösümlik bolup, beýikligi 10-15 metre ýetýän, ýaprak dökýän, ýasy, seteran ýaprakly agaçdyr. Tut miwesi — çylşyrymly, şireli, 2-3 santimetr uzynlykda bolan, ak we gyzyldan goýy benewşe reňkine çenli dürli reňkli miwedir. Käbir görnüşleriniň süýji tagamy we ýakymly ysy bolýar. Bu agaç 200 ýyla çenli, käteler  500 ýyla çenli ýaşaýar. […]

Tut agajy Giňişleýin oka »

Hümüs

Hümüs — saglyga örän peýdaly bolan datly müsür tagamy. Nohut — hümüsi taýýarlamaga gerek bolan esasy önüm, B-witaminlerine we beloga baý çeşme. Hümüs kletçatka baý we gowy doýurýar. Ol immun sistemasyny stimulirleşdirýär we içegäni arassalamak ukybyna eýedir. Mundan başga-da, ony taýýarlamak örän aňsat we ýönekeý. Beloga baý çeşme hökmünde, ol aç bolmazlyga kömek edýär, oňat

Hümüs Giňişleýin oka »

Kofe barada

Ir bilen kofe içmek adamyň şähdini açýar, göwnüni göterýär. Häzire çenli geçirilen birnäçe ylmy barlaglar kofeniň adam saglygyna peýdalydygyny ýüze çykardy. Wengriýanyň Zemmelwaýs uniwersitetiniň hem-de Londonyň Şa zenany Mariýa uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlagynda kofeniň gan basyşyny artdyrmaýandygy, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýandygy ýüze çykaryldy. Ylmy barlagyň awtordaşy Steffen Petersen az mukdarda yzygiderli kofe içmegiň zyýanly däl,

Kofe barada Giňişleýin oka »

Kelemiň peýdalary

Kelem güýz aýlary ýetişýän, witaminlere baý gök önümleriň biridir. Onuň düzümindäki askorbin kislotasy limondakydan ýa-da mandarindäkiden hem köpdür. Kelemiň düzüminde A, C we K witaminleri köp bolany üçin, ol immunitetimizi güýçlendirýär. Eger-de adam her gün kelem iýse, onda infarktyň we insultyň (beýnä gan inmegi) ýüze çykmak howpy görnetin peselýär. Kelemiň görnüşleriniň iň peýdalysy ak kelemdir. Ondan soň

Kelemiň peýdalary Giňişleýin oka »

Ýertudana we onuň peýdalary

‘Ýertudana ýaz paslynda ilkinji ýetişýän miweleriň biri bolup, onuň özboluşly tagamy bar. Megerem onuň datly tagamyndan hiç kim ýüz öwrüp bilýän däl bolsa gerek. Ýertudanadan mürepbe we dürli şerbetler taýýarlanýar. Köpýyllyk ösümlik bolan ýertudana 4-5 ýyl hasyl berýär we ony tohumyndan ýa-da «murtjagazlaryndan» köpeldip bolýar. Ýertudana C witaminine we dürli minerallara baýdyr. Onuň düzüminde marganes,

Ýertudana we onuň peýdalary Giňişleýin oka »

Suw (esse)

Siz ony diýýä­ňiz, dogry aýdýa­ňyz! Duz mukaddesdir. Tagama tagam goşýan mukaddeslikdir, ýöne onuň suwdan alynýanlygy, duzuň duz ýaly bolmagy üçin onuň ýene köplenç, suwa ýanalýanlygy, suwuň ýaşaýyşdygy, dirilikdigi hakdaky pikiriň baýdagy pikirdigini, umumadamzat ykrarly pikirdigini tassyklaýar. Suw! Süýji suw! Ajy suw! Tagamy boýunça ikä bölünen suwuň çesmesi, gözbaşy babatda atlandyrylyşy dürli-dürlüdir. De­ňiz, derýa, çeşme, köl,

Suw (esse) Giňişleýin oka »

Unaş

Türkmen halkynyň milli tagamlarynyň arasynda unaş datly tagamy we saglyga peýdalylygy bilen aýratyn orny eýeleýär. Örän irki döwürlerden bäri türkmen saçagynyň tagamlarynyň biri hasaplanýan unaş, ilkinji nobatda, dümewiň dermany hökmünde ulanylypdyr. Ata-babalarymyz burçluja unaşyň syrkawlanyňda içip, derläp ýatsaň, derde dermandygyny bilipdirler. Halk arasyndaky nakyllardyr atalar sözünde “Unaş — uzuňky…”, “Bäri bakan hassany jüýjeli unaş düzeder”

Unaş Giňişleýin oka »

Kofäniň haýsy görnüşi has peýdaly?

Kofe ýat ýetmezçilik keseli bolan Alsgeýmer keselinden goranmaga ýardam berýär. Ol artykmaç aşa semizlikden goranmaga kömek edýär we süýji keseli howpuny peseldýär. Espressomy, kopuçino, robustomy, arabikamy ýa-da amerikanomy? Kofäniň haýsy görnüşi saglyga has peýdaly? Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä kofäniň has peýdalysy süzgüç-kofedigi anyklandy. Süzgüç-kofe kagyz süzgüjiniň, hususan-da proweriň we kemeksiň ulanylmagy bilen taýýarlanylýar. Içginiň bu

Kofäniň haýsy görnüşi has peýdaly? Giňişleýin oka »

Limonyň peýdalary

Limon miwesiniň düzümi ýokumly maddalara baýdyr. Onda S witamini, şeýle hem R we W witaminleri, fosforyň, kaliniň, kalsiniň duzlary bar. Ter limon efir ýagyny, limon suwuny, limon kislotasyny almak üçin hem ulanylýar. Limon miwesi kesel bejermekde hem ulanylýar. Limon kislotasy azyk senagatynda, lukmançylykda, fotografiýada we boýag işlerinde-de peýdalanylýar. Limonyň şiresinde, gabygynda pektin maddasynyň mukdary köp.

Limonyň peýdalary Giňişleýin oka »

Naryň peýdasy

Naryň düzüminde aminokislotalaryň 15 görnüşi bar. Şeýle-de ol C,A,B,PP witaminlerine we kaliýe baýlygy bilen tapawutlanýar. *** Naryň, adamyň ganynynyň düzümindäki gemoglobiniň mukdaryny artdyrmakda peýdasy köpdür. Haçan-da ganazlyk keseli howp salsa, nar iýmek maslahat berilýär. *** Naryň düzüminde alma we limon kislotalary hem bardyr. Şoňa görä-de aşgazan keseli bilen kesellän adamlara iýmek maslahat berilmeýär. *** Nardan

Naryň peýdasy Giňişleýin oka »

Scroll to Top