Biologiýa

Duýuş synalary we olaryň ähmiýeti

Daşky gurşawyň duýulyşy. Adama hemişe içki we daşky gyjyndyryjylaryň üznüksiz akymy we organizmiň içindäki we daşyndaky hadysalar barada köpdürli maglumat (informasiýa) täsir edýär. Bu maglumaty (informasiýany) kabul etmek we daş-töwerekdäki köp sanly bolup geçýän hadysalary dogry kabul etmäge we jogap bermäge adama duýuş synalary: göz, gulak, dil tagam duýujy organ hökmünde, burun ys alyş synasy […]

Duýuş synalary we olaryň ähmiýeti Giňişleýin oka »

Bedeniň refleks täsirleşmesi üçin oýanyşyň we päsgellenmäniň ähmiýeti.

Janly bedenleriň hereketleri oýanyşyň döremeginden emele gelen myşsa ýygrylmagynyň netijesinde bolup geçýärler. Oýanyş myşsalara merkezden daşlaşýan (hereketlendiriji) nerwler boýunça kelle beýnisinden we oňurga ýiliginden gelýär. Hereketiň güýji we çylşyrymlylygy, onuň gerimi we dowamlylygy nerw ulgamynyň işjeňligine baglydyr. Mysal üçin, tüýkülik mäzlerinden tüýküligiň bölünip çykmagyny merkezi nerw ulgamyndan gelýän oýanyş döredýär. Şol oýanyşyň täsiri netijesinde dürli

Bedeniň refleks täsirleşmesi üçin oýanyşyň we päsgellenmäniň ähmiýeti. Giňişleýin oka »

Refleks we reflektor ýaýy (dugasy)

Daşky gurşawyň dürli gyjyndyrmalaryna merkezi nerw ulgamynyň gatnaşmagynda bedeniň jogap bermek häsiýetine refleks (pitewa) diýilýär. Nerw ulgamynda duýujy reseptorlarynda başlanan oýanyşyň we bedeniň jogap täsirleşmesiniň geçýän ýoluna reflektor ýaýy diýilýär. Reflektor ýaýy reseptorlardan, olardan gaýdýan duýujy (merkeze ymtylýan) nerwlerden merkezi nerw ulgamynyň belli bir böleginden (goşmaça nerw öýjüklerden), ýerine ýetiriji (merkezden daşlaşýan) nerwlerden we işjeň

Refleks we reflektor ýaýy (dugasy) Giňişleýin oka »

Wegetatiw nerw ulgamy. Gurluşyň aýratynlygy

Çetki nerw ulgamynyň esasy bölegi, nerw oýanyşlary skelet myşsalaryna geçirip, olaryň ýygrylmagyny döredýär. Olaryň kömegi bilen dürli gyjyndyryjylara jogap edip, bedeniň täsirleşmesi amala aşyrylýar. Oňurga ýilik refleksleri şunuň ýalydyr. Emma bedende başga häsiýetli refleksler hem, mysal üçin, tüýkülik bölüp çykaryş refleksi ýüregiň we dürli mäzleriň işleriniň nerw sazlanyşygy, deriň bölünip çykmagy, gan damarlarynyň giňelip-daralmagy we

Wegetatiw nerw ulgamy. Gurluşyň aýratynlygy Giňişleýin oka »

Kelle beýnisiniň uly ýarym şarlarynyň gurluşy  

Uly ýarym şarlaryň gurluşy. Adam beýnisiniň esasy bölegini öňdäki beýniniň ýarym şarlary emele getirýärler. Olar beýniniň beýleki bölümleriniň hemmesiniň üstüne abanyp durýar. Bu beýniniň agramy ortaça 1350-1400 g-a ýetýär. Ýarym şarlaryň üsti çal madda bilen örtülen, ol ýarym şarlaryň gabygyny düzýär. Ýarym şarlaryň gabygy köp sanly gasynlary, joýajyklary we egrem-bugramlyklary emele getirýär. Gasyn-gasynly gurluş gabygyň

Kelle beýnisiniň uly ýarym şarlarynyň gurluşy   Giňişleýin oka »

Kelle beýnisiniň gurluşy we ýerine ýetirýän işi

Kelle beýnisi kelleçanagynyň içindäki boşlukda ýerleşýär. Ol, esasan, üç bölümden, ýagny sütünden, beýnijikden we öňdäki beýniniň uly ýarym şaryndan durýar. Sütün bölümi. Kelle beýnisiniň sütün bölümi süýri beýniden, köprüden, ortaky we aralyk beýnilerden durýar. Süýri beýni oňurga ýiliginiň göni dowamydyr. Onuň görnüşi oňurga ýiligine meňzeşdir. Onuň öňki we yzky üstlerinde edil oňurga ýiliginiňki ýaly oňat

Kelle beýnisiniň gurluşy we ýerine ýetirýän işi Giňişleýin oka »

Oňurga ýiligi we onuň ýerine ýetirýän işleri

Oňurga ýiliginiň gurluşy. Oňurga ýiligi merkezi nerw ulgamynyň iň irki emele gelen bölümidir. Onuň silindr şekilli görnüşi bolup, uzynlygy 42-45 sm, diametri 1 sm töweregidir. Oňurga ýiligi oňurgalygyň süňk ýodasynda ýerleşýär. Ol kelleçanagyň ýeňse deşiginiň aşagragyndan başlanyp, süýri beýniniň gös-göni dowamydyr. Ol 1-2-nji bil oňurga süňkleriniň deňine çenli ýetýär. Ol ýerden türre süňküne çenli onuň

Oňurga ýiligi we onuň ýerine ýetirýän işleri Giňişleýin oka »

Nerw ulgamy we onuň ähmiýeti

Nerw ulgamynyň ähmiýeti. Adamyň nerw ulgamy ýokary derejeli ösüşe eýedir. Bedeniň hemme wezipeleri nerw ulgamynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýär, nerw ulgamynyň işine bagly bolmadyk ýekeje-de ýaşaýyş wezipesi ýokdur. Nerw ulgamy synalaryň işini ugrukdyrýar, synalar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar. Şeýlelikde, bütin bedeniň birligi üpjün edilýär. Mysal üçin, ylgalanda aýagyň myşsalarynyň güýçli işlemegi bilen şol myşsalarda madda çalşygy güýçlenýär,

Nerw ulgamy we onuň ähmiýeti Giňişleýin oka »

Galkan görnüşli mäz, mäzleriň «soltany» (gipofiz), epifiz we timus mäzleri

Galkan görnüşli mäz. Içki sekresiýa mäzleriniň bu görnüşi boýnuň öň tarapynda ýerleşýär. Ol bokurdagyň öň tarapky diwaryny – galkan görnüşli kekirdewügini emele getirýän uly kekirdewügiň üstünde ýerleşýär. Onuň ady hem şondan gelip çykandyr. Galkan görnüşli mäziň örän köpsanly kiçijik örtüji dokumalardan emele gelen gabarçaklardan ybaratdygy ulaldyjy abzal astynda görünýär. Bu gabarçaklary has inçe gan damarlary

Galkan görnüşli mäz, mäzleriň «soltany» (gipofiz), epifiz we timus mäzleri Giňişleýin oka »

Suwuň peýdasy hakynda

Arassa suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Suw iýmitiň özleşmegine ýardam berýär. Suw aşgazan ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişlere gatnaşýar. Şonuň ýaly-da, bedeniň gyzgynlygyna hem täsir edýär. *** Durmuşda suw içmegi endik etmek zerurdyr. Iň esasy bolsa, käte biz ajygan mahalymyzda hem, suw içmegi ýola goýmaly. Bu agşamlyk naharyny agyr iýmekden halas edýär. Sebäbi

Suwuň peýdasy hakynda Giňişleýin oka »

Scroll to Top