Taryhda yz goýan zenanlar

Türkan hatyn. Bu zenan Horezmiň (Küneürgenç) üç hökümdarynyň ýakyn garyndaşydyr: Horezmşa Tekeşiň aýaly, Horezmşa, Muhammediň ejesi,  Horezmşa Jelaleddiniň enesidir. Türkan hatyn Horezmşalaryň syýasatyna öz ýaşan döwri uly täsirini ýetiripdir. Ol akylly hem öz gadryny bilýän zenan hökmünde tanalýar. Arz bilen ýüz tutulanda, adalatlylyk bilen çözüpdir we ezileniň tarapynda bolupdyr. Türkan hatyn barada çepere edebiýatda we ylmy çeşmelerde gyzykly maglumatlar berilýär.

Margeret Tetçer. Çydamly, mert hem-de gaýratly bolandygy sebäpli, “Demir zenan” adyny alan taryhy şahysdyr. Margeret Tetçer – Beýik Britaniýanyň ilkinji zenan premýer-ministri. Onuň ýurt başyna geçen döwri syýasy kynçylyklara gabat gelýär.

Žanna d’Ark. Gahryman zenan ýüz ýyllyk uruşdan segsen ýyl geçen soň dogulýar. 17 ýaşynda iňlisleriň elindäki Fransiýa degişli bolan Orlean şäherini yzyna gaýtaryp almak üçin Orleany gabaýan fransuz goşunynyň hataryna goşulýar. Gabaw tamamlanandan soňra, Žanna dini şahsyýet hökmünde fransuzlaryň hüjümine ýolbaşçylyk edipdir we ýeňiş gazanmaklaryna ýardam beripdir. Ahyrsoňunda burgundlar tarapyndan tutulyp, iňlislere berlipdir. 1431-nji ýylda dinden dönen hökmünde jezalandyrylypdyr. 1909-njy ýylda bolsa karamatly şahsyýetleriň sanawyna girizilipdir.

Ýekaterina Mediçi. Şa zenan, Fransiýanyň üç şasynyň ejesi. Mediçi öz döwründe ýurduň syýasatynda täsirli orun eýeleýär. Ýurtda dowam edýän raýatlyk urşy we dini garaýyşlaryň çekişmesi ony aýgytly hereket etmäge mejbur edipdir. Ol halkyň aňynda maksadyna okgunly zenan hem nakgaşlaryň howandary hökmünde galypdyr.

Elanora Ruzwelt. ABŞ-nyň 1933-1945-nji ýyllar aralygynda Prezidenti bolan Franklin Ruzweltiň ýanýoldaşy. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginde ýokary işjeňlik görkezýär. BMG-niň adam hukulary baradaky jarnamasynyň işlenip düzülmegine kömek edipdir.

Indira Gandi. Hindistanyň taryhyndaky ýeke-täk zenan döwlet baştutany. Gandi ýurda 16 ýyla ýakyn ýolbaşçylyk etdi. Ýurda ýolbaşçylyk eden döwründe döwletiň geljekki döwürdäki ösüşiniň tarapdarlaryny kesgitlän taslamalary taýýarlady. Bangladeş döwletini döretdi.

Taýýarlan: Ogulgurban Arslanowa

Teswir ýaz

Scroll to Top