Sosiologiýa

Aristotel (b.e.öň 384-322)

Gadymy grek akyldary we alymy. Aristotel Stagirde doglupdyr. Afinyda Platonyň akademiýasynda 20 ýyl okandan soň şol ýerde öz mekdebini – Likeýi esaslandyrypdyr. Onuň garaýyşlary “Metafizika”, “Fizika”, “Organon”, “Syýasat”, “Etika” diýen eserlerinde beýan edilipdir. Aristoteliň filosofik garaýyşlary Platonyň idealizmine garşy alnyp barlan göreşde kemala gelipdir. Ol Platonyň «ideýalar» hakyndaky taglymatyny düýpli tankytlaýar. Aristotel düýp mazmunyň hut zatlaryň özeni bolup durýandygyny, şoňa görä […]

Aristotel (b.e.öň 384-322) Giňişleýin oka »

Adamyň barlygy we onuň görnüşleri

Adam we onuň tebigaty. Adamyň kimligi baradaky sowal ir döwürlerden bäri adamlary gyzyklandyryp gelen meseleleriň biri bolup, geçmiş akyldarlary tarapyndan dürli döwürlerde bu sowala degişli dürli jogaplar berlipdir. Mysal üçin, gadymy grek akyldary Platon bu sowala: «Adam – bu endamynda ýelekleri bolmadyk iki aýakly haýwandyr» diýip jogap beripdir. Platondan iki müň ýyl soň ýaşap geçen

Adamyň barlygy we onuň görnüşleri Giňişleýin oka »

Adamyň gelip çykyşy baradaky taglymatlar

Adam kim? Ol nähili gelip çykypdyr? Ol beýleki jandarlardan nähili tapawutlanýar? Bu soraglar gadymyýetden biziň şu günlerimize çenli jedelli meseleleriň hatarynda galyp gelýän meselelerdir. Mysal üçin, adamyň gelip çykyşy baradaky mesele dogrusyndaky dürli garaýyşlary azyndan üç topara, ýagny dini, ufologik we ylmy görnüşli garaýyşlara bölmek mümkin. Ilki bilen bu mesele dogrusynda dürli-dürli dini garaýyşlaryň döränligini bellemek

Adamyň gelip çykyşy baradaky taglymatlar Giňişleýin oka »

Jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşiniň köpdürlüligi

Jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşi. Jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşiniň ugurlary we mümkinçilikleri. Progres we regres. Adamzat jemgyýeti elmydama ösüşde. Ýöne jemgyýetçilik ösüşiniň depgini elmydama birsydyrgyn bolmaýar. Köplenç halatda, ösüş ewolýusion* ** häsiýetde, ýagny kem-kemleýin, tapgyrma-tapgyr görnüşde bolup geçýär. Emma käbir taryhy şertlerde welin, ösüş rewolýusion * häsiýete hem eýe bolup bilýär. Rewolýusion ösüş diýlip jemgyýetçilik durmuşynda gaty gysga döwür aralygynda bolup geçýän

Jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşiniň köpdürlüligi Giňişleýin oka »

Häzirki zaman dünýäsiniň ösüş aýratynlyklary we gapma-garşylygy

Adamzadyň XXI asyrdaky global meseleleri çözmeginiň ýollary. Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň sany eýýäm 7 milliarddan hem geçdi. Dünýäde häzir ululy-kiçili halklaryň 5 müňden gowragy bar. Döwletleriň sany 200 gowurak. Emma hemme ýurtlaryň ykdysady derejesi, syýasy gurluşy, ylmynyň, biliminiň we medeniýetleriniň ösüşi deň däl. Halklar hem öz dilleri, milli medeniýetleri, däpleridir dessurlary, dini garaýyşlary, tenleriniň reňki, geýnişleri

Häzirki zaman dünýäsiniň ösüş aýratynlyklary we gapma-garşylygy Giňişleýin oka »

Dünýäniň ýedi täsinligi

Çiçen Itza piramidasy. Bu piramida Meksikanyň Ýukatan ýarymadasynda ýerleşýär. Ol Maýa halky tarapyndan gurlupdyr. Halasgär Isanyň heýkeli. Ol Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherindäki Korkawado dagynyň üstünde ýerleşýär. Beýik Hytaý diwary. Diwar Hytaý halk respublikasynda ýerleşýär. Maçu-Pikçu. Ol basgançak şekilinde gurlan öýlerden ybarat bolan daşdan şäherdir. Bu şäher Peru döwletiniň Kusko şäheriniň golaýynda And daglarynyň beýiklikleriniň birinde (2360 metr) Urbamba

Dünýäniň ýedi täsinligi Giňişleýin oka »

Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyryjy kadalar

Hukuk kadalary. Ahlak ýörelgeleri. Jemgyýetçilik durmuşyndaky her bir iş hereketi adamlaryň öz şahsy islegine görä däl-de, jemgyýet tarapyndan döredilen kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şol kadalara we düzgünlere laýyk gelmeýän hereketler jemgyýet tarapyndan ýazgarylýar. Ählumumy kabul edilen kadalaryň içinde olary bozanlara temmi berilýänleri-de, hatda jezalandyrylýanlary-da bar. Ilki şeýle kadalar ol ýa-da beýleki bir hereketlere degişli gadaganlyklar

Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyryjy kadalar Giňişleýin oka »

Filosofik pikirlenme

Filosofik pikirlenme belli bir derejede ylmy akyl ýetirişden tapawutlanýar. «Filosofiýa» düşünjesi grekçe «fileo» → «söýgi» we «sofia» → «paýhas» sözlerinden gelip çykyp, «paýhasa söýgi» diýen manyny berýär. Filosofiýanyň beýleki ylymlardan tapawudy onuň haýsy hem bolsa bir mesele bilen däl-de, adama, tebigata we jemgyýete degişli ähli meseleler bilen gyzyklanýanlygydyr. Filosofik akyl ýetiriş işiniň esasy maksady baky we gutarnykly hakykylyklara akyl

Filosofik pikirlenme Giňişleýin oka »

Scroll to Top