Psihologiýa

Tomsy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin maslahatlar

Näçe ýaşynda bolsa bolubersin, her bir okuwçy ýyl boýy tomsuň gelerine garaşýar. Onuň dynç alyş möwsümini isleýşi ýaly geçiresi gelýär. Sebäbi tomsuň üç aýy dynç almak we durmuşyňa täzelikler girizmek üçin tapylgysyz pursat. Dynç alyş möwsüminiň göwnejaý bolmagy çagalaryň kämilleşmegine juda oňyn täsir edýär. Elbetde, dynç alyş möwsüminde ata-eneler hem öz çagalarynyň wagtyny gowy geçirmegini […]

Tomsy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin maslahatlar Giňişleýin oka »

Okuwça nädip ruhy goldaw bermeli?

Adamy ruhlandyrsaň, asla başarmajak işleriniň hem hötdesinden gelip, kynçylyklary ýeňip geçip bilýär. *** Mugallymlar üstünlik gazanmaga çalyşýan okuwçylaryna hökman kömek etmelidir. Okadýan sapagyny aňsatlyk bilen öwrenip bolýandygyny görkezmelidir. Tema doly özleşdirilensoň, «Bu temany gowy öwreneniňiz üçin soňkularda kösenmersiňiz» ýaly sözler bilen wagtal-wagtal okuwçylaryň göwnüni götermeli we olary umytlandyryp, üstünlik gazanyp biljekdiklerine ynanmaklaryny gazanmaly. Emma, gynansak-da,

Okuwça nädip ruhy goldaw bermeli? Giňişleýin oka »

Çalt uklamagyň alty ýoly

Ýadawlyk, haýal pikirlenmek, ünsüňi jemläp bilmezlik ýaly birentek näsazlyk uky bilen baglanyşyklydyr. Biler bolsaňyz, birnäçe minutyň içinde aňsatlyk bilen uka gitmek mümkin. Ine, size uky meseläňizi bir-iki günde çözmäge kömek etjek alty sany ýol: a) 4/7/8 usulyny barlaň Ilki diliňizi kentlewügiňize degirmeli we tä usuly barlap bolýançaňyz ony şol ýerden aýyrmaly däl. Başda 4 sekuntlap

Çalt uklamagyň alty ýoly Giňişleýin oka »

Melekleriň pyşyrdysy — Rahmet Gylyjow

Ozalyýetinde durmuş şeýle gurnalan eken: nämä garaşsaň, nämäni gözleseň, nähili pikirlere hemra bolsaň, öňüňden şol çykýar. Bir maksady ýüregiňe düwüp, mümkin boldugyndan ugrunda yhlas etseň, ýüze çykýan sebäplere, pursatlara we mümkinçiliklere daýansaň, hökman arzuwyňa gowuşjakdygyň nygtalýar. Çünki dünýäni görmek islegindäki Zülkarneýn hem şeýle sebäplere ýapyşyp, yzyna eýerip, zeminiň iki künjüne ýetmegi başarypdyr. Arzuwlara çäklendirme girizmeli

Melekleriň pyşyrdysy — Rahmet Gylyjow Giňişleýin oka »

Adamy hatyndan tanamak mümkinmi?

Okuwçykak sapaklarynyň birinde türkmen dili we edebiýaty mugallymymyz öz tejribesi esasynda, ýagny biziň we has öňki okuwçylarynyň ýazan düzmelerini mysal getirip, hatyň üç görnüşi hakynda aýdypdy. Ýazuwyň birinji görnüşi ýazýana-da, okaýana-da düşnükliligi bilen tapawutlanýan owadandan nepis hat. Ikinjisinde hatyň düşnükliligi diňe ýazýanyň özi bilen çäklenýär. Üçünjüsi bolsa ne ýazýana, ne-de okaýana düşnükli. Hatyň görnüşlerini şeýle toparlara

Adamy hatyndan tanamak mümkinmi? Giňişleýin oka »

«Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor…» — Aşyr Sapar

Özüňi bagtly saý bir ajap pursat Sen begenip bilseň adaty zada… G. Ezizow Sözüme şeýleräk bir degişme bilen başlasym gelýär: Ähli zadyň gowy tarapyny görmegi başarýan adam basgançakdan ýykylypdyr. Turup üsti-başyny kakyşdyryp, «Bäh! Ýaman bahym düşdim-aý!» diýen bolýa diýýär… Ähli zadyň gowy tarapyny görüp bilýän adama «Optimist» diýilýär. Ýöne men şeýle adamlara optimist däl-de, bagtly

«Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor…» — Aşyr Sapar Giňişleýin oka »

Gerçeklik ýolunda amal edip boljak pikirler

Kim bolasyň geler? Gysgadan anyk we çuňňur manyly şu sowaly saňa-da, özüme-de beresim gelýär. “Eger-de şu durmuşy täzeden ýaşap bilýän bolsak, onda kim bolup ýaşamagy saýlardyňyz?”. Taryhda bar bolan ýa-da tanyşlaryňyzdan haýsy şahsyýetiň ykbalyny saýlap alardyňyz? Siziň saýlan adamyňyz kim? Näme üçin şony saýlardyňyz? Onuň haýsy häsiýetlerini, nähili endiklerini eý görýäňiz? Ýadyňda galan şahsyýetlerden birini

Gerçeklik ýolunda amal edip boljak pikirler Giňişleýin oka »

7 ýaşly çagalaryň ösüş aýratynlyklary

«Oňa düşünmäge çalşyň!” Entegem mekdebe çenli çagalyk döwrüniň aýratynlyklaryny dowam etdirýär. Duýgulary çalt-çaltdan üýtgäp durýar. Bilesigeliji we höwesjeňdir. Geçirimlidir. Pespäldir. Mekdep durmuşyna başdan geçirme gözi bilen garaýar. Takyk maglumatlary dowamly ýagdaýda akyl eleginden geçirip bilýär. Töweregindäki zatlar hem-de wakalar barada pikir ýöretmegi başarýar. Özüne gerek zatlaryň başga adamlar üçinem zerurdygyna düşünýär. Özüne mahsus gylyk-häsiýetleri aňşyryp

7 ýaşly çagalaryň ösüş aýratynlyklary Giňişleýin oka »

6 ýaşly çagalaryň ösüş aýratynlyklary

«Ony başaraýjak işlerine ugrukdyryň!» Ýalta bolýar, belli bir karara gelmekde kynçylyk çekýär. Dowamly pikirini üýtgedýär. Täzeden oňşuksyz bolup başlaýar. Deň-duşlary bilen gatnaşyklary güýçlenýär, maşgala gatnaşyklary gowşaýar. Özbaşdak oýnamakdan topar bolup oýnamagy has gowy görýär. Ýöne oýnuň düzgünlerini özi kesgitleýär. Özüni ejesine has ýakyn duýýar. Ähli zady öz gözegçiliginde saklamak isleýär. Elmydama birinji bolmak, öwülmek we

6 ýaşly çagalaryň ösüş aýratynlyklary Giňişleýin oka »

Bir günüň resepti

Gerekli önümler Bir çümmük «Ertiriňiz haýyrly bolsun!»; Bir çaý çemçe «Günüňi gowy geçirmäge isleg»; Birazajyk «Geçirimlilik»; Az-owlak «Mylakatlylyk»… Bellik: Hemme önümler arassa, täze bolmaly. Taýýarlanyşy: Ýokarkylary köňül tabagyňyzda gowy edip ýugruň; Akyl pejiňize salyp, doly bişýänçä – ysy üstüňize ornaýança saklaň; Içine duýgy şerbetini goşup, bir salym goýuň; Soňra ony durmuşyňyzyň üstünden az-azdan guýuň; Üstüni

Bir günüň resepti Giňişleýin oka »

Scroll to Top