Degişmeler

Şonuň üçin aglaýaryn

Ependini gaharlandyrmak üçin aýaly onuň öňünde gyzgyn çorba getirip goýupdyr. Ýöne aýaly ony unudyp, çorbadan özi owurtlapdyr. Agzy bişip, gözünden ýaş akypdyr. Ependi muny görüp: – Saňa näme boldy, näme beýle aglaýarsyň? – diýipdir. Aýaly: – Enem pahyr çorbany gowy görerdi. Enem ýadyma düşüp aglaýaryn – diýipdir. Ependi hem çorbadan bir çemçe owurtlapdyr. Onuň hem […]

Şonuň üçin aglaýaryn Giňişleýin oka »

Özümsiň öýtdüm

Günleriň birinde Ependiniň ýanyna bir adam gelipdir. Olar köp wagtlap lakgyldaşyp oturypdyrlar. Gelen myhman turup ugramakçy bolanda, Ependi oňa: – Aýyplaşmaň, myhman, men sizi tanamadym-la?! – diýip ýüzlenipdir. Onda ol adam: – Tanamaýan bolsaň, neneň edip ýat adam bilen beýle içgin gürrüň edip bilýäň? – diýipdir. Ependi oňa: – Selläňe seretsem, meniň selläm ýaly, geýimleriňe

Özümsiň öýtdüm Giňişleýin oka »

Aýagymy bir goýber ahyryn!..

Bir gün Ependiniň ogly derýanyň ýakasynda çörek iýip oturan eken. Birden elindäki bir döwüm çöregi suwa gaçypdyr. Ol suwa seredende, biriniň keşbini görüp, kakasyna: – Kaka, derýada bir oglan-a bar – diýipdir. Ependi suwa siňe seredip görse, suwuň içinde diňe bir oglan däl-de, bir garry adamam bar eken. Ependi oňa: – Garry, sen suwuň içinde

Aýagymy bir goýber ahyryn!.. Giňişleýin oka »

At näme üçin gülýär?

Günlerde bir gün soltan Ependi bilen awa gidipdir. Bir mahaldan soň dynç almak üçin oturanlarynda gülüşmek üçin, bildirmän Ependiniň atynyň ernini kesipdirler. Soňra Ependi ony aňypdyr-da, soltanyň atynyň guýrugyny kesipdir. Soňra olar atlanyp gidipdirler. Ependi soltanyň yzyndan atyny sürüpdir. Soltan Ependä garap: – Eý, Ependi, atyň näme üçin gülýär? – diýipdir welin, Ependi: – Soltanyň

At näme üçin gülýär? Giňişleýin oka »

Karz sorama!

Bir gün hiç haçan öz bergisini üzmäge jan etmeýän bir adam Ependiniň ýanyna gelip: – Ependi, senden bir haýyşym bar! – diýipdir. Ependi oňa: – Bir haýyşyňy däl-de, aýt, onusyny ýerine ýetireýin, ýöne menden karz zat soramasaň bolýar – diýip, karz soramaga geleniň agzyny açdyrmandyr.   Peýda Ependiniň garyndaşlaryndan biri mydama karz alyp, yzyna gaýtaryp

Karz sorama! Giňişleýin oka »

Ýuwubam gör…

Alty Garlyýewiň ýanynda aktýorlaryň biri aýagynyň porsaýanlygyny aýdyp: –  Meniň  muňa etmedik emim ýok Alty aga, hatda daşary ýurtlardan derman getirdibem çalýan – diýip zeýrenipdir. Alty aga: –  Inim sen aýagyňy günde bir gezek ýuwubam bir gör – diýip maslahat beripdir. Çeşme: “Artistleriň degişmeleri”, 1992ý

Ýuwubam gör… Giňişleýin oka »

Näme üçin?

Garry mama garagolja agtygyndan sorapdyr: – Amanjan, bu otluçöpleriň hiçisi ýananok-la… Näme üçinkä?! Amanjyk geň galypdyr: – Beh, ýaňyrak özüm ýeke-ýeke ýakyp gördüm. Hemmesi ýanyp durdy ahyryn…      

Näme üçin? Giňişleýin oka »

Sen bir tylla-da geçmezdiň…

Teýmirleň Akşähere gelende bir gün Ependä: – Gel, ikimiz bile hammama gidip ýuwunaly – diýipdir, Olar hammama giripdirler. Teýmirleňiň bilinde ýüz tyllalyk guşak bar eken. Hammama girip, sekiniň üstünde oturypdyrlar. Teýmirleň yzyna bakyp, Ependä: – Eger men hökümdar däl-de, gul bolup satylmaly bolsam, näçe tylla geçerdim? – diýip sorapdyr. Onda Ependi: – Ýüz tylla geçerdiň

Sen bir tylla-da geçmezdiň… Giňişleýin oka »

Üýrme

Kemine teatrynyň belli aktýory Alty Kulyýewiň bir aktrisa bilen sözleri azaşypdyr. Aktrisa Alty Kulyýewe: – Alty aga, it ýaly, üýrüp durmasana – diýipdir. Aradan birki hepde geçensoň, ýaňky aktrisa: – Alty aga, agşam haýsy oýun boljak? – diýip sorapdyr. Üýrme diýilmesini gaty gören Alty aga it bolup çyňsapdyr-da, gaýdyberipdir. Çeşme: «Artistleriň degişmeleri», 1992

Üýrme Giňişleýin oka »

Scroll to Top