Sosiologiýa

Watanyňy söýmek

Bilşimiz ýaly, ynsanda söýgi birnäçe görnüşde ýüze çykýar. Watana bolan söýgi megerem her bir ynsanyň ömründe onuň başyndan geçirýän iň mertebeli hem lezzetli duýgusy bolmaly. Watana söýgi ene hüwdüsi bilen çaganyň gursagyna guýulýar we ömrüniň dowamynda ol has-da bekeýär. «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, Watandan aýrylan ölinçä aglar» diýilýär. Zemin ýaşaýşynda ynsan üçin Watandan mährem […]

Watanyňy söýmek Giňişleýin oka »

Jemgyýet we adam baradaky ylymlar

Jemgyýet baradaky ylymlaryň sanynyň we ugurlarynyň köp sanlydygyny, ilkinji nobatda, jemgyýetiň iňňän çylşyrymlylygy bilen düşündirmek mümkin. Jemgyýet baradaky ylymlaryň toplumyna umumy görnüşde jemgyýetçilik ylymlary diýlip at berilýär. Bu ylymlaryň hataryna taryh, filosofiýa, sosiologiýa, politologiýa (syýasaty öwreniş), hukugy öwreniş, kulturologiýa (medeniýeti öwreniş), ykdysadyýet nazaryýeti, sosial psihologiýa, pedagogika, etika, estetika, demografiýa, etnologiýa, filologiýa. Şulara meňzeş birnäçe başga

Jemgyýet we adam baradaky ylymlar Giňişleýin oka »

Häzirki döwrüň ekologik meseleleri (dowamy)

Ekologik meseleler we olaryň sebäpleri. Ekologik deňagramlylygyň bozulmagynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýany. Howanyň üýtgemegi. Adamyň öz eli bilen, täzeden ­täze tehnologiýalary ulanyp, tebigata ýetiren täsiri daşky gurşawda döreden çözülmesi kyn meselelerine ekologik problemalar (meseleler) diýilýänligi barada biz ýokarda hem durup geçipdik. Ekologik meseleleriň iň esasylary howanyň, suw gorlarynyň we topragyň adamlaryň akyl ­paýhassyz we rejesiz

Häzirki döwrüň ekologik meseleleri (dowamy) Giňişleýin oka »

Häzirki döwrüň ekologik meseleleri

Geografik gurşaw. Jemgyýet bilen tebigatyň arasyndaky arabaglanyşyk we özara täsir hakyndaky gürrüňlermizi dowam edip, bu gürrüňlermiziň has düşnükli bolmagy üçin ilki bilen geografik gurşaw, biosfera we noosfera diýilýän düşünjeleriň üstünde durup geçeliň. Gürrüňi geografik gurşaw diýilýän düşünjeden başlamakçy bolýanlygymyz ýöne ýerden däl. Sebäbi islendik jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşy tutuşlygyna diýen ýaly (iň bolmanda örän köp derejede), onuň Ýer

Häzirki döwrüň ekologik meseleleri Giňişleýin oka »

Melekleriň pyşyrdysy — Rahmet Gylyjow

Ozalyýetinde durmuş şeýle gurnalan eken: nämä garaşsaň, nämäni gözleseň, nähili pikirlere hemra bolsaň, öňüňden şol çykýar. Bir maksady ýüregiňe düwüp, mümkin boldugyndan ugrunda yhlas etseň, ýüze çykýan sebäplere, pursatlara we mümkinçiliklere daýansaň, hökman arzuwyňa gowuşjakdygyň nygtalýar. Çünki dünýäni görmek islegindäki Zülkarneýn hem şeýle sebäplere ýapyşyp, yzyna eýerip, zeminiň iki künjüne ýetmegi başarypdyr. Arzuwlara çäklendirme girizmeli

Melekleriň pyşyrdysy — Rahmet Gylyjow Giňişleýin oka »

Jemgyýet we tebigat

Adam bilen tebigatyň arabaglanyşygy we özaratäsiri baradaky garaýyşlaryň taryhy. Adam bilen tebigatyň arabaglanyşygy baradaky mesele köp wagtlaryň dowamynda geçmiş akyldarlaryny, filosoflary, alymlary gyzyklandyryp gelen meseleleriň hataryna girýär. Dürli döwürlerde bu mesele dogrusynda dürli hili pikirler we garaýyşlar öňe sürlüpdir. Jemgyýet bilen baglanyşykly ylmy garaýyşlaryň taryhynda köp wagtlaryň dowamynda tebigatyň üstünden agalyk etmek pikiri ýörgünli bolupdyr.

Jemgyýet we tebigat Giňişleýin oka »

Döwletiň daşary syýasaty (dowamy)

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri. Türkmenistan we halkara hukugy. Türkmenistan öz garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alyp, dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli, bitarap, dostlukly gatnaşyklary ýola goýup, iş ýüzünde «açyk gapylar» syýasatyny alyp bardy. 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden çözgüdi netijesinde Türkmenistanyň

Döwletiň daşary syýasaty (dowamy) Giňişleýin oka »

Döwletiň daşary syýasaty

Halkara gatnaşyklar. Diplomatik gatnaşyklar. Halkara guramalar. Halkara ynsanperwerlik hukugy. Halkara arenasynda döwletleriň we halklaryň özara gatnaşyklaryny sazlaşdyrmaga niýetlenip geçirýän syýasatyna daşary syýasat diýilýär. Islendik döwletiň daşary syýasaty onuň içerki syýasatynyň özboluşly dowamydyr. Döwletiň daşary syýasaty onuň döwlet we jemgyýetçilik gurluşyndan, geosyýasy ýerleşişinden, tebigy baýlyklarynyň, adam resurslarynyň mümkinçiliklerinden we ş.m. beýleki şertlerden gelip çykýandyr. Häzirki zaman

Döwletiň daşary syýasaty Giňişleýin oka »

Hukuk ulgamy we onuň jemgyýetdäki orny (dowamy)

Hukuk düzgünleri. Hukuk bozulmalary we ýuridiki jogapkärçilik. Hukuk düzgünleriniň üsti bilen jemgyýetçilik gatnaşyklary we adamlaryň jemgyýetde özlerini alypbaryşlary – rugsat bermek, borçly etmek ýa-da gadagan etmek görnüşlerde kadalaşdyrylýar. Hukuk düzgünleriniň her biri hukuklaryň we borçlaryň çäkli möçberini özündem jemleýär. Eger ol ýa-da beýleki bir hukuk düzgüni döwlet tarapyndan girizilen bolsa, onda ony hemmeler (aýratyn adamlar

Hukuk ulgamy we onuň jemgyýetdäki orny (dowamy) Giňişleýin oka »

Zyýada zehin

Iki sany gaharly adam pukara birini köçede südenekledip, kazynyň ýanyna eltýärler. Köçedäki beýleki ynsanlar bilen bilelikde dört ýaşly çagajyk hem waka bilen gyzyklanyp, olaryň ýanyna barýar. Dawagärleriň biri gyssanmaç düşündirmäge başlaýar: — Hormatly kazy, biz üç dostduk. Üçimiz bilelikde işledik we ep-esli gazanç etdik. Dogrusyny dogry aýtmaly bolsa, biri-birimize ynamymyz ýokdy. Şonuň üçin pulumyzy hemmämiziň

Zyýada zehin Giňişleýin oka »

Scroll to Top