Jemil Meriç

Jemil Meriç 1916-njy ýylda Türkiýäniň Hataý welaýatynyň Reýhanly diýen ýerinde dünýä indi. Maşgalasy Balkan urşy döwründe Gresiýadan Türkiýä göçüp gelýär. Hataý welaýatynda fransuz bilim ulgamyna görä bilim berýän Antakýa Sultanysynda okaýar. Terjime bölüminde işleýär. Başlangyç mekdebiň mugallymy, etrap bilim bölüminiň müdüri bolup işleýär.  1940-njy ýylda Stambul uniwersitetiniň fransuz dili we edebiýaty fakultetine okuwa girýär. Fransuzçany kämil derejede okap-ýazyp bilen Jemil Meriç iňlisçe düşünýär, arapçany özi aýtmyşlaýyn “geregiçe” bilýärdi. Elazygda (1942-45), Stambulda (1952-54) fransuz dilinden mugallymçylyk edýär. 1941-nji ýyldan başlap, “Ynsan”, “Beýgel”, “Gün”, “Aýlyk bibliografia” žurnallarynda ýazgylary çap edilip başlanýar. Stambul uniwersitetinde mugallymçylyk edýär (1946-63ý). 1963-74-nji ýyllar aralaygynda Sosiologiýa bölüminde sapak berýär. 1955-nji ýylda 38 ýaşyndaka gözlerindäki keseli güýjäp kör bolýar. Emma adatdan daşary işeňňirligi we bady ýatman dürli žurnallarda çykyş etmegini dowam etdirýär.

1974-nji ýylda hormatly dynç alyşa çykýar. Emma dynç almagy bilmeýän Jemil Meriç kitap yzyna kitap çykardýar. Onuň “Hindi edebiýaty(1964), “Saint Simon ilk sosiolog, ilk sosialist”(1967ý), “Bu ýurt” (1974ý.), “Umrandan medeniýete” (1974ý), “Gowakdakylar” (1978ý), “Kyrk ammar” (1980ý), “Bir pajyganyň hekaýasy” (1981ý), “Ýagtylyk Gündogardan geler”(1984) ýaly eserleri okyjylaryň uly söýgisini gazanýar. 1984-nji ýylda beýnisine gan inmegi zerarly ysmaz bolýar. Jemil Meriç 1987-nji ýylyň 13-nji iýulynda Stambulda dünýeden ötýär.

Çeşme: Internet maglumatlary

Teswir ýaz

Scroll to Top