Dünýä taryhy

Prussiýada rewolýusiýanyň başlanmagy

Berlindäki gozgalaň. 1847-nji ýylyň ykdysady çökgünligi edil Fransiýada bolşy ýaly, Germaniýada-da işsizlige we iş hakynyň kemeldilmegine getirdi, öňki ýyllardaky hasylsyzlyk bolsa azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Şol ýylyň ýazynda aç märeke çörek we gök önümler dükanlaryny talaýardylar, çörekleri we kartoşkany zorluk bilen alýardylar, korollyk mülki bolan şazada Wilgelmiň köşgüniň aýnalaryny kül-owram etdiler. Germaniýanyň günorta-günbatarynda […]

Prussiýada rewolýusiýanyň başlanmagy Giňişleýin oka »

Fransiýada 1848-nji ýylyň rewolýusiýasy

Fewral rewolýusiýasy. 1847-nji ýylda Ýewropada güýçli ykdysady çökgünlik başlanyp, ol birentek ýurtlary, şol sanda Fransiýany hem gurşap aldy. Hasylsyz ýyl bolup, bugdaýyň ýetmezçiligi sebäpli, çöregiň nyrhy ýokarlandy. Köpçülikleýin işsizlik başlandy, iş haky iki esseden-de köp kemeldi. Ençeme sebitlerde aç işçiler we hünärmenler tolgu­nyp başladylar, halk azyk önümli dükanlary, mülkleri talap başlapdyrlar. Baý gatlagyň nägile toparlary

Fransiýada 1848-nji ýylyň rewolýusiýasy Giňişleýin oka »

Industrial jemgyýetde jemgyýetçilik-syýasy pikirleriň ösmegi

Döwletiň we jemgyýetiň ösüşi barada hyýaly garaýyşlaryň döremegi. XIX asyryň 30-njy ýyllarynda fransuz akyldarlary tarapyndan sosializm we kommunizm düşünjeleri girizildi. Sosializm (“Sosia” latyn dilinden terjime edilende – jemgyýetçilik, durmuş diýen manyny aňladýar) syýasy taglymat bolup, ol diňe bir köne düzgünleri ýok et­megi göz öňünde tutman, eýsem, adamlaryň arasynda ählu­mumy durmuş deňligini üpjün edýän täze jemgyýeti

Industrial jemgyýetde jemgyýetçilik-syýasy pikirleriň ösmegi Giňişleýin oka »

ABŞ-nyň ýerleriniň Günbatarda giňelmegi

ABŞ-nyň basybalyjylykly daşa-ry syýasaty. ABŞ-da garaşsyzlyk ugrundaky uruş tamamlanandan soň, ýurduň çägi ýyl-ýyldan giňeýärdi. XIX asyryň başlarynda döwletiň ýerleri Atlantik ummanyndan Missisipi derýasynyň boýlaryna çenli baryp ýeten bolsa, asyryň ortalarynda ABŞ-nyň çäkleri Ýuwaş ummanynyň kenarlaryna çykdy. 1803-nji ýylda Prezident Tomas Jeffersonyň dolandyran döwründe ABŞ Fransiýadan Luiziýanany 15 mln dolla­ra satyn aldy we ýurduň çäklerini günbatara

ABŞ-nyň ýerleriniň Günbatarda giňelmegi Giňişleýin oka »

XIX asyryň birinji ýarymynda ABŞ-nyň ykdysady we syýasy ösüşi

ABŞ-nyň ykdysady ösüşi. ABŞ-da senagat öwrülişigi XIX asyryň diňe 30-njy ýyllarynda başlandy, asyryň orta­laryna çenli bolsa ýurt senagat önümçiligi boýunça eýýäm dünýäde dördünji orna çykdy. ABŞ-da iri maýa goýum önümçiliginiň ösüşi umumy ka­nunlara laýyklykda geçýärdi. Ýurtda önümçilik giňelýärdi. Özi hem Ýewropadakydan tapawutlylykda, bu ýerde işçiler bilen kärhana eýeleriniň arasyndaky gapma-garşylyk ýok diýen ýalydy. Sebäbi göçüp

XIX asyryň birinji ýarymynda ABŞ-nyň ykdysady we syýasy ösüşi Giňişleýin oka »

XIX asyryň birinji ýarymynda Russiýanyň daşary syýasaty

Russiýanyň Kawkaza hüjüm etmegi. XIX asyryň başlarynda Kawkaz ülkesiniň daş-töweregi rus ýerleriniň gurşawyna düşdi. Patyşa häkimiýeti bu ýerlerde rus agalygyny ornaşdyrmak isleýärdi. Bu bolsa Demirgazyk Kawkazyň musulman halklarynyň garşylyk hereketini döretdi. 1817-nji ýylda Demirgazyk Kawkazda ýaşaýan halklaryň Russiýanyň basybalyjylykly syýasatyna garşy urşy başlanýar. Demirgazyk Kawkazyň gündogar böleginde rusla­ra garşy çeçenler, inguşlar, dagystanlylar, günbatarynda çerkesler, abhazlar

XIX asyryň birinji ýarymynda Russiýanyň daşary syýasaty Giňişleýin oka »

XIX asyryň birinji ýarymynda Russiýanyň içeri syýasaty

Russiýanyň halklary, dinleri. XVIII asyryň ahyrynda Russiýa özüniň çägi boýunça dünýäde iň uly döwletdi. Russiýanyň ilaty XVIII asyryň içinde 11 mln adam bolanlygyndan 44 mln adama çenli artdy. Russiýa köpmilletli döwletdi. Onuň düzümine adamzat ösüşiniň dürli basgançaklarynda duran dürli halklar (ruslar, ukrainler, belaruslar, polýaklar, tatarlar, başgyrtlar, finler, litwalylar, çuwaşlar, mari­ler, mordwinler, burýatlar, ýakutlar, ewenkler we

XIX asyryň birinji ýarymynda Russiýanyň içeri syýasaty Giňişleýin oka »

Angliýa XIX asyryň birinji ýarymynda

Angliýanyň senagatda we söwdada öňe geçmegi. XIX asyryň birinji ýarymynda Angliýa syýasy taýdan dur­nukly döwletleriň biri bolupdy. Angliýada täze kapitalistik gatnaşyklar hemme ýerdäkiden çalt ösýärdi. Egirme-dok­ma we beýleki fabrikleriň, metallurgiýa, maşyn gurluşyk zawodlarynyň, kömür känleriniň sany artýardy. Maşynlar kämilleşdirilýärdi. Zähmet öndürijiligi we hünärli işçileriň bellibir ugurdan ýöriteleşdirilmegi artýardy. Fabrik senagatynyň ösmegi, magdanyň, metallaryň we beýleki

Angliýa XIX asyryň birinji ýarymynda Giňişleýin oka »

Germaniýa XIX asyryň birinji ýarymynda

Ýurt dagynyklygy şertlerinde senagatyň we söwdanyň ýagdaýy. 1814-nji ýylyň Wena maslahatynda Ýewropa döwletleriniň baglaşan şertnamasy boýunça german döwletleriniň birleşigi döredildi. Oňa 38 sany german döwleti girdi. Emma German birleşmesi bir bitewi döwlet däldi. Onuň umumy gaznasy, goşuny, häkimiýetiň özygtyýarly edaralary ýokdy. Emma şeýle-de bolsa, bu birleşme umumymilli döwleti döretmekde öňe ädilen ilkinji ädimdi. Saklanyp galan

Germaniýa XIX asyryň birinji ýarymynda Giňişleýin oka »

Fransiýa XIX asyryň birinji ýarymynda

Fransiýanyň ykdysady we syýasy ýagdaýy. XIX asyryň birinji ýarymynda Fransiýada senagatyň ösüşi artdy. Ownuk öý hojalyk we senetçilik kärhanalaryň ornuna fabrik-zawodlar geldi. Senagat öwrülişigi ýuwaş-ýuwaşdan güýje girdi. Esasanam, ýurduň egirme-dokma senagaty güýçli depginde ösýärdi. 1815 – 1830-njy ýyllarda polat eret­mek, daşkömri gazyp almak iki esse artdy. Metallurgiýa senagatynda daşkömür köpçülikleýin ulanylyp başlandy. Önümçilikde bug maşynlarynyň

Fransiýa XIX asyryň birinji ýarymynda Giňişleýin oka »

Scroll to Top