Häzirki zaman ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklary

Bazar we onuň jemgyýetiň ykdysady durmuşyndaky orny. Bazarlaryň köpdürlüligi. Ykdysady bäsdeşlik we onuň görnüşleri. Bazaryň döremegi zähmetiň jemgyýetçilik bölünişigi bilen baglydyr. Zähmet bölünişiginiň ösmegi zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagynyň, önümçiligiň netijeliliginiň artmagynyň esasy şertleriniň biridir. Bu bolsa zähmet önüminiň alyş-çalyş edilmeginiň giňelmegine we ahyrky netijede bolsa bazaryň döremegine getirdi.

Adaty durmuşda bazar – satyjy bilen satyn alyjynyň arasynda söwda edilýän ýere aýdylýar. Ýöne ykdysadyýet ylmynyň nukdaýnazaryndan seredilende, bazaryň manysy has giňdir. Bazar diýlip harytlary satmak we satyn almak netijesinde satyjy bilen satyn alyjynyň arasynda emele gelýän gatnaşyklara aýdylýar.

Bazaryň jemgyýetiň ykdysady durmuşynda örän uly ähmiýeti bardyr. Bazar jemgyýetde netijeli işlemäge ukyply önümçiligi kemala getirýär. Şunuň bilen birlikde, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň sazlaşykly hereket etmeginiň zerur şertleriniň biri hem bazardyr, ýagny diňe bazar şertlerinde harytlara bolan islegleri kanagatlandyrmaklyga gönükdirilen önümçiligi döredip bolýar. Şeýle hem bazar gatnaşyklaryna esaslanýan haryt önümçiliginde önümçilik serişdeleri ykdysadyýetiň pudaklarynyň arasynda netijeli paýlanylýar.

Bazaryň köp dürli görnüşi bolýar. Şonuň üçin bazarlar belli bir alamatlary boýunça dürli toparlara bölünýär. Meselem, satylýan harytlaryň görnüşlerine baglylykda bazarlar, esasan, aşakdaky üç topara bölünýär:

1) önümçilik serişdeleriniň bazarlary;

2) sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň bazarlary;

3) puluň, gymmatly kagyzlaryň we karzyň bazarlary.

Önümçilik serişdeleriniň bazarlaryna, esasan, önümçilikde ulanylýan önümçilik serişdeleriniň satylýan bazarlary degişlidir. Sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň bazarlaryna ilatyň gündelik durmuşda sarp edýän we ulanýan harytlarynyň (çörek, et, süýt, geýim-gejimler we şuňa meňzeşler), şeýle hem ilata edilýän hyzmatlaryň bazarlary girýär. Puluň, gymmatly kagyzlaryň we karzyň bazarlary tutuşlygyna alnanda maliýe we karz serişdeleriniň bazarlarynyň toparyny emele getirýär.

Bazarlar geografiki ýerlesişi boýunça hem toparlara bölünýär. Bu toparlara milli, sebit we halkara bazarlary degişlidir. Milli bazarlar diýlip bir döwletiň çägindäki bazarlara aýdylýar. Milli bazarlara türkmen, türk, hytaý we şuňa meňzeş bazarlar mysal bolup biler. Sebit bazarlary diýlip sebitdäki döwletleriň bilelikdäki toparlaýyn bazarlaryna aýdylýar. Meselem, ýewropa, aziýa döwletleriniň bazarlary sebit bazarlaryna degişlidir. Dünýäniň ähli ýurtlarynyň gatnaşýan bazarlaryna halkara bazarlary diýilýär.

Bazar we bazar gatnaşyklary konkurensiýa (ykdysady bäsdeşlik) bilen aýrylmaz baglydyr. Konkurensiýa bazar gatnaşyklarynyň özenidir, ol bolmasa, bazar gatnaşyklary hem bolmaýar. Konkurensiýa – haryt   öndürijileriň arasyndaky peýdanyň möçberini artdyrmaklyga gönükdirilen bäsdeşlige aýdylýar. Haýsy haryt öndüriji az harajat bilen köp peýda gazanyp bilse, şol hem ykdysady bäsdeşlikde ýeňiji bolýar. Önümçiligiň harajatlaryny azaltmak, harydyň hilini ýokarlandyrmak, alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýan harytlary öndürmek we şuňa meňzeşler ykdysady bäsdeşlikde ýeňmekligiň esasy ýollarydyr.

Konkurensiýanyň netijesi köp derejede onuň hereket edýän şertlerine, bäsleşýän haryt öndürijileriň sanyna, ykdysadyýetiň açyklyk derejesine bagly bolup durýar. Şu şertleriň nukdaýnazaryndan konkurensiýa iki görnüşe bölünýär: kämil konkurensiýa; kämil däl konkurensiýa. Kämil konkurensiýanyň bolmagy üçin şu aşakdaky şertler zerurdyr:

– bazarda köp sanly haryt satyjylar we satyn alyjylar bolmaly;

– haryt öndürýän önümçiligiň möçberi gaty uly bolmaly däl we her bir haryt öndüriji aýratynlykda harydyň bazar bahasyna täsir edip bilmeli däl;

– bazarda bäsleşýän haryt satyjylar birmeňzeş haryt satmaly;

– haryt satyjylaryň we satyn alyjylaryň bazar, harytlar we olaryň bahalary barada erkin ýagdaýda doly maglumat almaga mümkinçiligi bolmaly;

– her bir haryt öndürijide haýsy hem bolsa bir pudaga girmäge ýa-da ondan çykmaga doly erkinlik bolmaly.

Eger-de kämil konkurensiýanyň haýsydyr bir şerti ýerine ýetirilmeýän bolsa, onda onuň ýaly konkurensiýa kämil däl konkurensiýa diýilýär. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde kämil däl konkurensiýa agdyklyk edýär.

Kämil däl konkurensiýanyň esasy görnüşlerine monopoliýa, oligopoliýa we monopolistik konkurensiýa degişlidir. Eger-de kämil konkurensiýada haýsydyr bir satyjy bazardaky harydyň bahasyna öz täsirini ýetirip bilmeýän bolsa, monopoliýa şertinde satyjy artykmaçlyga eýe bolup, bazarda satylýan harydyň mukdaryna we bahasyna täsir edip bilýär. Şeýlelikde, monopoliýa diýlip haryt satyjylaryň her biriniň bazarda teklip edilýän harytlaryň möçberine we bahasyna täsir edip bilýän bazaryna aýdylýar. Monopoliýanyň hem dürli görnüşleri bar. Olaryň esasylary – döwlet monopoliýasy, tebigy monopoliýa we emeli monopoliýadyr.

Oligopoliýa görnüşdäki bazarda haýsy hem bolsa harydyň bir görnüşini satmak bilen az sanly iri satyjylar meşgullanýarlar. Bu görnüşdäki bazaryň düýpli aýratynlyklary bardyr.

Birinjiden, oligopoliýa häsiýete eýe bolan iri kompaniýalar birmeňzeş harytlary (meselem, sement, mineral dökünleri, nebit, reňkli metallaryň aýry-aýry görnüsleri we şuňa meňzeşler) ýa-da birmeňzeş görnüşde bolmadyk harytlary (awtomobiller, elektrik enjamlary we şuňa meňzeşler) öndürýärler.

Ikinjiden, oligopoliýa pudaklaryna täze haryt öndürijileriň girmekleri üçin uly päsgelçilikler bolýar.

Üçünjiden, oligopoliýa bazarynda iri haryt öndüriji kompaniýalaryň aralarynda özara baglanyşyk bolýar, ýagny haýsydyr bir oligopoliýa kompaniýasynyň işi beýleki oligopoliýa kompaniýalaryna bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem olar şeýle baglanyşygy nazarda tutup hereket etmeklige mejbur bolýarlar. Oligopoliýa, esasan, awtomobil, elektronika, metallurgiýa ýaly pudaklarda emele gelýär.

Monopolistik konkurensiýa görnüşdäki bazarda birmeňzeş önümleri öndürýän köp sanly kompaniýalar hereket edýärler. O1 kompaniýalaryň her biri öz öndürýän önümi boýunça monopolist hökmünde çykyş edýär. Ýöne haýsydyr bir kompaniýanyň öndürýän önüminiň ornuny tutup bilýän önümi öndürýän beýleki kompaniýalar hem öz önümlerini bazara çykarýarlar. Şonuň üçin hiç bir kompaniýa aýratynlykda bazardaky harytlaryň möçberine we olaryň bahalaryna düýpli täsir edip bilmeýär. Monopolistik konkurensiýa sertlerinde bazara täze kompaniýalaryň girmegine uly kyncylyk bolmaýar. Monopolistik konkurensiýa ýeňil azyk senagatlarynda, bölek satuw söwdada ýüze çykýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Jemgyýeti öwreniş” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top