Matematika

Fizik-matematik alym Ishak Nýutonyň eden işleri

Ishak Nýuton mehanikanyň we astronomiýanyň nazary esasyny döreden, bütindünýä dartylma kanunyny açan, differensial we integral hasaplamany (G. Leýbnis bilen bir hatarda) işläp düzen, zerkal teleskopy oýlap tapan iňlis fizigi we matematigidir. Ol optikadan möhüm eksperimental synag işleriň hem awtorydyr. I. Nýuton fermeriň maşgalasynda dogulýar. I. Nýutonyň kakasy onuň dünýä inmeginiň öňüsyrasy aradan çykýar. 12 ýaşynda […]

Fizik-matematik alym Ishak Nýutonyň eden işleri Giňişleýin oka »

Natural sanlary razrýadlaýyn we sütünleýin goşmak

Ilki bilen goşmagyň häsiýetlerinden peýdalanyp, sanlary razrýadlaýyn goşmaklyga garalyň. 2641 we 5237 sanlary goşalyň. Şonuň üçin bu sanlary razrýadlar boýunça dagydalyň. Goşmagyň orun çalşyrma we utgaşdyrma häsiýetlerini ulanyp, alarys: Natural sanlary sütünleýin hem goşup bolýar. Şonuň üçin razrýadyň birlikleri bellibir sütünde ýerleşer ýaly edip, berlen sanlar biri-biriniň aşagynda ýazylýar. Soňra sagdan başlap, birinji sütüniň sifrleriniň

Natural sanlary razrýadlaýyn we sütünleýin goşmak Giňişleýin oka »

Sudoku

Sudoku näme? Sudoku nädip oýnalýar? Sudokunyň peýdalary näme? Ine, sudoku hakda hökman bilmeli maglumatlaryňyz…   SUDOKU NÄME? Sudoku 9×9 grafikada çözülýän we 1-den 9-a çenli sanlaryň her setirde, sütünde we 3×3 gutularda 1 gezek ýerleşdirilýän oýundyr. Sudoku dürli ýaşdaky adamlaryň aňsatlyk bilen öwrenip biljek oýnudyr. Ýaponiýada çykan bu oýun «suuji wa dokushin ni kaguru» (sanlar

Sudoku Giňişleýin oka »

Natural sanlary deňeşdirmek

Sanalanda, natural sanlar tertip boýunça atlandyrylýarlar:1; 2; 3; 4; 5; 6; 7; 8; 9; … Iki natural sanyň öňürti atlandyrylýany kiçidir, soňra atlandyrylýany bolsa uludyr. 4 san 7-den kiçidir, 8 san bolsa, 7-den uludyr. Nol 1-den kiçidir. Iki sany deňeşdirmegiň netijesi < (kiçi) we > (uly) belgileri ulanmak bilen, deňsizlik görnüşinde ýazylýar. Meselem, 4 < 7; 8

Natural sanlary deňeşdirmek Giňişleýin oka »

Natural sanlar we nol. Natural sanlaryň ýazylyşy we okalyşy.

Kitaphanadaky kitaplary, mekdepdäki oturgyçlary, sürüdäki goýunlary we ş. m. sanamak üçin natural sanlar ulanylýar. Predmetler sanalanda ulanylýan sanlara natural sanlar diýilýär. 1; 2; 3; 4; 5; 6; 7; 8; 9; 10; 11; 12… sanlar natural sanlardyr. Nol natural san däldir. Natural sanlar örän köpdür. Iň kiçi natural san 1-dir, iň uly natural sany görkezmek mümkin

Natural sanlar we nol. Natural sanlaryň ýazylyşy we okalyşy. Giňişleýin oka »

Gadymy ylym – matematika

Gadymy Gresiýada adama gerekli bolan ylym-bilime «matema» diýipdirler. Erkin-azat (gul däl) adamlaryň başarmaly matemalary ýedi sany bolup, olar: arifmetika, geometriýa, grammatika, ritorika (suhangöýlük), saz, gimnastika we astronomiýadyr. Soňraky döwürde häzirki manysyndaky «matematika» adalgasy ýüze çykypdyr. Ol grekçe ylym, sungat (usul) diýmekdir. Öňki «matema» degişli bolan arifmetikadan we geometriýadan başgasy onuň düzüminden çykypdyr. Oňa matematikanyň täze

Gadymy ylym – matematika Giňişleýin oka »

Pifagor 

Pifagor Samosskiý (b. e. öň takmynan 570-500) – gadymy grek akyldary, dini we syýasy işgäri, pifagoreizmi esaslandyryjy. Pifagor barada her hili rowaýatlar ýaýrap, şolarda ol pähimli adam, bütin antiki we Ýakyn Gündogar ylmynyň mirasdary, “gudratly” adam hökmünde suratlandyrylýar. Ol ilki Samos adasynda ýaşaýar, soňra rehimsiz hökümdar Polikratyň syýasy garşydaşy bolany üçin, Günorta Italiýadaky Kroton şäherine gidýär. Pifagor şol şäherde öz yzyna eýerijileriň

Pifagor  Giňişleýin oka »

«SAT» synagy barada

SAT – bu ýokary okuw mekdeplerine giriş synagynyň bir görnüşi bolup, wezipesi okuwçynyň ýokary bilim almaga taýynlyk derejesini ölçemekdir. Synagyň taýýarlanýan binasy ABŞ-da ýerleşip, bu bilim edarasy «College Board» diýlip atlandyrylýar. Synag diňe ABŞ-daky däl, eýsem dünýäniň ençeme künjegindäki ýokary okuw mekdepleri tarapyndan kabul edilýär. Biz hem okyjylarymyza has düşnükli bolar ýaly, makalamyzy aşakdaky toparlara

«SAT» synagy barada Giňişleýin oka »

Scroll to Top