Edebiýat

Okyjynyň sessizligi

Serdar gazete hepdede bir gezek makala ýazmak teklibini alan gününden bäri özboluşly ýakymly tolgunma duýgusyny başdan geçirýärdi. Gazetiň baş redaktory Mansur aga ony ýanyna çagyryp: «Biziň gazetimiz üçin hepdede bir makala ýazarsyňyzmy?» diýip ýüzleneninde-de özüniň içki tolgunmasyny gaty belli etmän, ondan haýsy temalar boýunça nähili makalalar isleýändigini sorapdy. – Ýurdumyzda we dünýäde täzeçe pikirler tendensiýasy […]

Okyjynyň sessizligi Giňişleýin oka »

ÝIGRIMINJI BAPDA

Ejemiň gün suratly nan bişirip, ellerine güller bitişi, menip ýedigeni tapjak bolup, Nataşanyň saçy bilen asmana çykyşym, Wellegiň boýur-boýur ýaş döküp, Annagyň “ak guwuň” yzynda arman çekişi.   Kolhozyň myhmanhanasynda bolýan adamlaryň nanyny ejem bişirýärdi.Men her gezek ejemiň ejemiň bişiren nanlaryny myhmanlara eltenimde olar “Seniň ejeňiň ,gör,nähili tagamly eli bar.Onuň nanyny iýip doýup bolanok,ellerine güller

ÝIGRIMINJI BAPDA Giňişleýin oka »

Bir otagly jaý

Köp ene-atanyň perzendiniň ýokary okuw jaýyny tamamlamagy baradaky arzuwyny amala aşyryp, men hem lukmançylyk hünäri boýunça diplomymy aldym. Has kämilleşmek üçin uly mümkinçilikleriň we has güýçlüleriň ýurdy bolan Beýik Britaniýa gitmek üçin degişli synaglardan-da geçdim. Beýik Britaniýa baranymda, ähli arzuwlarym amala aşyp,  özümi göz öňüne getirýän derejäme ýeten ýaly duýýardym. Bu ýerde bäş ýyl okap,

Bir otagly jaý Giňişleýin oka »

ON DOKUZYNJA BAPDA

Töremyrat mugallymyň açlyk yglan edip, oraza tutuşy, Wellegiň milisioner bolup, ýaňagy tyg yzly adama ökje götertdirişi, Jenniniň Dürje enemiziň topbusyna hyrydar çykyp, Jonniniň çägeden gyzyl gözleýşi.   Töremyrat mugallymyň öňümizdäki dynç alyş gününe gabatlap, Aşgabatdaky geçiriljek uly futbol ýaryşyna tomaşa etmäge gitjek bolmasy Annak ikimiziň kalbymyza gozgalaň saldy. Biziň hem boljak şol ýaryşy göresimiz geldi.

ON DOKUZYNJA BAPDA Giňişleýin oka »

ON SEKIZINJI BAPDA

Annagyň sertaraşlyk edip, Nunna aganyň çydamlylygyny görkezişi, Töremyrat mugallymyň geçi gyrkyp, gyzyl öküziň şlýapa geýşi, biziň hüýpüýpüge meňzäp, Dürje enemiziň Hydyr ata bolşy.   Munuň bolşy Nunna aganyň özünden boldy. Ýogsam Annak sertaraşlyk etjek bolup, azara galarmydy? Nunna aganyň kellesini torlan gawun ýaly kesim-kesim edermidi?Haý, Nunna aga, Nunna aga, biziň başarmajak işimizi başymyza taşlady-da, öz-özi

ON SEKIZINJI BAPDA Giňişleýin oka »

ON ÝEDINJI BAPDA

Dükanda halwa satylyp, «Bozdumanyň» orta ýolda «toýnagynyň sowaýşy», Wellegiň gözboýagçylyk edip, goňşy obalynyň nobatdan çykarylyşy, Mossynyň Töremyrat mugallyma ýaranjak bolup, biziň agzymyzy süýjüdişi.  Giç öýlänlerdi. Men towuklarymyzy daşyma üýşürip, köneje jamdaky dänelerden olary iýmläp durdum. – Meleje, aý, Meleje!. . Ynha, «Wäh» diýlen ýaly, birdenkä ýol tarapdan Annagyň gykylygy eşidildi. Men towuklaryma iým sepmämi goýdum-da,

ON ÝEDINJI BAPDA Giňişleýin oka »

Her bir türkmeniň ýatdan bilmeli bäş sany goşgusy

Birnäçe gün mundan ozal internet ulgamyndaky hasaplarymyz arkaly «Siziň pikiriňizçe, her bir türkmeniň ýatdan bilmeli bäş sany goşgusy haýsylar?» diýip sowal beripdik. Gelen jogaplaryň arasyndan diňe bäş sanysyny saýlaman, biz olaryň hemmesini size ýetirmegi makul bildik. Pikirlerini ýazyp ugradan ildeşlerimize köp sagbolsun aýdýarys! Türkmenistanyň Döwlet senasy Magtymguly Pyragynyň goşgulary Magtymguly Pyragy, «Döke başlady» Magtymguly Pyragy,

Her bir türkmeniň ýatdan bilmeli bäş sany goşgusy Giňişleýin oka »

Bagtyň bahasy

Siz ýaşap ýören bagtly durmuşyňyzyň gadyr-gymmaty hakda pikir edip gördüňizmi? Ýatara-turara jaýyň, demiňi-dynjyňy alara öýüň, ojagyňda gaýnap duran naharly gazanyň, öýüňde ýorgan-düşegiň, egniňde birlaý egin-eşigiň bar bolsa, onda sen baýsyň. Kisäňde geregiňi alara puluň, sandygyňda günüňi aýlara gazanjyň bar bolsa we şonuň ujundan hem gyssagly günüň üçin az-owlak süýşürip bilýän bolsaň, onda sen baýlaryň birisiň.

Bagtyň bahasy Giňişleýin oka »

Dostlaryma / Gurbannazar Ezizow

Bir gün bag deý ýanyp-köýseň, (Baky gelen barmy, eýsem?)   Abraýňy ataňa goýsaň, Ogluňa atyňy goýsaň,   Bugdaýa meýdany goýsaň, Zemine asmany goýsaň,   Gurmadygňy goýsaň eger, Deňi-duşlaň dowam eder.   Sährany şähere goýsaň, Tohumy bahara goýsaň.   Goýsaň, Goýsaň, Köp zat goýsaň, Derdiňi enä goýmasaň.   Dert alynmaz ýöne ýere, Kim başyn hesrete goşýar?

Dostlaryma / Gurbannazar Ezizow Giňişleýin oka »

Söýginiň durmuşdaky orny

Adamlar bilen gatnaşygymyzyň gowulanmagy üçin iň ygtybarly daýanjymyz bolan söýgini biz nä derejede peýdalanyp bilýäris?! Söýginiň çäginde ýa-da töwereginde hiç hili ýaramaz duýgudyr pikir bolmaýar. Söýgi ynsanyň kalbyna hyzmat edýän pamyk ýaly päkizeligi we ýumşaklygy, güller deýin gözelligi öz içine alýar. Söýgi kä biriniň başyny sypamak, kä arkasyna kakmak, kä ýylgyryp seretmek, kä gamgyn çagajygyň

Söýginiň durmuşdaky orny Giňişleýin oka »

Scroll to Top