Häzirki zaman ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklary – 3

Bazar infrastrukturasy. Pul we onuň funksiýalary. Inflýasiýa (harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagy). Häzirki zaman bazar ykdysadyýetiniň ösüşiniň aýratynlyklarynyň biri hem infrastrukturanyň ähmiýetiniň barha artýanlygydyr. Bazar ykdysadyýetinde infrastrukturanyň birnäçe görnüşleri bolýar. Olaryň esasylarynyň biri hem bazar infrastrukturasydyr. Bazar infrastrukturasy diýlip bazaryň netijeli işlemegini üpjün etmek maksady bilen oňa hyzmat edýän pudaklaryň toplumyna aýdylýar. Bazar infrastrukturasyna, esasan, biržalar, auksionlar, ýarmarkalar, banklar, gümrük edaralary, auditor kompaniýalar we beýleki bu ugurda işleýän ýörite jemgyýetçilik guramalary degişlidir.

Bazar infrastrukturasynda biržalar esasy orun tutýar. Birža harytlaryň, çig mallaryň, gymmatly kagyzlaryň we şuňa meňzeşleriň lomaý söwdasynyň bazaryny guraýan edaradyr. Birža lomaý söwdany köpçüligiň gatnaşmagynda açyk görnüşde guraýar we ol söwda işleri amala aşyrylanda, esasan, dellallyk wezipesini ýerine ýetirýär.

Biržalarda söwda amallarynyň ýerine ýetirilişiniň öz aýratynlyklary bardyr. Birža amallaryny diňe onuň agzalary ýa-da biržanyň agzasynyň wekilleri, şeýle hem biržanyň agzasynyň tabşyrygy boýunça birža brokerleri amala asyryp bilýärler. Şonuň üçin biržada haryt satmak ýa-da satyn alrnak isleýän müşderiler ilki bilen brokere ýüzlenýärler. Broker biržadaky dellal bolup, ol müş- derilere söwda gelesiklerini baglaşmaga ýardam edýär. Şeýle hem brokerler bazary öwrenmek, mahabatlandyrmak islerinde müsderilere hyzmat edýärler.

Birža söwdasyna brokerlerden başga-da maklerler gatnaşýarlar. Makler biržadaky orna eýelik edýän edara görnüsdäki tarap bolup, ol müsderileriň tabşyrygy boýunça we olaryň hasabyna birža söwdasynyň gelesiklerini amala aşyrýar.

Birža söwdasyna dilerler hem gatnasýarlar. Diler bu  sahsy ýa-da ýuridiki tarap bolup, ol biržada harytlary, adatça, öz hasabyna alyp-satmak bilen meşgullanýar.

Biržada satyljak harytlar babatdaky hukuklary we borçlary birek- birege bermek boýunça ylalaşyga birža gelesigi diýilýär. Biržada söwda satyjynyň we satyn alyjynyňgönüden-göni gatnaşmagynda däl-de, olaryň wekilleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

Pul we onuň funksiýalary. Pul adamzat durmuşyna giňden ornaşandyr. Onuň adamzat jemgyýetiniň ösmeginde örän uly ähmiýeti bardyr.

Puluň döremegi haryt önümçiliginiň ösüş taryhy bilen gönüden-göni baglydyr. Haryt önümçiliginiň irki döwründe bir  harydyň başga bir haryda çalşylmagy tötänleýin görnüşde bolupdyr. Soňra haryt önümçiliginiň ösmegi, alyş-çalyş edilýän harytlaryň görnüşleriniň köpelmegi we möçberiniň artmagy netijesinde haryt çalşygy ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşipdir. Netijede, haýsydyr bir haryt araçy häsiýete eýe bolup, beýleki harytlaryň gymmatyny aňlatmak üçin ulanylypdyr.

Dürli döwürlerde dürli halklaryň arasynda araçy haryt hökmünde harytlaryň dürli görnüşleri ulanylypdyr. Şeýle harytlar hökmünde mal, däne, deri, çaý we beýleki serişdeler ulanylypdyr.

Sebitleriň, halklaryň aralaryndaky haryt gatnaşyk­larynyň giňelmegi netijesinde ähli ýerde islendik haryda çalşyp bolýan ekwiwalent (deň gymmatly) haryda geçmeklik zerurlygy ýüze çykypdyr. Wagtyň geçmegi bilen haryt çalşygynda ählumumy ekwiwalent hökmünde gymmat bahaly metallar (kümüş, altyn) ulanylypdyr. Ilkibaşda pul hökmünde gymmat bahaly metallaryň belli bir agramdaky görnüşleri, soňra olaryň guýlan bölekleri, olardan edilen şaýy pullar ulanylypdyr.

Puluň mazmunyna has çuň düşünmek üçin onuň ýerine ýetirýän wezipelerini bilmek gerek. Pul bäş sany wezipäni ýerine ýetirýär. Olar şu aşakdakylar:

dolanyşyk serişdesi;

gymmat ölçegi;

baýlyk toplamaklygyň serişdesi;

töleg serişdesi;

dünýä puly;

Pul, esasan, dolanyşyk serişdesi hökmünde ulanylýar. Eger-de ýönekeý haryt dolanyşygynda bir haryt başga bir haryda çalşylýan bolsa, haryt dolanyşygy puluň gatnaşmagynda amala aşyrylanda, haryt pula çalşylýar. Şeýlelikde, haryt-pul dolanyşygynda haryt satyjydan alyja, pul bolsa harydy satyn alyjydan satyja geçýär. Pul bu ýerde araçy bolup çykyş edýär. Haryt bolsa dolanyşykdan çykýar, ýöne pul haryt dolanyşygynda hereket etmegini dowam etdirýär.

Pul – gymmat ölçegidir. Islendik harydyň gymmaty pul birliginde aňladylýar. Agramyň kilogramda, aralygyň metrde kesgitlenilişi ýaly, harydyň hem gymmaty pul ölçegi bilen kesgitlenilýär. Ýöne harytlar gymmaty boýunça satylman, bahasy boýunça satylýar. Baha bolsa gymmatyň pul bilen aňladylmasydyr.

Pul baýlyk toplamaklygyň hem serişdesidir. Pul islendik wagtda töleg serişdesi bolup çykyş edip bilýär. Şonuň üçin adamlar puly geljekde töleg serişdesi üçin ulanmak maksady bilen baýlyk hökmünde toplaýarlar. Haçanda pul baýlyk toplamak serişdesi hökmünde ulanylanda, ol dolanyşykdan çykýar we süýşürintgä öwrülýär.

Pul töleg serişdesi hökmünde hem ulanylýar. Kä halatlarda harytlar nagt pula satylman, karzyna ýa-da tölegi gaýra goýmak şertlerinde hem satylýar. Şeýle ýagdaýda harydy satyn alyjynyň satyjynyň öňünde bergisi döreýär. Haçanda satyn alyjy satyja satyn alan harydy üçin bergisini tölände, pul töleg serişdesi bolup hyzmat edýär.

Pul dünýä puly hökmünde çykyş edýär. Eger-de geçen asyryň 70-nji ýyllaryna çenli halkara söwda gatnaşyklarynda dünýä puly hökmünde altyn ulanylan hem bolsa, häzirki wagtda milli pullar bilen altynyň özara baglanyşygynyň ýitenligi sebäpli, halkara söwda gatnaşyklarynda, esasan, erkin konwertirlenilýän pullar ulanylýar. Erkin konwertirlenilýän pullara ABŞ-nyň dollary, funt sterling, ýewro we beýlekiler degişlidir. Häzirki döwiirde altyn adaty haryt hökmünde satylýar we satyn alynýar.

Töleglerde we hasaplaşyklarda ulanylýan nagt we nagt däl puluň hereketine pul dolanyşygy diýilýär. Puluň dolanyşygy nagt we nagt däl görnüşde bolýar. Nagt pullaryň hereketine nagt pullaryň dolanyşygy diýilýär. Nagt pullara kagyz we şaýy pullar, banknotlar girýär.

Nagt däl pullaryň hereketine bolsa nagt däl pullaryň dolanyşygy diýilýär. Nagt däl pul hasaplaşyklary çekler, karz kartalar, tölegleriň elektron serişdeleri we beýleki hasaplaşyk resminamalar arkaly amala aşyrylýar.

Inflýasiýa diýlip harytlaryň we hyzmatlaryň bahasynyň umumy derejesiniň ýokarlanmagyna aýdylýar. Inflýasiýa diýlende ähli harytlaryň bahalary birden ýokarlanýar diýip düşünmeli däl. Inflýasiýa wagtynda käbir harytlaryň bahasy üýtgemän hem biler ýa-da käbir harytlaryň bahasy peselip hem biler. Ýöne inflýasiýa ýagdaýynda harytlaryň bahasy, umuman alnanda ýokarlanýar.

Inflýasiýanyň birnäçe görnüşleri bardyr. Ýüze çykyş görnüşi boýunça inflýasiýa iki hili bolýar: açyk we ýaşyryn. Açyk inflýasiýada bahalaryň umumy derejesi ýokarlanýar we puluň hümmeti peselýär. Ýaşyryn inflýasiýada bahalar üýtgemeýär, ýöne bazarlarda haryt gytçylygy emele gelýär. Ýaşyryn inflýasiýada harytlar açyk bazarlarda örän az satylýar ýa-da düýpden satylmaýar. Harytlar, esasan, ýokary bahadan kanun taýdan rugsat edilmeýän bazarlarda satylýar.

Inflýasiýanyň derejesi pes bolsa, ol, umuman, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine az-kem oňyn täsir edýär. Ýöne inflýasiýanyň derejesi ýokary bolsa we bahalaryň ýokarlanmagy uzak wagtlap dowam etse, bu ykdysadyýetiň ösüşine ýaramaz täsir edýär, önümçilik pese gaçýar, pudaklar sazlaşykly ösmegini bes edýär. Şunuň bilen birlikde, milli puluň hümmeti pese gaçýar. Bulardan başga-da inflýasiýanyň derejesi ýokary bolanda, halkyň hakyky girdejileri azalýar we umumy ýaşaýyş derejesi pese gaçýar.

Banklar we bank işleri. Bank ilatyň, kärhanalaryň we edaralaryň wagtlaýyn ulanylman duran pullaryny toplap, karzyna pul bermek işlerini, şeýle hem dürli görnüşdäki pul-hasaplaşyk amallaryny ýerine ýetirýän maliýe edarasydyr. Şonuň üçin banklaryň emele gelmegi bilen tutuş ykdysadyýetiň çäklerinde wagtlaýyn ulanylman duran pullary netijeli peýdalanmaklyk mümkin boldy. Ykdysadyýetiň netijeli hereket etmeginde we onuň ösüşini çaltlandyrmakda banklaryň ähmiýeti örän uludyr.

Bank sistemasy karz sistemasynyň iň bir möhüm bölegi bolup durýar. Bank sistemasy diýlip bank edaralarynyň toplumyna aýdylýar. Bank sistemasy bir ýa-da iki derejeli bolýar. Ykdysady taýdan ösüs derejesi pes bolan ýurtlarda bank sistemasy, adatça, bir derejeli bolýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde bank sistemasy iki derejeli bolýar. Bank sistemasynyň birinji derejesine döwlet (merkezi) banky, ikinji derejesine bolsa dürli görnüşdäki telekeçilik (täjirçilik) banklary girýär.

Döwlet bankyna ýurduň pul-karz sistemasynda esasy orun degişlidir. O1 ýurduň pul dolanyşygyny sazlaýjy we bank sistemasyny dolandyryjy edaradyr. Döwlet banky, esasan, ýurduň bank ulgamynyň işlerine, pul dolanyşygyna gözegçilik edýär, telekeçilik (täjirçilik) banklaryna pul karzlaryny berýär. Şeýle hem ol ýurtda puly dolanyşyga goýbermek we ony dolanyşykdan aýyrmak işlerini ýerine ýetirýär, halkara maliýe-bank işlerinde döwletiň wekili hökmünde çykyş edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Jemgyýeti öwreniş” dersi boýunça okuw kitaby

 

 

 

Teswir ýaz

Scroll to Top