Jemgyýetiň sosial düzümi

Esasy sosial toparlar. Sosial gatnaşyklar. Şahsyýetiň sosial statusy. Jemgyýet diýlip atlandyrylýan umumylyk bolsa iňňän köp böleklerden, has takygy, adamlaryň dürli toparlaryndan we gatlaklaryndan ybarat umumylyk. Adamlaryň dürli toparlarynyň we gatlaklarynyň köplügi jemgyýetiň sosial strukturasyny (düzümini) emele getirýär. Jemgyýetiň düzümine girýän adamlar ol ýa-da beýleki toparlara belli bir alamatlar we häsiýetli aýratynlyklar esasynda bölünýär. Mysal ücin, jynsy boýunça adamlar – aýallara we erkeklere, ýaşaýan ýeri boýunça – şäherlilere we obalylara, ýaşy boýunça – çagalara, ýaşlara, orta ýaşlylara, gartaşan adamlara we garrylara, bilim derejesi boýunça – bilimsizlere, başlangyç bilimlilere, gutarylmadyk orta bilimlilere, orta bilimlilere, ýörite orta bilimlilere, ýokary bilimlilere bölünýär. Edil şular ýaly degişli toparlara adamlar maşgala ýagdaýy, hünäri, käri, gurplulyk derejesi, milleti, dini garaýşy we ş.m. başga-da onlarça alamatlar esasynda bölünip bilýär. Ýeri gelende aýtsak, biz ýokarda agzalan toparlaryň käbirleri barada, hususan-da, demografik toparlar hakynda, şeýle hem ýaşlar we milli toparlar barada, indiki temalarda aýratyn durup geçeris.

Jemgyýetiň sosial düzüminde synpy gatlaklar diýlip atlandyrylýan toparlar aýratyn tapawutlandyrylýar. Adamlar synpy gatlaklara, esasan, önümçilik serişdelerine (zawodlara, kärhanalara, işçi güýjüne, çig mala we ş.m.) bolan eýeçilgine görä bölünýär.

Jemgyýetiň sosial düzümi jemgyýetiň taryhy ösüşiniň dürli döwürlerinde biri-birlerinden tapawutlydyr. Jemgyýet öz aralarynda dürli gatnaşyklarda bolan sosial toparlaryň jemidir. Şeýle gatnaşyklar, öň hem belläp geçişimiz ýaly, ykdysady, syýasy, sosial we ruhy-medeni gatnaşyklar ýaly görnüşlere bölünýär. Jemgyýetiň ykdysady durmuşy öz içine, esasan, adamlaryň arasyndaky eýeçilik gatnaşyklaryny we pul-haryt gatnaşyklaryny alýar.

Jemgyýetiň syýasy durmuşy bolsa, öz gezeginde, syýasy häkimlik bilen baglanyşykly gatnaşyklardan ybaratdyr. Ýeri gelende aýtsak, syýasy häkimiýetiň esasy wezipesi jemgyýeti düzýän sosial toparlaryň bähbitlerini kadalaşdyrmakdan ybaratdyr. Adamlaryň, has dogrusy, sosial toparlaryň bähbitleri birmeňzeş däldir. Mysal üçin, öz hususy emläginde önümçilik serişdeleri (zawodlary, kärhanalary, söwda merkezleri we ş.m.) bolan adamlaryň esasy bähbidi şol serişdeleri elinde saklamakdan, olary ýerlikli ulanyp, has köp girdeji almakdan, ýagny öňküden-de baýamakdan ybarat bolsa, gün-güzeranyny zordan aýlap ýören adamlaryň bähbidi, esasan, ertiriniň aladasy bilen baglydyr.

Adamlar jemgyýetde dürli orunlary eýeleýärler. Jemgyýeti öwreniş ylmynda sosial toparlary şertleýin gorizontallaýyn (keseligine) we wertikallaýyn (dikligine, ýokardan aşak ýa-da aşakdan ýokaryk) ýerleşýän toparlara bölmeklik kabul edilen. Gorizontallaýyn ýerleşýän toparlara jemgyýetde birmeňzeş basgançaklarda ýerleşýän toparlar, wertikallaýyn ýerleşýän toparlara bolsa, esasan, baýlyk derejesi, eýeleýän wezipesi, jemgyýetdäki abraýy boýunça dürli basgançaklara degişli adamlar girýär. Şunuň bilen baglylykda ylmy dilde sosial piramida diýlen düşünje hem giňden ulanylýar. Hakykatdan-da, jemgyýeti şertleýin piramida görnüşinde göz öňüne getirip, biz ony degişli basgançaklara bölüp bilýäris. Köplenç, sosial piramidalar adamlaryň gurplulyk (barlylyk, baýlyk) derejesi boýunça düzülýär.

Mysal üçin, häzirki zamanyň käbir ösen ýurtlarynda jemgyýet uly kompaniýalaryň we banklaryň eýelerini, ýagny has baý adamlary, özünde jemleýän ýokary synpa (5%-e barabar), döwlet edaralarynyň işgärlerini, uniwersitetleriň professorlaryny, sungat işgärlerini, lukmanlary, mekdep mugallymlaryny, fermerleri we ş.m. özünde jemleýän ortalyk synpa (40% – e barabar), senagatyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işçileri, taksi sürüjileri, hyzmatlar ulgamynyň işçilerini özünde jemleýän işçiler synpyna (50%-e barabar), hyzmatkärleri, köçe süpürijileri, işsizleri, öýsüz-öwzarsyzlary özünde jemleýän aşaky synpa (5%-e barabar) bölünýär. Bu synplaryň tutýan paýyna degişli görkezijileri ulanyp, häzirki zaman günbatar jemgyýetiniň sosial piramidasyny çyzgyda görkezmek mümkin. Eger-de piramidanyň çyzgysyny siz bu görkezijileri ýerli-ýerinde goýup ýerine ýetirseňiz, onda onuň iň aşaky inçe zolagynda garyp synpyň, ortadaky has galyň gatlaklarda, degişlilikde, işçiler synpynyň we ortalyk synpyň, piramidanyň cür depesinde bolsa paýy 5% -e barabar bolan ýokary synpyň, ýagny has baý, iň uly girdejili adamlaryň ýerleşýänligini aýdyň görüp bilersiňiz.

Adamlaryň jemgyýetde baýlygyna görä dürli toparlara, has dogrusy, baý we garyp, agalyk edýän we tabynlykda bolan gatlaklara bölünmegine sosial differensiasiýa (aratapawutly böleklere bölünmek) diýilýär. Adamlaryň baý we garyp gatlaklarynyň arasyndaky tapawudyň güýçlenmegine sosial polýarlasma (biri-birlerinden arasynyň daşlaşmagy) hem diýilýär. Haçanda jemgyýetdäki sosial polýarlaşma has çuňlaşyp, ýitileşen ýagdaýynda, ýagny belli bir toparlaryň barha baýap, tersine, başga birtoparlaryň bolsa garyplaşyp başlamagy netijesinde, jemgyýetde dürli göwrümli sosial konfliktler (dawaly çözülýän gapma-garşylyklar) emele gelýär. Şeýle konfliktleriň iň çylşyrymlysy synpy gapma-garşylyklar bolup, olaryň ýitileşmegi käbir taryhy şertlerde sosial rewolýusiýalaryň (düýpli jemgyýetçilik öwrülişikleriniň) bolup geçmegine getirýär.

Mysal üçin, geçen asyryň 1917-nji ýylynyň güýzünde patyşa Russiýasynda bolup geçen rewolýusiýa (Beýik Oktýabr Rewolýusiýasy diýlip atlandyrylan) döwlet agdarylyşygy bilen tamamlanyp, syýasy häkimiýet başynda bolşewikler partiýasy duran sowetleriň (işçi-daýhanlaryň häkimiýeti) eline geçdi.

Emma sosial rewolýusiýalar diýlip atlandyrylýan hadysanyň esasy sebäbi sosial differensiasiýa däl-de, jemgyýetdäki sosial deňsizlikdir. Adamlaryň jemgyýetde dürli orunlary eýelemegi, sosial piramidanyň dürli basgançaklarynda ýerleşmegi, hakykatda alnanda, kanunalaýyklykdyr.

Sosial deňlik diňe adamzat taryhynyň has irki döwürlerinde, adamlaryň entek tokaýlarda we gowaklarda bir uly maşgala ýaly bolup ýaşan zamanlarynda bolupdyr. Bir taýpanyň agzalary özleriniň bileleşip çöplän ir-iýmişlerini, awlan haýwanlarynyň etini bileleşip paýlaşýar ekenler. Emma soňra welin, eýýäm eýeçiligiň döremegi, zähmet bölünişiginiň emele gelmegi, haryt-pul gatnaşyklarynyň ýüze çykmagy ýaly sebäpler jemgyýetiň dürli gatlaklara-barlylara we barly dällere bölünmegine getiripdir. Sosial deňsizlik gadymy eýýamlardan bäri adamzat jemgyýetiniň iň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir.

Jemgyýetiň düzümine girýän adamlaryň hemmesiniň durmuş derejesini doly we gutarnykly deňleşdirmek, birmeňzeş etmek ummasyz kyn mesele. Emma muňa garamazdan, adamzat jemgyýeti ömürboýy sosial deňsizligi aradan aýyrmak arzuwy bilen ýaşap gelipdir. Bu arzuw ertekä kybapdaş sosial taslamalarda, dürli ylmy garaýyşlarda we nazaryýetlerde öz beýanyny tapypdyr. Olaryň iş ýüzünde ulanylanlary hem az däl. Mysal üçin, häzir dünýä kartasyndan ady aýrylan öňki SSSR diýlen döwletde marksizmiň öňe süren sosial deňlik ýörelgesi esasy ýörelgeleriň biri bolupdy. Bu ýörelge esasynda adamlara dürli sosial ýeňillikler berilýärdi (saglygy goraýyş hyzmatlary, bilim almak mugtdy, belli bir ýerde dowamly işlän adamlar ýasaýyş jaýy bilen mugt üpjün edilýärdi we ş.m.). Emma sowet döwletiniň uzak döwrüň dowamynda sosial deňligi üpjün etmeklik ýörelgesinden gelip çykýan aladalary wagtyň geçmegi bilen jemgyýetçilik aňynda döwletden elgaramalyk (hantamalyk, tamakinlik) duýgularynyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna getirdi. Adamlar özleri hakyndaky ähli aladany diňe döwlet etmelidir diýen düşünjä gol ýapdylar. Edara-kärhanalaryň köpüsinde, hakykatdan-da, der döküp işleýänler bilen bir hatarda, işe ýöne baryp gaýdýanlar, emma oňa seretmezden, işleýänler bilen deň hak alýanlar köpelip başlady. Önümçilik serişdelerine bolan ählumumy döwlet eýeçiligi, hakykat ýüzünde belli bir eýeçiligiň bolmanlygy zerarly, eýesiz zat hökmünde kem-kem dargadylyp başlandy. Şeýlelik bilen, öňki SSSR-iň we beýleki sosialistik döwletleriň taryhy tejribesi sosial deňligiň, kommunizm diýilýän jemgyýetiň, hakykat ýüzünde hiç wagt ýetilip bolunmajak howaýy arzuwdygyna doly göz ýetirmeklige mümkinçilik berdi.

Her bir adam jemgyýetde ýaşyna, bilimine, hünärine, eýeleýän wezipesine, gazanan abraýyna (sungatda, ylymda, edebi döredijilikde we ş.m.) görä belli bir orny eýeleýär. Adamyň jemgyýetdäki orny onuň sosial statusy bilen kesgitlenilýär. Jemgyýetde ýaşaýan her bir adamyň özüne degişli sosial statusy bar. Mysal üçin, mekdepde okaýanlaryň sosial statusy – okuwçylykdyr. Kärendesine ýer alyp hasyl öndürýän adamyň statusy – kärendeçi. Obada ýaşaýanlaryň oba ýaşaýjysy diýen statusy bar. Adamlaryň statusy üýtgäp bilýär. Adam öz bilimini we hünärini artdyryp, başarnyklaryna we ukybyna görä başga bir käri edinip bilýär.

Mysal üçin, aýdalyň, Aman atly 15 ýaşly ýetginjek mekdep okuwçysy, öz maşgalasynda ol öz ejesi we kakasyüçin ogul, kiçi jigisi üçin-dogan, özünden uly dogany üçin-jigi, enesi we atasy üçin-agtyk, okaýan synpynda iň ökde okuwçy, mekdebiň folklor toparynyň sazandasy. Bu sanalan statuslara görä Amanyň mekdepdäki, maşgaladaky eýeleýän orunlaryny kesgitlemek mümkin. Amanyň jemgyýetdäki orny ýaşy boýunça – ýetginjekler toparyna, okaýan ýeri boýunça – mekdep okuwçylarynyň toparyna, gyzyklanmasy boýunça – sazandalaryň toparyna degişli. Emma ol entek ýaş. Şonuň ücinem onuň jemgyýetdäki orny çäkli. Onuň häzirki ornunyň üýtgemegi mekdebi tamamlanyndan soň başlanar. Ol ýokary bilim alyp, haýsy-da bolsa bir edarada ýa-da kärhanada işläp baslar, belli bir wezipäni eýelär, öýli-işikli bolar. Umuman, ol bu günki eýeleýän ornundan, statusyndan, derejesinden başga bir üýtgeşik orunlary, statusy, derejäni eýelär.

Adamyň sosial statusynyň üýtgemegi bilen onuň jemgyýetdäki oýnaýan sosial roly hem üýtgeýär. Mysal üçin, haýsy-da bolsa bir edaranyň ýa-da kärhananyň ýolbaşçysynyň baş wezipesi işgärler köpçüliginiň (belli bir ýerde işleýän adamlaryň topary) işiniň sazlaşykly alnyp barylmagyny gazanmakdan ybarat. Garaz, her bir adamyň jemgyýetde özüniň orny bar we her bir adam şol ornuna laýyklykda ýaşaýar, hukuklardan peýdalanýar, özüniň jemgyýetiň öňündäki borclaryny we wezipelerini ýerine ýetirýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Jemgyýeti öwreniş” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top