Himiki reaksiýalaryň görnüşleri

Himiýa dersi boýunça maddalar we olar bilen bolup geçýän himiki reaksiýalar barada yzygider maglumatlar aldyňyz. Şol maglumatlary umumylaşdyryp, himiki reaksiýalaryň dürli görnüşlerine seredeliň. Ýagny, himiki reaksiýalary dürli alamatlary boýunça toparlara bölüp, olar hem öz gezeginde dürli görnüşde bolup biler. Alamatlary boýunça olary aşakdaky ýaly toparlara bölmek bolar:

  1. Okislenme derejesiniň üýtgemegi bilen bolup geçýän himiki reaksiýalar.
  2. Reaksiýa gatnaşýan hem-de emele gelýän maddalaryň sanyna we düzümine görä bolup geçýän himiki reaksiýalar.
  3. Ýylylygyň siňdirilmegi ýa-da bölünip çykmagy bilen bolup geçýän himiki reaksiýalar.
  4. Öwrülişikliligine laýyklykda bolup geçýän himiki reaksiýalar.
  5. Baglanyşygyň üzülişine baglylykda bolup geçýän himiki reaksiýalar.

Ýokarda belleýşimiz ýaly bular hem öz gezeginde birnäçe toparlara bölünýär. Olara aýratynlykda seredip, degişli reaksiýalar bilen düşündirmek bolar.

1 thought on “Himiki reaksiýalaryň görnüşleri”

Teswir ýaz

Scroll to Top