Hekaýa

Süýt çelegi

Obalaryň birinde ýeke özi ýaşaýan bir garyp aýal bar eken. Onuň şu dünýäde birje goýnundan başga zady ýok eken. Goýnunyň süýdüni sagyp, gazanýan az-küş puluna zordan eklenýän eken. Obadaşlarynyň biri oňa etrap merkezinde süýdüň köpräk pula durýandygyny aýdanda, şol günki süýdüni şol ýerde satmagy ýüregine düwýär. Şeýdip, süýtli çelegi başynyň üstünde goýýar-da, ýola rowana bolýar. […]

Süýt çelegi Giňişleýin oka »

“Ene-atanyň göwni ogulda-gyzda, ogul-gyzyň göwni dag bilen düzde”

Gyşyň gylyksyz günleri entek dowam edýärkä, bahar paslynyň ýaňy bir ukudan oýanyp başlan günleriniň birinde Maks atly bir ýaş, dogumlyja garynja ber-başagaý bolup barýardy. Ol hinine girip girmänkä: «Buşluk, indi her kim işli işi bilen bolubermeli!» diýip jar çekdi. Bu habary eşiden garynjalar şatlyk-şowhun bilen herekete geçmäge başladylar. Görnüşi ýaly, Maks bir zatlaryň anygyna ýetip,

“Ene-atanyň göwni ogulda-gyzda, ogul-gyzyň göwni dag bilen düzde” Giňişleýin oka »

Çynar we kädi

Ene-atalar ýygnagynda okuwçylaryň hossarlary hususylaşdyrylan ýörite mekdepdäki geçilýän dersleriň agyrdygyndan şikaýat edip, olary has ýeňilleşdirmegi we okuw döwrüni has gysgaltmagy talap etdiler: «Mekdepdäki sapaklar gaty kyn. Bulary aňsatlaşdyryp bolmazmyka?» «Biziň çagalarymyz hem beýleki deň-duşlary ýaly tizara okuwlaryny tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam basmak isleýärler. Okuw ýyly has gysgaldylsa gowy bolardy.» Tejribeli mekdep müdiri çagany kämil

Çynar we kädi Giňişleýin oka »

Biri bilen çäklenmäň

Günleriň birinde Mälik şa baş wezirini ýanyna çagyryp: “Köşgüň iň sowatly alymy kim?” diýip sorapdyr. Baş wezir köşkdäki alymlary we olaryň ýagdaýyny birin-birin sanap ugrapdyr. “Pylany alym hasap-hesipden, binagärlikden ökde. Pylany müneçjimçilikden gowy baş çykarýar. O pylany bolsa hak-hukukdan ussat. Ýene biri bar, harby tilsimlere ezber. Ýene birisi bar, ýer-ýurt ylymyny, geografiýany takyk bilýär…” diýip,

Biri bilen çäklenmäň Giňişleýin oka »

Dewid barada hekaýat

(Bu hekaýada beýan edilýän mugallym hanym Reýçel bilen okuwçysy Dewid baradaky wakalar birnäçe ýyl mundan ozal hakyky durmuşda bolup geçen) Hanym Reýçel öňki okuwçylaryny uçurym edip, başlangyç mekdebi tamamlan synplaryň birine ýolbaşçy bolýar. Täze alan synpyna ilkinji gezek sapaga girende, bir okuwçy onuň aýratyn ünsüni çekýär. Ol okuwçy ne üst-başyna, ne-de saçy-başyna üns berýär. Sapak

Dewid barada hekaýat Giňişleýin oka »

Bankadaky daşlar

Bir mekdep ýörite hünärmenleri çagyryp, öz okuwçylaryna wagtlaryny tygşytly ulanmak we işlerini tertipli meýilleşdirmek boýunça kurs berdirýär. Ine, şeýle kurslaryň birine wagtyňy peýdaly ulanmak boýunça hünärmen gelýär. Mekdep bu saparky kursa ýokary synp okuwçylaryny gatnaşdyrýar. Ol hünärmen okuwçylara: «Geliň, siz bilen bile bir kiçijik tejribe geçireliň» diýýär. Hünärmen stoluň üstüne ullakan banka goýýar. Bankanyň gapdalyna-da

Bankadaky daşlar Giňişleýin oka »

Oba gezelenç

Günlerde bir gün baýyň biri maşgalasynam alyp, oba gezelenje gidipdir. Ol şeýle etmek bilen maşgalasyna, esasanam ogluna adamlaryň aslynda nä derejede garyp bolup bilýändigini görkezmek isläpdir. Bir garyp maşgalanyň öýünde birnäçe gün myhman bolupdyrlar. Gezelençden gaýdyp barýarkalar, kakasy ogluna şeýle sowal beripdir: – Adamlaryň nähili garyp bolup bilýändigini gördüňmi, oglum? – Howwa, kaka. – Aýt

Oba gezelenç Giňişleýin oka »

Şemalyň oýny

Her ýyl Kaliforniýa ştatynda uly dabara bilen geçirilýän hasyl bäsleşiginde bir daýhan «Ýylyň iň oňat mekgejöwen öndürijisi» atly baş baýraga mynasyp bolupdyr. Gazanan üstünligine gutlaglar tamamlanan dessine ol oýüne barypdyr-da, täze ekin möwsümi üçin taýýarlan tohumlaryny alyp, goňşularyna paýlap başlapdyr. Bu ahwaly gören ýerli habarçy oňa şeýe sowal beripdir: – Size baş baýragy gazanmaga kömek

Şemalyň oýny Giňişleýin oka »

Jemgyýet ýaş nesli ilkinji nobatda mugallymlara ynanýar

Bir adam ummanyň kenarynda gezmeläp ýörkä, bir ýaş ýigidiň ber-başagaý bolup deňze bir zatlar zyňyşdyryp ýörenine gözi düşýär. Ýanyna baryp görse, ol kenara çykan deňiz ýyldyzlaryny suwa zyňyp ýören eken. Ýaşuly bilesigelijilik bilen sorag berýär: – Näme işleýäň? – Deňiz ýyldyzlaryny ummana oklaýan. – Beh, deňiz ýyldyzy diýýäňmi? O nämçüýn? Ýaş ýigit şonda-da eline ilenleri

Jemgyýet ýaş nesli ilkinji nobatda mugallymlara ynanýar Giňişleýin oka »

Scroll to Top