Maşgala we jemgyyet

Maşgala we nika. Maşgala jemgyyetiň iň gadymy institutlarynyň biri bolup, özüniň peýda bolan döwründen başlap, adamlaryň jemgyyetçilik durmuşynda iňňän wajyp orny eýeläp gelýär. Hatda jemgyýetiň özüniň döremegi hem köp derejede hut maşgalanyň we onuň bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan nikanyň sosial institutlar hökmünde oýlanylyp tapylmagynyň netijesi hasaplanylýar. Munun şeyledigini dinlerde getirilýän rowayatlaram (mysal üçin, ähli adamzat nesliniň Adam atadan we How eneden döränlerden emele gelendigi baradaky, gadymy adamlaryň durmuşyny suratlandyrýan taryhy maglumatlaram doly tassyklaýar). Islendik halkyň taryhy öz gözbaşyny degişli halkyň nesilbaşysy hasaplanylýan haýsydyr bir maşgaladan alyp gaýdýar.

Maşgala – bu nika esaslanan, göni garyndaşlykda (esasan, gan garyndaşlygynda) bolan we çagalaryn terbiýesi bilen bagly bolan adamlaryň birleşmesidir. Maşgalanyň agzalaryny gan garyndaşlygy bilen bir hatarda, hojalygyň bileleşip ýöredilmegi, özara ahlak jogapkärçiligi hem birikdirýär.

Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Maşgala jemgyyetiň ilkinji öýjügidir we esasy birligidir. Magşala jemgyyetiň esasy institutlarynyň biri hökmünde jemgyyetiň ahlak, ruhy we edep kämilliginiň çeşmesi bolup çykyş edýär. Jemgyyetiň sagdynlygy we arassalygy maşgalanyň sagdynlygyna hem arassalygyna baglydyr. Jemgyyetiň durnuklylygy we abadanlygy hem köp babatda maşgalanyň durnuklylygyna we abadanlygyna baglydyr.

Alymlaryň pikiriçe, maşgala taryhy düşünjedir, ol müňýyllykaryň dowamynda üýtgäp, täze hile we mazmuna eýe bolup gelipdir. Taryh ylmynda gadymy döwürlerde maşgalanyň matriarhat (maşgalada esasy ornun aýallara degişli bolan döwür) we patriarhat (maşgalada esasy ornun erkeklere degişli bolan döwri) döwürleriniň bolandygy baradaky maglumatlar berilýär.

Ylymda maşgalalaryň dürli görnüşleri tapawutlandyrylýar. Düzümi boýunça maşgalalar ýönekey we giňeldilen maşgalalara bölünýär. Ýönekeý görnüşli maşgalalarda ene-atalar we çagalar bilelikde ýaşaýar. Olar hem öz gezeginde doly maşgala (ene-atanyň ikisiniň hem-de olardan önen çagalaryň bolmagy) we doly däl maşgala (bir eneden ýa-da bir atadan we çagalardan ybarat bolan) ýaly görnüşlere bölünýär. Köplenç, doly däl maşgalalar aýalyň adamsy ýa-da erkek kişiniň aýalу aradan çykyp dul galmagy ýa-da onuň bilen nikasynyň bozulmagy netijesinde öz çagalary bilen ýeke galan halatynda döreýär.

Giňeldilen maşgala diýlip birnäçe nesilleriň bilelikde bir hojalyk bolup ýaşamagyna düşünilýär. Beýle maşgalada ýaşuly nesliň wekilleri öz ogullary ýa-da gyzlary hem-de olardan önen çagalar (agtyklary) bilen bilelikde ýaşaýarlar. Ir döwürlerde türkmen maşgalalarynyň köpüsi şeyle görnüşli maşgalalar bolupdyr. Şeýle maşgalalar häzirki döwürde hem, esasan-da, oba ýerlerinde, az duş gelmeýär. Çagalarynyň sany boyunça çagasyz, az çagaly, orta we köp çagaly maşgalalar tapawutlandyrylýar.

Nika diylip aýal bilen erkek adamyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň jemgyyet tarapyndan düzgünleşdirilýän we kadalaşdyrylýan görnüşine aýdylýar. Nika — bu özboluşly şertnama bolup, onuň esasynda nikalaşan taraplaryň arasynda öz çagalary we bir-birleriniň ýakyn garyndaşlary bilen baglanyşykly jogapkarçilik döreýär.

Nika maşgalanyň döremeginiň esasy şerti hasaplanylýar. Nika ýörite döwlet edaralary tarapyndan bellige alynýar. Ir döwürlerde nika dine dini düzgünler esasynda düzgünleşdirilipdir. Nikanyň esasynda iki sany aýratyn maşgalanyň arasynda özara garyndaşlyk baglanyşygy emele gelýär. Häzirki döwürde nika, esasan, erkek kişi bilen zenanyň öz şahsy isleglerine görä baglaşylýar. Emma irki döwürlerde nikalar, köplenç halatda, nikalaşýanlaryň öz isleglerine we erkine bagly bolman, olaryň ene-atalarynyň (ýa-da başga ýakyn garyndaşlarynyň) islegine görä baglaşylypdyr.

Ylymda nikanyň hem birnäçe görnüşleri bir-birlerinden ta­pawutlandyrylýar. Nikanyn poliginiýa diýlip atlandyrylýan görnüşi bir erkegiň birnaçe aýal bilen ýa-da bir zenanyn birnäçe erkek kişi bilen nikalaşmagy esasynda tapawutlanýar. Öz gezeginde bir erkegiň iki ýa-da birnäçe zenan bilen nikada durmaklygyna poliginiýa, bir zenanyn iki ýa-da birnäçe erkek kişi bilen nikada durmaklygyna bolsa poliandriýa diýilýär. Taryhy maglumatlara görä, nikanyň poligimiýa görnüşi patriarhallaýyn jemgyýetler (erkekleriň ykdysady agalygy bolan), poliandriýa bolsa matriarhallaýyn jemgyyetler (ykdysady agalygyn ayallara degişli bolan ýerleri) üçin mahsus bolupdyr.

Nikanyň häzirki döwürde iň giň ýaýran görnüşi monogamiýadyr, ýagny bir erkegiň diňe bir zenan maşgala bilen ýa-da bir aýalyň diňe bir erkek kişi bilen nikalaşmagy.

Nikanyň ýakyn garyndaşlykda duran adamlaryň ýa-da şol bir tiräniň wekilleriniň arasynda baglaşylmagyna endogamiýa diýilýär. şeýle nika gadymy döwürlerde öňden gelýän garyndaşlyk gatnaşyklaryny dowam etdirmek islegi ýa-da tiräniň ganyna başga bir tiräniň ganynyň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen baglanyşykly döräpdir. Ýeri gelende aýtsak, endogamiýa görnüşli nikalaşma adaty türkmen jemgyýeti üçin uzak wagtyň dowamynda häsiýetli bolup gelipdir.

Emma onuň tersine, ir döwürlerde köp halklar ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky nikalaşma gadaganlyk girizipdirler. Şeyle görnüşli nikalaşma ylymda ekzogamiýa diýlip at berilýär.

Maşgala gatnaşyklary. Nikalaşmanyň esasynda nikalaşanlaryň öz aralarynda we olardan önen çagalaryň ýa-da olaryň ogullyga, gyzlyga alan çagalarynyň arasynda döreýän gatnaşyklara maşgala gatnaşyklary diýilýär. Nikalaşanlaryň her birinin öz ene-atalarynyň arasynda gaýyn-gudaçylyk gatnaşyklary emele gelýär. Olaryň ýakyn garyndaşlarynyň arasynda hem garyndaşlyk gatnaşyklary döreýär. Birnäçe maşgalanyň arasyndaky gatnaşyklara maşgalaara gatnaşyklar diýilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Jemgyýeti öwreniş” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top