Ilkinjiler

Ilkinji demirýol gatnawy

Ilkinji demirýol gatnawy 1925-nji ýylyň sentýabr aýynyň  25-ne Angliýanyň Darlington diýen ýerinden başlap Stokton aralygynda ýük we ýolagçy gatnatmak maksady bilen ulag inženeri Stepson tarapyndan ulanylýar. 1826-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Mas­sa­çusets şta­tyn­da­ky Ku­in­si şä­he­rin­de bolsa dowamly il­kin­ji de­mir ýol gat­na­wy ýo­la go­ýul­dy. Gra­nit de­mir ýol ug­ry Ku­in­si­den Mil­ton şä­he­rin­de gu­rul­ýan Bun­ker Hill ýa­dy­gär­li­gi­ne gur­lu­şyk […]

Ilkinji demirýol gatnawy Giňişleýin oka »

Poçta hyzmatlarynyň gysgaça taryhy

Adamzat durmuşynda oýlanyp tapylan iň esasy aragatnaşyk ulgamynyň biri hem poçtadyr. Entek tehnologik enjamlaryň ýok mahaly biribirinden uzak­da ýaşaýan kowum-garyndaşlar hat alyşmak arkaly habarlaşýan ekenler. Munuň üçin bolsa poçtanyň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Şol döwürlerde poçta aragatnaşygy hat gatnadyjy adam, eldekileşdirilen kepderiler, itiň käbir görnüşi, uýgunlaşdyrylan atlar, söwda ýolundaky kerwenler tarapyndan amala aşyrylypdyr. Bular ýerli aragatnaşyk bolup,

Poçta hyzmatlarynyň gysgaça taryhy Giňişleýin oka »

Ilkinji paraşýut

Taryhda ilkinji paraşýuty 1480-nji ýylyň başlarynda Leonardo da Winçi oýlap tapypdyr diýilýän hem bolsa, ol aslynda diňe teoretiki tarapyny işläp taýýarlapdyr. Paraşýut bilen baglanyşykly pikirini amala aşyrmandyr we hiç hili barlag geçirmändir. Paraşýutyň uçuş barlagy ilkinji gezek fransuz fizik Lui Sebastiýan Lenormand tarapyndan 1783-nji ýylda amala aşyrylypdyr. Ol şonda bir uly agajyň üstünden iki sany

Ilkinji paraşýut Giňişleýin oka »

Küşt oýuny barada

Küşt oýuny milady IV-V asyrlarda  ilkinji gezek “Çaturanga” ady bilen Demirgazyk Hindistanda  oýnalyp başlanypdyr. Hindilerden soňra bu oýun Eýranda oýnalyp başlanýar. Musulman araplaryň Eýran topraklaryny basyp almagynyň netijesinde bolsa küşt oýuny musulman dünýäsine ýaýrapdyr. *** Iň uzaga çeken küşt oýny 1989-njy ýylda Belgradda oýnalyp, ol 20 sagatdan gowrak dowam edipdir. Oýnuň dowamynda 269 göçüm edilip,

Küşt oýuny barada Giňişleýin oka »

8-nji mart baýramyňyz gutly bolsun!

Mähriban gelin-gyzlar ýetip gelen 8-nji mart baýramyňyz gutly bolsun! Elmydama ýüzüňizde şatlyk bolsun, güler ýüzüňiz solmasyn! Baýramçylygyň taryhy gelip çykyşy. Halkara zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara konferensiýada Klara Setkiniň teklibi boýunça kabul edilýär. Bu baýramçylyk ilkinji gezek 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada bellenilip

8-nji mart baýramyňyz gutly bolsun! Giňişleýin oka »

Ilkinji çaý

Taryhda ilkinji çaý, Hytaýda b.e.öňki 2737-nji ýylda döräpdir.  Rowaýata görä Hytaý imperatory Shen Nung tarapyndan gullugyndakylara bir gysym ýaprak çöpledilip, gaýnadyp içgi ýasadylmagy bilen oýlap tapylypdyr. Imperator, bu içgä çaý diýip at dakypdyr. Taryhy maglumatlara görä biziň eýýamymyzyň 618-906-njy ýyllar aralygynda Hytaýda höküm süren tan nesilşalygy döwründe çaý iň köp içilýän içgi bolupdyr. Biziň eýýamymyzyň

Ilkinji çaý Giňişleýin oka »

Ilkinji sowadyjy

Taryhda ilkinji sowadyjyny 1868-nji ýylda fransuz alymy Çarlz Tellier (1828-1913ý) oýlap tapypdyr. Onuň iýip-içilýän zatlary zaýalanmakdan gorap, sowadyp saklamak üçin ýasan sowadyjysy häzirki günlerimizdäki sowadyjylaryň başlangyjy bolupdyr.  Öz oýlap tapan zadyny subut edip belmedigi üçin, alymyň oýlap tapyjy patendini elinden alypdyrlar. Öz asyrynyň iň uly oýlap tapyjylarynyň biri bolan Çarlz Tellier, gynansagam açlykdan ölüpdir. Ilkinji

Ilkinji sowadyjy Giňişleýin oka »

Ilkinji güneş äýnegi

Ilkinji güneş äýnekleri güneşden, gyş günlerinde bolsa gar we buz böleklerinden goranmak üçin dakynylypdyr. Şol döwürdäki äýnekleriň ýönekeýje şekili haýwanlaryň süňklerinden ýasalypdyr. Süňkleriň aralygynda kici deşijekler goýulupdyr we süňkleriň gapdal gyralaryna halka şekilli ýüpler birikdirilipdir. Halka şekilli ýüpleri gulaklaryň arkasyndan geçirilip özlerine rahat görnüşinde dakyp ugrapdyrlar. Güneş äýnegini ulanan ilkinjileriň biri rim imperatory Nerodur. Onuň

Ilkinji güneş äýnegi Giňişleýin oka »

Saýawanyň taryhy

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, güneşli günlerde ýiti şöhlelerden goranmak üçin saýawan ýa-da güneş äýneklerini ullanýarys. Emma saýawanyň we äýnegiň nireden hem-de nähili maksat bilen adamzat durmuşyna ornaşanlygy hakynda habarymyz ýok. Geliň žurnalymyzyň şu sanynda saýawanyň hem-de äýnegiň taryhy bilen tanyş bolalyň. Aslynda taryhda saýawany ýagyşdan, çygly howadan däl-de, günüň güýçli şöhlesinden goranmak üçin oýlanylyp tapyldy. Saýawan

Saýawanyň taryhy Giňişleýin oka »

Ilkinji uçan adam

Ilkinji uçmaga synanyşan alym Abbas Kasym ibn Firnasdyr. Ol astronom, fizik, himik, şahyr we musulman alymdyr. Taryhy maglumatlara görä, Endulusly (Ispaniýanyň Kordoba şäheri) Abbas Kasym ibn Firnasyň uzak wagtlap geçiren barlaglarynyň netijesinde täze bir enjam oýlap tapypdyr. Ýagny ol üstüne egin-eşik geýip, uly guşuň ganatyny ýasap dakynypdyr. Soňra oýlap tapan enjamyny işledip asmana uçupdyr. Asmanda

Ilkinji uçan adam Giňişleýin oka »

Scroll to Top