Himiýa

Almaz barada

Alym Sol­tan­şa Ata­ny­ýa­zow «Türk­men di­li­niň söz ­kö­ki (eti­mo­lo­gik) söz­lü­gi» at­ly ki­ta­byn­da «Al­maz — kristal gör­nüş­li te­bi­gy gy­raň­la­ry bo­lan mi­ne­ral da­şa — göw­he­re geo­log­lar al­maz di­ýip at ber­ýär­ler. Be­zeg üçin köp ula­nyl­ýan bu daş özi ýa­ly daş­laryň için­de iň gym­mat­ly­sy we berk­di­gi, çy­dam­lydy­gy, ga­ty­ly­gy ba­bat­da iň ýo­ka­ry hil­li­si ha­sap­lan­ýar. Beý­le­ki daş­la­ry al­maz bi­len ke­sip bol­ýan bol­sa-da, […]

Almaz barada Giňişleýin oka »

Şekeriň öndürilişi

Eziz Diýarymyzda şeker önümçiliginiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň azyk maksatnamasyny amal etmekde ähmiýeti örän uludyr. Şeker dürli usullar bilen gant şugundyryndan alynýar. Onuň önümçiligi, esasan, dört tapgyrdan ybaratdyr. Şugundyr gyryndysynyň we şiresiniň alnyşy. Şugundyr şiresiniň arassalanylyşy. Şugundyr şiresiniň goýulandyrylyşy. Şekeriň kristallaşdyrylyşy we guradylyşy. Şeker gant şugundyryndan aşakdaky ýaly yzygiderlilikde alynýar, olara aýratynlykda seredeliň. Şugundyr gyryndysynyň we

Şekeriň öndürilişi Giňişleýin oka »

Himiýa boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri

Her ýyl himiýa, fizika, lukmançylyk we edebiýat ugurlaryna degişli saýlama ylmy açyşlara Nobel baýragy gowşurylýar. Ynha, şu ýyl hem Şwesiýanyň paýtagt şäheri Stokgolmda geçirilen dabarada himiýa ugry boýunça uly açyş eden Emmanuel Şarpantýe bilen Jennifer A. Daudna atly iki zenan bu baýraga mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, DNK, ýagny dezoksiribonuklein (iňlisçesi: «DNA») her bir janly zat

Himiýa boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri Giňişleýin oka »

Organiki däl we organiki himiýada kataliz

Gomogen we geterogen reaksiýalaryň tizligine täsir edýän şertlerden belli bolşy ýaly, katalizatorlar olaryň tizligini ýokarlandyrýandyr. Hakykatdan-da himiki reaksiýalaryň tizligini ýokarlandyrmak üçin katalizator laryň ähmiýeti örän uludyr. Örän köp organiki däl we organiki maddalaryň önümçiliginde katalizatorlaryň orny uly bolup, kükürt kislotasynyň, azot kislotasynyň, metil we etil spirtleriniň, uksus aldegidiniň hem-de beýlekileriň öndürilişi gönüden-göni katalizatorlaryň gatnaşmagynda amal

Organiki däl we organiki himiýada kataliz Giňişleýin oka »

Gomogen we geterogen reaksiýalaryň tizliginiň dürli şertlere baglylyklary

Gomogen we geterogen reaksiýanyň tizligi dürli şertlere bagly bolup, olar şol tizlige täsir edip duran ýagdaýlardyr. Olar esasan aşakdakylardan ybarat: Reaksiýa gatnaşýan maddanyň tebigaty. Maddanyň tebigatyna baglylykda himiki reaksiýalaryň tizlikleriniň dürlüdigi mälimdir. Hatda şol bir görnüşdäki reaksiýalar hem maddanyň tebigatyna baglylykda, ýagny nähili maddanyň gatnaşýandygyna laýyklykda başga-başga tizlikde geçip bilerler. Mysal üçin, wodorodyň ftor bilen

Gomogen we geterogen reaksiýalaryň tizliginiň dürli şertlere baglylyklary Giňişleýin oka »

Alfred Nobel we “Nobel” baýragynyň gelip çykyşy

100 ýyldan hem köp wagtdan bäri ylymda, edebiýatda adamzat üçin peýdaly işleri bitiren adamlar Nobel baýraklary bilen sylaglanyp gelinýär. Nobel parahatçylyk baýragy halklaryň agzybirligi üçin dürli kynçylyklara garşy göreşen, goşunlary azaltmak üçin elinden gelenini eden, bu ugurda janyny gaýgyrman iş alyp baranlara berilýär. Ýöne Alfred Nobeliň we Nobel baýraklarynyň känbir aýdylmadyk we müňlerçe adamyň ölümine

Alfred Nobel we “Nobel” baýragynyň gelip çykyşy Giňişleýin oka »

Elektroliziň ulanylyşy

Elektroliz hadysasy senagatda giňden ulanylýar. Köp sanly möhüm himiki maddalaryň alnyşy elektrolize esaslanýar. Metallary magdanlardan bölüp almak we gaýtadan işlemek üçin hem elektroliz ulanylýar. Elektrometallurgiýa. Senagatda metallaryň köpüsi, ýagny alýuminiý, mis, magniý, hrom, titan we ş.m. elektroliz usuly bilen alynýar. Meselem, bu usul bilen arassa alýumininiň alnyşyna seredeliň. Himiki taýdan baglanyşan alýuminiý (adatça oksidler görnüşinde) saklaýan

Elektroliziň ulanylyşy Giňişleýin oka »

Himiki reaksiýalaryň ýylylyk effekti

Himiki reaksiýalar ýylylygyň siňdirilmegi ýa-da bölünip çykmagy boýunça iki topara, ýagny ekzotermiki we endotermiki reaksiýalara degişli diýip belläpdik. Adatça, himiki reaksiýalaryň geçmegi üçin ýylylyk berilýär ýa-da olardan ýylylyk bölünip çykýar. Diýmek, ekzotermiki we siňdirilmegi ýa-da bölünip çykmagy bolup, ol ýylylyk effekti diýlip atlandyrylýan ululyk bilen kesgitlenilýär. Ýagny, himiki reaksiýalarda siňdirilýän ýa-da bölünip çykýan ýylylygyň mukdaryna reaksiýanyň ýylylyk

Himiki reaksiýalaryň ýylylyk effekti Giňişleýin oka »

Himiki reaksiýalaryň görnüşleri

Himiýa dersi boýunça maddalar we olar bilen bolup geçýän himiki reaksiýalar barada yzygider maglumatlar aldyňyz. Şol maglumatlary umumylaşdyryp, himiki reaksiýalaryň dürli görnüşlerine seredeliň. Ýagny, himiki reaksiýalary dürli alamatlary boýunça toparlara bölüp, olar hem öz gezeginde dürli görnüşde bolup biler. Alamatlary boýunça olary aşakdaky ýaly toparlara bölmek bolar: Okislenme derejesiniň üýtgemegi bilen bolup geçýän himiki reaksiýalar.

Himiki reaksiýalaryň görnüşleri Giňişleýin oka »

Mendeleýewiň tablisasy barada

Himiki elementleriň periodik ulgamy (Mendeleýewiň tablisasy) — himiki elementleriň dürli häsiýetleriniň atom ýadrosynyň zarýadyna bolan garaşlylygyny kesgitleýän klassifikasiýa. Ol ulgam rus himigi D. I. Mendeleýew tarapyndan 1869-njy ýylda kesgitlenilen periodik kanunyň grafiki taýdan aňladylmagy bolup durýar. Onuň ilkinji warianty 1869—1871-nji ýyllarda D.I. Mendeleýew tarapyndan işlenilip düzülýär we elementleriň häsiýetleriniň olaryň atom agramyna (häzirki ýagdaýda, atom massasyna) bolan garaşlylygy kesgitlenilýär. Periodik ulgamy şekillendirmegiň ýüzlerçe warianty (analitiki egriler, tablisalar,

Mendeleýewiň tablisasy barada Giňişleýin oka »

Scroll to Top