Hukuk esaslary

Türkmenistanyň Konstitusiýasy

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda çykan Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy girişden, 142 maddadan, 8 bölümden, 6 bapdan ybarat. I  bölüm :“Türkmenistanyň Konstitusion gurluşynyň esaslary” 1-24-nji maddalar II bölüm : “Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary,azatlyklary we borçlary”  25-65-nji maddalar III bölüm :“Türkmenistanda döwlet häkimiýet edaralarnyň ulgamy”ol özünde 6 baby jemleýär. 1-nji bap “Umumy düzgünler”  66-67-nji maddalar 2-nji bap “Türkmenistanyň […]

Türkmenistanyň Konstitusiýasy Giňişleýin oka »

Ekologiýa hukugy barada düşünje

Ekologiýa hukugy barada düşünje. Ekologiýa diýen adalga grek sözlerinden gelip çykan (oikos – öý, ýaşaýyşýeri, watan, logos – ylym), daşky gurşawy, tebigaty goramak baradaky ylym diýmegi aňladýar. Häzir dünýäniň ähli ýerlerinde «ekologiýa» diýilse, tebigaty goramaga düşünilýär. Adam ýaşamak üçin tebigatdan peýdalanmaly. Tebigatdan rejeli peýdalanmak üçin kanunçylyk belli bir kadalary beýan edýär. Diýmek, adamlaryň tebigatdan peýdalanmak

Ekologiýa hukugy barada düşünje Giňişleýin oka »

Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygynda ynsanperwerlik

Jenaýat kanunçylygynda ynsanperwerlik hakynda düşünje. Halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerinden we dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryndan ugur alyp, Türkmenistan adamy jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy diýip ykrar etdi. Biz ynsanperwerligi, demokratiýany, adam azatlyklarynyň we hukuklarynyň amala aşyrmagynyň ýoluny millilik bilen geçirýäris. Jeza çäreleriniň terbiýeçilik maksady. Jeza täze Jenaýatlaryň edilmeginiň öňüni almak maksatlary bilen

Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygynda ynsanperwerlik Giňişleýin oka »

Jenaýat jogapkärçiligi barada düşünje

Jenaýat jogapkärçiligi barada düşünje. Jenaýat jogapkärçiliginiň esaslary. Jenaýaty etmek günäkäriň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine we onuň iş kesilen şahsyýet diýip ykrar edilmeginden ybarat bolan jenaýat hukuk netijelere getirýär. Jenaýat jogapkärçiligi – edilen etmişlere garşy döwletiň çäresidir. Jenaýat jogapkärçiligi döwlet tarapyndan mejbur ediş çäreleriň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Döwlet mejbur ediş çäreleri jenaýat jogapkärçiliginiň mazmuny hökmünde ýüze çykýar

Jenaýat jogapkärçiligi barada düşünje Giňişleýin oka »

Jenaýatyň görnüşleri

Jenaýatyň görnüşleri. Jenaýatlar görnüşi boýunça ýeke-täk (ýönekeý) we çylşyrymly jenaýatlara bölünýärler. Jenaýatçylykly etmişiň hereketiň ýa-da hereketsizligiň üsti bilen amala aşyrlmagy, günäniň görnüşi boýunça ýeketäk (ýönekeý) we çylşyrymly jenaýatlara bölünmek, jenaýat hukugynyň nazaryýetinde (teoriýa) giňişleýin seredilýär. Ýeke-täk jenaýat diýlip, bir hereketden (hereketsizlikden) we bir netijeden ybarat etmişe aýdylýar. Ol Jenaýat kodeksiň Aýratyn bölümüniň bir maddasynda ýa-da

Jenaýatyň görnüşleri Giňişleýin oka »

Jenaýat hukugy we jenaýat barada düşünje

Jenaýat hukugy we jenaýat kanuny barada düşünje. Jenaýat hukugy, hukugyň bir ulgamy bolup, döwletiň ýokary kanun çykaryjy edarasy tarapyndan bellenen, jenaýat eden adamlar babatda jeza bermek, döwlet mejbur edişiniň beýleki çärelerini ulanmak ýoly bilen jemgyýetçilik gatnaşyklaryny jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan goraýan, şonuň ýaly-da jenaýat jogapkärçiliginiň esasyny, jenaýat jogapkärçiliginden boşatmagyň we jeza bermeginiň iş kesilenlik aýbynyň ýatyrmagyny, lukmançylyk

Jenaýat hukugy we jenaýat barada düşünje Giňişleýin oka »

Ene-atanyň we çagalaryň arasynda ýüze çykýan şahsy we emläk gatnaşyklary

Ene-atalaryň we çagalaryň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklarynyň esaslary. Ata-ene bilen çagalaryň özara hukuklary we borçlary çagalaryň gelip çykyşynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tassyklanan wagtynda ýüze çykýar we çagalaryň kimden bolandygyna esaslanýar. Çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna onuň ata-enesi hakynda maglumatlar nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň esasynda girizilýär. Çaga öz aralarynda nikada durýan adamlardandoglanda, çaganyň kakasy

Ene-atanyň we çagalaryň arasynda ýüze çykýan şahsy we emläk gatnaşyklary Giňişleýin oka »

Maşgala hukugy barada düşünje. Nika bozulmagyň tertibi we şetleri (Dowamy)

Nikanyň bes edilmegi. Nikanyň bozulmagynyň tertibi. Nika är-aýalyň biri ölende ýa-da kazyýet tarapyndan är-aýalyň biri ölen diýlip yglan edilende ýa-da nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilende; nikanyň bozulmagy bellige alnanda; nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girende bes edilýär. Nika iki tertipde bozulup bilner. Birinji tertip – RÝNÝ edarasy tarapyndan, ikinji

Maşgala hukugy barada düşünje. Nika bozulmagyň tertibi we şetleri (Dowamy) Giňişleýin oka »

Maşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagyň tertibi we şetleri

Maşgala hukugy barada düşünje. Maşgala hukuk gatnaşyklary we olaryň görnüşleri. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan (perzentlige almak) ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary hem-de borçlary bilen baglanyşykly şahslaryň topary maşgala diýlip hasap edilýär. Türkmen maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan galan

Maşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagyň tertibi we şetleri Giňişleýin oka »

Raýat-hukuk jogapkärçiligi

Raýat hukuk jogapkärçiliginiň şertleri. Hukuk jogapkärçiliginiň esasy wezipesi hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, bozulan hukuklary öňki derejesine dikeltmek bolup durýar. Şeýlelikde, hukuk gatnaşyklarynyň talabalaýyk kadaly bolmagy üpjün edilýär. Hukuk jogapkärçiligi özünde şu alamatlary jemleýär: Döwletiň mejbur ediş çäresi; Hukuk bozulmasy üçin kanunda bellenen; Bu döwlet mejbur ediş çäresini diňe ygtyýarly döwlet edaralary ulanyp bilýär; Haýsydyr bir

Raýat-hukuk jogapkärçiligi Giňişleýin oka »

Scroll to Top