Informatika

Howpsuzlyk düzgünleri

Kompýuterde işläniňde ýadamazlyk üçin dogry oturmaly, klawiaturanyň üstünde elleriňi dogry saklap, barmaklaryň bilen düwmeleri dogry basmaly. Kompýuterde işlenende dogry oturmagyň düzgünleri: aýaklaryň ýerde ýa-da ýörite aýak goýulýan enjamyň üstünde dogry durmaly; oturgyçda göni ýa-da biraz yza çekilibräk, biliňi dogry, dik tutup oturmaly; küýkerilip, bükülip, eglip, boýnuňy süýndürip oturmak bolmaýar; tirsegiňi biliňe, göwräňe ýakyn saklamaly; tirsekden […]

Howpsuzlyk düzgünleri Giňişleýin oka »

Informasiýa barada düşünje. Informasiýanyň görnüşleri

Informasiýa sözi «informatio» diýen latyn sözünden gelip çykýar we türkmen diline terjime edilende maglumat, habar, düşündirmek ýaly manylary berýär. Häzirki wagtda informasiýa düşünjesiniň aýdyň kesgitlemesi ýokdur. Informasiýa düşünjesi adamzat jemgyýetiniň ähli pudaklarynda ulanylýar. Ylymda informasiýa düşünjesi şol ylymdaky düşünjeler bilen baglanyşdyrylýar. Fizikada termodinamiki sistemanyň tertipsizliginiň ölçegi bolup entropiýa hyzmat edýär. Şol bir wagtda sistemanyň tertipliliginiň

Informasiýa barada düşünje. Informasiýanyň görnüşleri Giňişleýin oka »

Obýektleriň häsiýetleri baradaky çyn ýa-da ýalan pikir aýtmalar

Haýsy-da bolsa bir zat tassyk ýa-da inkär edilýän sözleme pikir aýtma diýilýär. Pikir aýtma çyn ýa-da ýalan bolup biler. Hakykata laýyk gelýän pikir aýtmalara çyn, hakykata laýyk gelmeýänlerine ýalan pikir aýtmalar diýilýär. Mysal üçin: “ Aşgabat, Garaşsyz we Bitarap döwlet” – çyn pikir aýtma, “2+2=5” – ýalan pikir aýtma . Pikir aýtmalar diňe habar sözleminde

Obýektleriň häsiýetleri baradaky çyn ýa-da ýalan pikir aýtmalar Giňişleýin oka »

Modelleriň görnüşleri

Adam obýektleriň (jandarlaryň, predmetleriň ýa-da hadysalaryň ) häsiýetleri barada olara gözegçilik etmek esasynda bilýär. Eger-de gözegçilik etmek kyn ýa-da howply bolsa, onda obýektleriň ýerine olary “çalşyryjylar”: suratlar, maketler, heýkeller, fotografiýalar, filmler ulanylýar. Bu “çalşyryjylar” obýektleriň häsiýetleriniň bölegini şöhlelendirýärler. Mysal üçin, “Waharman” gawunynyň suraty onuň reňkini, formasyny berse-de ysyny we tagamyny berip bilmez. Modele obýekti çalşyryjy

Modelleriň görnüşleri Giňişleýin oka »

Modeller barada düşünje

Adam özüni gurşap alan dünýä akyl ýetirmäge çalyşýar, ol bar bolan obýektler bilen gatnaşykda bolup, täze obýektleri döredýär. Bizi gurşap alan dünýä düşünmegiň usullarynyň biri modelleşdirmedir. Modelleşdirmek arkaly hakyky obýektler olaryň modelleri bilen çalşyrylýar. Obýekti çalşyryjyny model, başdaky obýekti bolsa asyl nusga (original) diýip atlandyrmak kabul edilendir. Mysal üçin, gepleşikde biz hakyky obýekti onuň ady

Modeller barada düşünje Giňişleýin oka »

Nyşanlary we häsiýetleri boýunça obýektleri tapawutlandyrmak

Obýektleriň atributlaryny olaryň nyşanlary we ýerine ýetirýän işleri boýunça bölüşdirmek bolýar. Siziň bilişiňiz ýaly obýektiň nyşany “ol nähili”, onuň ýerine ýetirýän işi “ol näme edip bilýär” (ýa-da ol bilen näme edip bolýar) diýen soraga jogap berýär. Mysal üçin, awtoulag: «nähili» – ýeňil, dört tigirli, çalt, ak reňkli, ýaponlaryňky; «ony näme etmek bolýar» – satyn almak,

Nyşanlary we häsiýetleri boýunça obýektleri tapawutlandyrmak Giňişleýin oka »

Köplükler

Siz durmuşda dürli köplüklere gabat gelensiňiz, emma köplükler barada pikir eden dälsiňiz. Mysal üçin mekdepde dürli synplarda okuwçylar (oglan-gyzlar) okaýarlar. Olary umumy nyşanlar birikdirýär: daşky görnüşleri (formalary) we ýaş derejeleri. Şonuň üçin mekdebiň ähli okuwçylary köplügi düzýär diýip aýtmak bolar. Haýsy bolsa-da käbir nyşanlary bilen meňzeş bolan obýektleriň toparyna köplük diýilýär. Obýekti beýan etmek onuň

Köplükler Giňişleýin oka »

Flash wektor grafiki redaktory barada düşünje we onuň gurallary

Flash programma animasion (latynça animare sözi “janlandyrmak” diýen manyny berýär) filmler, kompýuter oýunlary işlenip taýýarlananda şeýle hem web-sahypalar, interaktiw okuw gollanmalary we prezentasiýalar döredilende ulanylýar. Flash programmasynyň mümkinçilikleri: kompýuterde özbaşdak (awtonom) seretmek we olary internetde ýerleşdirmek üçin interaktiw multimedia dokumentlerini döretmek; animasiýaly şekilleri we multiplikasiýa filmleri döretmek; (Flash-animasiýa beýleki islendik kompýuter animasiýasyndan çalt ýerine ýetirilýär);

Flash wektor grafiki redaktory barada düşünje we onuň gurallary Giňişleýin oka »

Syçanyň ulanylyşy

Informasiýalary girizmek üçin, klawiaturadan başga­da syçan ulanylýar. Kompýuteriň ekranynda obýektleri görkezmek, surat çekmek we ş.m. işler üçin syçany ulanmak bolar. Tekst kursory – bu ýanyp­-sönüp duran dik kesimi ýada salýar. Ol klawiaturadan giriziljek belginiň ýazyljak ýerini görkezýär. Syçanyň kursory bolsa ýapgyt ugur görkezgiç (peýkam) görnüşindedir. Syçanyň süýşürilmegi bilen ekranda kursor hem süýşýär. Syçanyň bir tigirjigi

Syçanyň ulanylyşy Giňişleýin oka »

Obýekt barada düşünje

Adamy hemme ýerde dürli obýektler gurşap alýarlar: janly we jansyz hem-de dürli gurluşly we ölçegli predmetler. Adamlar, ösümlikler we haýwanlar, oýunjaklar we gurallar, maşynlar we otlular, köçeler we şäherler, planetalar we ýyldyzlar – bularyň hemmesi obýektlerdir. Hadysa, waka, çäre – bular hem obýektlerdir. Mysal üçin: futbol topy, mekdep sapagy, spektakl, gezelenç etmek. Obýekt bizi gurşap

Obýekt barada düşünje Giňişleýin oka »

Scroll to Top