Häzirki zaman ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklary – 2

Isleg we teklip. Isleg we teklip bazar gatnaşyklarynyň möhüm hem-de aýrylmaz bölekleridir. Satyn alyjynyň bazardaky haýsy hem bolsa bir haryda islegi bolan ýagdaýynda, ol şol harydy belli bir bahadan satyn alýar. Satyn alyjynyň belli bir döwür aralygynda belli bir bahadan satyn alyp biljek harydynyň möçberine isleg diýilýär. Diýmek, satyn alyjynyň satyn alyp biljek harydynyň mukdary we onuň bahasy islegiň möçberini emele getirýär.

Islegiň möçberi bilen harydyň bahasynyň arasynda özara baglanyşyk bardyr. Baha ýokarlananda haryda bolan isleg azalýar we tersine, baha peselende, haryda bolan isleg artýar. Haryda bolan islegiň şular ýaly üýtgemegine bolsa isleg kanuny diýilýär.

Isleg kanuny käbir ýagdaýlarda hereket etmeýär. Meselem, haryt gytçylygy dörände, harytlaryň bahasynyň ýokarlanjaklygyndan howatyrlanylan halatynda, süýşürintgi maksady bilen satyn alynýan gymmat bahaly metallar we daşlar babatda we şuňa meňzeş ýagdaýlarda isleg kanuny hereket etmeýär.

Harytlara bolan islegiň möçberi diňe baha bagly däldir. Oňa beýleki hadysalar hem täsir edýär. Mysal üçin, satyn alyjylaryň sanynyň köpelmegi ýa-da azalmagy, olaryň girdejileriniň artmagy ýa-da azalmagy, hili boýunça tapawutlanýan täze harytlaryň ýüze çykmagy we şuňa meňzeşler bazardaky harytlara bolan islegiň möçberine öz täsirini ýetirýär.

Teklip diýlip satyjynyň harytlary belli bir bahadan satmaklyga bolan islegine aýdylýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde satyjy adamlaryň isleg bildirýän harytlaryny satýan hem bolsa, onuň esasy maksady peýda almakdyr. Belli bir bahadan belli bir döwrüň dowamynda satmaklyga hödürlenýän haryda teklibiň möçberi diýilýär. Teklibiň möçberi bilen harydyň bahasynyň arasynda göni baglanyşyk bardyr. Baha ýokarlananda

teklip artýar, baha peselende bolsa, teklip azalýar. Teklip bilen bahanyň arasyndaky şular ýaly arabaglanyşyga bolsa teklip kanuny diýilýär.

Teklibiň diňe bir baha bagly bolman, eýsem, beýleki hadysalara, ýagny bahadan başga faktorlara hem baglydygyny bellemek gerek. Teklibiň möçberine harydy öndürmek üçin edilýän önümçilik harajatlary täsir edýär. Harydy öndürmek üçin edilýän harajatlar artanda, teklibiň möçberi azalýar. Teklibiň üýtgemegine salgytlar we döwlet býujetinden berilýän subsidiýalar hem täsir edýär. Salgytlar azalan, döwlet tarapyndan haryt öndiirijä subsidiýa berlen ýagdaýynda önümçilik harajatlary hem azalýar. Bu bolsa teklibiň artmagyna getirýär. Salgytlaryň derejesi ýokarlanan ýagdaýynda bolsa teklip azalýar.

Bazar we döwlet. Bazaryň jemgyýetiň ykdysady ösüşinde uly ähmiýetiniň barlygy hemmelere mälimdir. Ýöne jemgyýetiň ösüsiniň belli bir ugurlarynda bazaryň özbaşdak çözüp bilmeýän meseleleri hem bardyr. Şonuň üçin hem döwletiň bazar ykdysadyýetine gatyşmak zerurlygy ýüze çykýar.

Bazar ykdysadyýeti önümçilik serisdelerini netijeli ulanmak we paýlamak, önümçilik bilen sarp ediş ulgamlarynyň arasynda amatly sazlaşygy tapmak, ylmy we tehniki progresi çaltlandyrmak meselelerinde has amatlydyr we işjeňdir. Ýöne häzirki zaman jemgyýetçiliginiň köp ugurlaryndaky işler diňe döwlet tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde kanunçylygyň berjaý edilişine döwlet tarapyndan gözegçilik edilýär. Ykdysadyýetiň pul, salgyt, daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamlarynda hem işler döwlet tarapyndan ýerine ýetirilýär, çünki ol ulgamlaryň işini bazar gatnaşyklary esasynda amala aşyrmak mümkin däl. Şunuň ýaly-da döwletiň ykdysadyýete gatyşmagy jemgyýetçilik düzgün-tertibini goramak, ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek we şuňa meňzeş jemgyýetçilik hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen hem baglydyr. Bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we dyne alyş pudaklarynyň işlerine döwletiň gatyşmagy jemgyýetçilik bähbidi nukdaýnazardan seredilende belli bir derejede zerurdyr. Eger-de bu pudaklaryň işleri tutuşlaýyn bazar gatnaşyklary esasynda guralsa, onda ilatyň belli bir böleginiň şol pudaklaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmezligi mümkin.

Telekeçilik we telekeçi. Bazar ykdysadyýetiniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri hem telekeçilik işidir. Telekeçilik diýlip raýatyň ýa-da raýatlaryň birleşmeleriniň başlangyjy esasynda peýda almak maksady bilen özbaşdak amala aşyrylýan işlere aýdylýar. Häzirki zaman ykdysadyýetinde telekeçiligiň uly ähmiýeti bardyr. Telekeçilikde önümçilik serişdeleri, işçi güýçleri ulanylyp, haryt önümçiligi ýola goýulýar. Şunuň bilen birlikde, telekeçilik ykdysady işlerde adamlaryň başarjaňlyk we ugurtapyjylyk ukyplaryny ulanmaklyga giň mümkinçilik döredýär. Telekeçilik ykdysadyýetiň ösmeginiň, kämilleşmeginiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Telekeçi telekeçilik işlerinde esasy gatnaşyjy bolup çykyş edýär. Telekeçi diýlip öz serişdeleriniň ýa-da karz alnan serişdeleriň hasabyna önümçiligi guraýan adama aýdylýar. Telekeçi hemişe jemgyýetiň isleg bildirýän harytlaryny öndürýär, hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Telekeçi telekeçilik işlerini özbaşdak gurap biler. Eger-de telekeçi telekeçilik işlerini özbaşdak maşgala agzalary bilen kärhana döretmezden alyp barýan bolsa, onda bu hili telekeçilige ýekebara telekeçilik diýilýär. Telekeçilik işleri birnäçe telekeçileriň hyzmatdaşlygy görnüşinde hem ýerine ýetirilip bilner. Şu ýagdaýda telekeçilik işlerini ýerine ýetirmek üçin telekeçiler öz serişdelerini we karzyna alnan serişdeleri ulanýarlar. Şeýle hem bu işe telekeçileriň özleri bilen bir hatarda hakyna tutulan işgärler hem gatnaşýarlar.

Telekeçilik işleriniň esasynda eýeçiligiň dürli görnüşleri durýar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçilik bilen şahsy adamlar, hususy kärhanalar, şeýle hem döwlet meşgullanyp biler.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Jemgyýeti öwreniş” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top