Täsinlikler

Nomofobiýa näme?

Nomofobiýa – bu «no mobile phone phobia» (ykjam telefonyň ýoklugyndan gorkmak) sözlerinden emele gelen täze sözleriň biri bolup, ilkinji gezek 2008-nji ýylda ulanylyp başlanýar. Ol adamlaryň telefonyndan aýrylanda alada edip ugramagyny, täze hat ýa-da bildiriş barmyka diýip zol telefonyny barlap durmagyny, telefonyny hemişe ýanynda götermäge çalyşmagyny aňladýar. Edil resmi ýagdaýda akyl taýdan näsaglyk hasaplanmasa-da, ol gündelik […]

Nomofobiýa näme? Giňişleýin oka »

“Walt Disney” şereketi

“Walt Disney” kompaniýasy dünýädäki iň uly güýmenje toparlaryndan biridir. Bu kompaniýa doganlar Walter Elaýas we Roý Oliwer Disneý tarapyndan 1923-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda kiçi animasiýa studiýasy hökmünde döredilip, häzirki wagtda iň uly transmilli media korporasiýalarynyň biri hem-de Golliwudyň iň uly studiýalarynyň biri hökmünde tanalýar. Mundan başga-da kompaniýa 11 sany güýmenje seýilgähiniň we iki sany akwaparkyň

“Walt Disney” şereketi Giňişleýin oka »

Biler bolsaňyz!

  Adamyň ýaşyna we kärine görä içýän kofe mukdarynyň üýtgäp bilýändigini hünärmenler belläp geçýär. Geçirilen barlaglara görä, her gün 2-3 bulgur kofe içmek maslahat berilýär. *** Hüwiniň gözi hanasynyň içinde aýlanmaýar. Şonuň üçin, ol bir ýere seretjek bolsa, kellesini öwürmeli bolýar.

Biler bolsaňyz! Giňişleýin oka »

Bulary bilýärdiňizmi?

Bäbeklerde 270-den gowrak süňk bar. Adam ulaldygyça, käbir süňkler birleşýär. Uly adamlaryň süňküniň sany 206-dyr. *** Wagtyndan öň dogulan çagalaryň 54 göterimi adatça, çepbekeý bolýar. *** Adamyň ömründe barmaklary takmynan 25 million gezek açylyp-ýumulýar. *** Ynsan bedeninde 5 sm uzynlykdaky çüý ýasamaga ýeterlik demir bar. *** Adamyň nerwleri muskullara garanyňda, 20 esse artyk ýük göterip

Bulary bilýärdiňizmi? Giňişleýin oka »

DÜNÝÄ ARHITEKTURASYNYŇ TÄSINLIKLERI

Häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň ösmegi bilen durmuşymyz uly üýtgeşmeleri başdan geçirýär. Kämil tehnologiýalar ynsan durmuşyny ýeňilleşdirýär we wagtymyzy tygşytly, oýlanyşykly ulanmaga ýardam edýär. Ylmyň ösmegi bilen köpýyllyk tejribeler esasynda kemala gelen häzirki zaman arhitekturasynyň işleri-de göreni haýran edýär. Syýahatçylyk dünýäniň köp ýurtlarynyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär, şonuň üçin-de bu ulgama aýratyn üns berýän ýurtlar jahankeşdeleri,

DÜNÝÄ ARHITEKTURASYNYŇ TÄSINLIKLERI Giňişleýin oka »

Biler bolsaňyz…

Çarli Çaplin bir gezek assyrynlyk bilen “Çarli Çapline meňzeýänler” bäsleşigine gatnaşyp, 3-nji orny eýeleýär. *** Amerikaly bir alym ýüzlerçe haýwanyň ýokardan ýere nähili gaçýandygyny öwrenip, iň çeýe haýwanyň pişikdigini anyklaýar. Pişikler 100 metr ýokardan zyňylsa-da, ýere hiç hili kynçylyksyz aýagynyň üstüne düşýär. *** Kebelekler aýaklarynyň üsti bilen tagam alýarlar.    

Biler bolsaňyz… Giňişleýin oka »

Bulary bilýärdiňizmi?

Russiýany we Ýewraziýany öwrenýän amerikan bilermeni Frederik Starr şeýle diýýär: “Günbataryň iň meşhur üç desgasy (Sankt Peterburgdaky buthana, Florensiýadaky buthana, ABŞ-yň kongresi) Orta Aziýada ýerleşýän Sanjaryň kümmetiniň agtyklarydyr.” *** Bir adamyň damarlarynyň umumy uzynlygy 150 müň kilometrdir. Ýer bilen Günüň aralygynyň uzynlygy bolsa 150 million kilometrdir. *** Kebelekler aýaklary bilen tagam alýarlar.

Bulary bilýärdiňizmi? Giňişleýin oka »

Bulary bilýärdiňizmi?

Adam aglanda, gözýaşynyň ilki sag gözünden akmagy onuň begenjiniň, çep gözünden akmagy gynanjynyň, ikisindenem bir wagtda akmagy bolsa aladalylygynyň nyşanydyr. *** Adamyň ýüregi bir minutda ortaça 5 litr, günüň dowamynda bolsa 7200 litr gan pürkýär. *** Eger kör biriniň ulanýan hasasy ak-gyzyl reňkde bolsa, ol kişi hem kördür hem-de kerdir.

Bulary bilýärdiňizmi? Giňişleýin oka »

Bulary bilýädiňizmi?

Adamyň görüjiligi 576 megapikseldir. Ynsan gözi ýaly ýokary hilli fotopparat bolsady, onda düşürilen her bir suratyň göwrümi 2,5 gigabaýt bolardy. *** Beýnimiziň agramy bedenimiziň agramynyň 2%-ine deňdir. Bedenimiz kabul edýän iýmitimiziň 20%-ini, alýan demimiziň 25%-ini beýnimiz üçin sarp edýär.

Bulary bilýädiňizmi? Giňişleýin oka »

Scroll to Top