Bir otagly jaý

Köp ene-atanyň perzendiniň ýokary okuw jaýyny tamamlamagy baradaky arzuwyny amala aşyryp, men hem lukmançylyk hünäri boýunça diplomymy aldym. Has kämilleşmek üçin uly mümkinçilikleriň we has güýçlüleriň ýurdy bolan Beýik Britaniýa gitmek üçin degişli synaglardan-da geçdim. Beýik Britaniýa baranymda, ähli arzuwlarym amala aşyp,  özümi göz öňüne getirýän derejäme ýeten ýaly duýýardym. Bu ýerde bäş ýyl okap, Hindistana dolanjakdym hem-de oňat işe ýerleşip, ummasyz pul gazanyp biljekdim.

Kakam döwlet işgäridi. Pensiýa çykanda, elinde bir otagly jaýyndan başga hiç hili emlägi ýokdy. Men durmuşda kakamdan has kän iş bitirmek isleýärdim. Emma wagt geçdigiçe, özümi ýalňyz duýup, öýümi küýsäp başladym. Şeýle ýagdaýlarda arzan halkara telefon kartlaryndan peýdalanyp, her hepde öýe jaň edip, maşgalam bilen habarlaşyp durdum.

Aradan iki ýyl geçdi. Wagtymy dynç alyş ýerlerinde, MakDonaldsyň burgerlerinden we KFC-niň towuk butlaryndan garbanyp geçirdim. Günlerde bir gün men öýlenmeli diýen karara geldim. Maşgalam bilen habarlaşyp, olara dynç almak üçin bary-ýogy on günümiň bardygyny we şol on günüň içinde-de hemme zada ýetişmelidigimi aýtdym. Iň arzan uçuşa petek aldym-da, öýe dolanyp baranymda, garyndaşlarymy we dostlarymy begendirer ýaly, sowgat alyşdyrdym.

Öýe baranymdan soň, bir hepdämi gyzlaryň suratlaryny synlamak bilen geçirdim. Wagtyň azalmagy bilen ahyry olaryň birini saýlamaly boldum. Guda tarapymyz şol golaýda dynç alşa çykyp bilmejegimi bilensoň, wagt ýitirmezden, iki-üç günüň içinde toýuň edilmelidigini aýtdy.

Toý sowuldy. Yzyma dolanmagyň wagty gelip ýetdi. Men ejem bilen kakama az-kem pul berip, goňşularymyzdan olardan habar tutup durmaklaryny haýyş etdim we aýalym bilen Beýik Britaniýa gaýtdym.

Aýalym iki aýa golaý ýurduň dürli ýerlerine aýlanyp hezil etdi, ýöne soň özüni ýeke duýup başlady. Onuň hem maşgalasy bilen habarlaşyp durmagy üçin Hindistana ýygy-ýygydan, hepdede kä 2 gezek, käte 3 gezek jaň edýärdik. Wagtyň geçmegi bilen elimizdäki sowalga pulumyz hem azalyp ugrady.

Iki ýyldan soň yzly-yzyna Taňry bize biri gyz, biri oglan – iki sany perzent bagyş etdi. Her gezek ene-atam bilen gürleşenimizde, olar agtyklaryny görmek üçin meni Hindistana çagyrýardylar. Men hem her ýyl Hindistana gitmegi ýüregime düwýärdim, emma iş sebäpli, maddy ýagdaýymyz zerarly her gezek bir päsgelçilik döreýärdi.

Ýyllaryň geçmegi bilen Hindistana gitmek gury hyýala öwrüldi. Bir gün ejem bilen kakamyň agyr syrkawlandyklary barada habar aldym. Gitmäge synanyşdym, ýöne işden rugsat alyp bilmedim. Ýene iş bilen gümra bolup, Hindistana gidip bilmedim. Soňky alan habarymda bolsa ene-atam aradan çykypdy. Olaryň jynaza işlerini ýerine ýetirjek ýakyn hossar bolmansoň, bu işi goňşy-golam berjaý etmeli bolupdy. Men bolsa juda ruhdan düşüpdim. Ejem bilen kakam ýekeje gezek hem agtyklaryny görüp bilmän dünýäden ötüpdi.

Şondan dogry iki ýyl soň aýalymyň we çagalarymyň islegi bilen Hindistana dolandyk. Ýaşar ýaly oňaýly jaý gözläp başladym, ýöne elimde ýeterlik pul ýokdy we ýyllaryň dowamynda jaýlaryň nyrhy esli galypdy. Men şeýdip ýene Beýik Britaniýa gaýtmaly boldum. Aýalym meniň bu pikirime garşy çykdy. Çagalarym bolsa Hindistanda galmak islänokdy. Aýalyma iki ýyldan gurplanyp, yzyma dolanjagyma wada berdim-de, iki çagamy hem yzyma tirkäp, Beýik Britaniýa gaýtdym.

Wagt geçýärdi. Gyzym bir şotlandiýaly ýigide durmuşa çykdy. Oglum bolsa Irlandiýada ýaşamakdan hoşaldy. Hemme zada kaýyl bolup goşumy düwdüm-de, Hindistana tarap ýola düşdüm. Önüp ösen ýerimden iki otagly jaý almaga ýeterlik pulum bardy. Häzir men altmyş ýaşymda we diňe golaýdaky ybadathana gitmek üçin öýden çykýaryn. Aýalym bolsa meni taşlap, ýekeligi saýlap aldy.

Men käwagt «Şu zatlar hökmanmydy?!» diýip, öz ýanymdan pikir edýärin. Kakam Hindistanda ýaşasa-da, jaý edinmegi başarypdy. Men bolsa nähilidir bir gury hyýal sebäpli ene-atamdan, çagalarymdan jyda düşdüm. Penjireden daşaryk seredenimde, çagalaryň üýşüp tans edip ýörendiklerini görýärin.

Al kakmyş telewizorlar biziň geljekki nesillerimize uly zyýan ýetirýär. Çagalar şol sebäpli özleriniň gymmatlyklaryny we medeniýetini ýitirýärler. Hawa, meniň çagalarym hem setanda-seýranda maňa gutlag hatlaryny ugradýarlar…

Her niçigem bolsa olar meni ýatlaýarlar. Emma ölenimde, megerem, goňşy-golamym meniňem jynaza işlerimi berjaý etmeli bolarlar. Goý, olary Taňry ýalkasyn!

… Kellämdäki sorag weli şo-ol aýlanyp dur: «Hökmanmydy?!»

Men muňa häli-häzirem jogap gözleýärin… Jogap berilmedik hiç hili dileg ýok diýýärler… Käwagt jogap hakykatdan-da «ÝOK».

 

Taýýarlan Hajarbibi Çerkezowa

2023-nji ýylyň 5-nji maýy

1 thought on “Bir otagly jaý”

  1. Kakajan Balkanow

    Bu, elbetde ykbal. Her kişiniň ömründe edil pianinonyň klawişalary ýaly ak günlerem, gara günlerem bolup geçýär. Durmuşy külterläňde, zol-zol yzyňa ser salaňda nähili yz galdyrýanyňy synlamaly. Geçen ömrüňden ahmyr çekmän, şatlykly, bagtyýar günleriňiňden, eden ýagşylyklaryňdan razy bolmaly.

Teswir ýaz

Scroll to Top