Maşgala

Bir otagly jaý

Köp ene-atanyň perzendiniň ýokary okuw jaýyny tamamlamagy baradaky arzuwyny amala aşyryp, men hem lukmançylyk hünäri boýunça diplomymy aldym. Has kämilleşmek üçin uly mümkinçilikleriň we has güýçlüleriň ýurdy bolan Beýik Britaniýa gitmek üçin degişli synaglardan-da geçdim. Beýik Britaniýa baranymda, ähli arzuwlarym amala aşyp,  özümi göz öňüne getirýän derejäme ýeten ýaly duýýardym. Bu ýerde bäş ýyl okap, […]

Bir otagly jaý Giňişleýin oka »

Çagany gulp astynda saklamak

Çaga terbiýesinde ata-eneleriň esasy wezipeleriniň biri olara gözegçilik etmekdir, göz-gulak bolmakdyr. Muňa olaryň hersi birhili düşünýär. Käbiri çagalaryny çakdan aşa gowy görüp, jaýdan, howludan daş çykarman, gorap, aýap saklasaň gowy bolýar diýip pikir edýär. Çagalarynyň her bir hereketini yzarlap, gözden salmazlyga çalyşýarlar. Netijede olaryň erkini, örüsini çäklendirýärler. Beýle garaýyş ýalňyşdyr. Çagany durmuşdan üzňe, dar galypda

Çagany gulp astynda saklamak Giňişleýin oka »

Bäbek we agy

Agynyň äheňi bäbegiň näme isleýändigini aňladýar. Agy ýa-da aglamak bäbegiň öýkenine peýdaly. Ýöne aşa köp aglasa, bäbegiň gan basyşy ýokarlanýar we ýürege barýan kislorod azalýar. Bäbekler günde ortaça 1-4 sagat aralygynda aglaýar. Dogabitdi näsag çagalar ondan-da köp aglaýarlar. Bäbek bolmalysyndan az aglaýan bolsa bu-da onuň näsag bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Bäbekler ajyganda bir, ýadanlarynda başga äheňlerde

Bäbek we agy Giňişleýin oka »

Mähribanlaryma hat

Mähribanlarym ejem bilen kakam! Duýgularymy we düşünjelerimi doly beýan edip bilsedim, size şulary aýtmak islärdim: Men gün saýyn ulalyp kämilleşýärin. Siziň çagaňyz bolsamam, men düýbünden başgaça. Şonuň üçinem meni doly tanap, dogry düşünmäge çalşyň. Birentek zady tejribe bilen öwrenýärin. Bolşuma düşünmekde kynçylyk çekmegiňiz mümkin. Näme oýun oýnajagymy, kim bilen dostlaşjagymy, nämelere güýmenjegimi, goý, özüm saýlaýyn.

Mähribanlaryma hat Giňişleýin oka »

Pähimli sözler

Häzirki döwürüe ata-eneler tejribeli mugallymyň gözleginde. Ýatdan çykarmalyň mugallymlaram gowy ata-enäniň gözleginde. Ata-enäniň terbiýelemedigi çagany terbiýelemek örän kyn. Pedagoglar *** Çagalaryňyzy baý däl-de bagtly bolar ýaly edip terbiýeläň. Stiw Jobs *** Özüňizde bolmadyk zatlary alyp bermegiň ýerine, çagalaryňyza size öwredilmedik zatlary öwrediň. Maddy miras könelse-de, bilim terbiýe könelýän däldir. Brýus Li

Pähimli sözler Giňişleýin oka »

Gaýyn-gelin gatnaşygy

Okyjylaryň ýaşdygy, durmuş tejribeleriniň ýokdugy, şol sebäpden hem gözýetimleriniň şol derejededigi bildirýär. Emma begendirýän tarapy, olaryň durmuşa düşünmäge, dogry ýoly saýlamaga höweslidikleri. “Men gaýyn-gelin arasyndaky oňşuksyzlygyň esasy sebäbi nämedekä?” diýip köp pikirlendim. Meniň pikirimçe, biz maşgala mukaddesligi diýlen düşünjäni unudýarys. Elbetde, beýle mukaddeslikler bardyr hem öýtmeýän kişi “hozuň mürrügini”, “Armydyň sapy, samanyň çöpi” diýip saýlap

Gaýyn-gelin gatnaşygy Giňişleýin oka »

Bilim, terbiýe we hünär saýlamak

Çagalara terbiýe bermekde mugallymlaryň göreldesi uludyr. Mekdepde her bir mugallym ýaşlara bilim bilen birlikde asylly terbiýe hem berip, maşgalada berlen terbiýäniň üstüni ýetirýär. Bu meselede ata-ene bilen mugallymyň birleşen tagallasy gerekdir. Maşgalada gowy terbiýe berilmedik çaga mekdepde mugallym tertibe çagyryp, terbiýe berjek bolsa körpe oňaýsyz ýagdaýa düşýär. Käbir ata-eneler bolsa mekdepde mugallym diňe bilim bermeli

Bilim, terbiýe we hünär saýlamak Giňişleýin oka »

Tomsy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin maslahatlar

Näçe ýaşynda bolsa bolubersin, her bir okuwçy ýyl boýy tomsuň gelerine garaşýar. Onuň dynç alyş möwsümini isleýşi ýaly geçiresi gelýär. Sebäbi tomsuň üç aýy dynç almak we durmuşyňa täzelikler girizmek üçin tapylgysyz pursat. Dynç alyş möwsüminiň göwnejaý bolmagy çagalaryň kämilleşmegine juda oňyn täsir edýär. Elbetde, dynç alyş möwsüminde ata-eneler hem öz çagalarynyň wagtyny gowy geçirmegini

Tomsy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin maslahatlar Giňişleýin oka »

Maşgala we jemgyyet-2

Maşgalanyň esasy wezipeleri. Maşgala – bu bir hojalyga degişli çagalar we ene-atalardyr. Her bir maşgala özboluşly, gaýtalanmaýan bir dünýädir. Şonuň üçinem her bir adam jemgyyetçilik durmuşynyň tejribesini, ilki bilen, hut öz maşgalasynda alyp başlaýar. Jemgyyetiň esasy sosial instituty hökmünde maşgala jemgyýet üçin wajyp bolan birnäçe wezipeleri ýerine ýetirýär. Ilkinji nobatda, maşgala çaga dogluşynyň netijesinde täze nesliň

Maşgala we jemgyyet-2 Giňişleýin oka »

Okuwçylaryň ýalňyşyny nädip düzetmeli?

Çaganyň ýalňyşmagyna ýol bermeseň, onuň özbaşdak karara gelmek ukyby kämilleşmeýär. Jon Erskin Goýberen ýalňyşyny ýüzüne basmaly däl. Biriniň hatasyna –gerek ýerinde– umumy göz bilen garap, hemme kişä ýüzlenip aýtmaly. Okuwçyny köpçüligiň içinde kemsitmeli däl. Mugallym çaganyň ýalňyşyny synpda ýüzüne bassa, okuwçysy bilen arasynyň bozulmagyna, özara hormatyň we söýginiň ýitmegine sebäp bolup biler. Şeýle halatdan soň,

Okuwçylaryň ýalňyşyny nädip düzetmeli? Giňişleýin oka »

Scroll to Top