Saglyk

Sosial ulgamyň ukymyza täsiri

Ýatmazdan ozal ykjam telefonymyzy, ylaýta-da sosial ulgamy ulanmagymyz ukymyza ýaramaz täsir edýär. Akylly telefonlaryň, planşetleriň we kompýuterleriň ýagty ekrany bedenimiziň ukudan oýanmak we uka gitmek dolanyşygyny kadalaşdyrýan melatonin gormonynyň öndürilmegine päsgel berýän gök ýagtylyk çykarýar. Sosial ulgamy üznüksiz ulanmaklyk beýnimizi işjeň saklap, gözümiziň ýumulmagyny we ukymyzyň tutmagyny kynlaşdyrýar. Netijede, gijeki almaly ukymyz gysgalýar, ukymyzyň hili […]

Sosial ulgamyň ukymyza täsiri Giňişleýin oka »

Brusellýoz (Mal keseli)

Bruselloz – zoonoz (haýwanlaryň üsti bilen geçýän) ýokançly kesel bolup, süňkleriň, myşsalaryň, nerw we jynsy ulgamyň şikeslenmegi bilen geçýändir hem-de bedeniň umumy zäherlenmegi bilen häsiýetlendirilýändir. Brusellozy döredijiler togalak ýa-da taýajyk görnüşli brusellalar bolup, olaryň esasan 6 görnüşi bellidir. Adamda keselçiligi döretmekde, ownuk şahly mallarda brusellozy dörediji – Brusella melitasis ýokançlygynyň orny uludyr. Ol keseliň agyr görnüşini

Brusellýoz (Mal keseli) Giňişleýin oka »

Göwräňi dik saklamagyň peýdalary

Arkaňyz näçe owadan bolsa, şonça-da özüňize ynamly bolýarsyňyz Göwräňi dik tutmak özüňe bolan ynamyňy artdyrýar. Şeýle edip görüň: uludan dem alyň we dik duruň. Özüňizi has gowy, has ynamly duýýaňyz, şeýle dälmi? Meselem, kafedekäňiz daş-töweregiňizdäki adamlara serediň. Näçe adamyň nahar başynda küýkerýändigine üns beriň. Olary tabagyň üstüne abanmagyň deregine, dik oturyp, wilkany ýa-da çemçäni agzyna

Göwräňi dik saklamagyň peýdalary Giňişleýin oka »

Bäbek we agy

Agynyň äheňi bäbegiň näme isleýändigini aňladýar. Agy ýa-da aglamak bäbegiň öýkenine peýdaly. Ýöne aşa köp aglasa, bäbegiň gan basyşy ýokarlanýar we ýürege barýan kislorod azalýar. Bäbekler günde ortaça 1-4 sagat aralygynda aglaýar. Dogabitdi näsag çagalar ondan-da köp aglaýarlar. Bäbek bolmalysyndan az aglaýan bolsa bu-da onuň näsag bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Bäbekler ajyganda bir, ýadanlarynda başga äheňlerde

Bäbek we agy Giňişleýin oka »

Tut agajy

Tut agajy — tutlar maşgalasyna degişli ösümlik bolup, beýikligi 10-15 metre ýetýän, ýaprak dökýän, ýasy, seteran ýaprakly agaçdyr. Tut miwesi — çylşyrymly, şireli, 2-3 santimetr uzynlykda bolan, ak we gyzyldan goýy benewşe reňkine çenli dürli reňkli miwedir. Käbir görnüşleriniň süýji tagamy we ýakymly ysy bolýar. Bu agaç 200 ýyla çenli, käteler  500 ýyla çenli ýaşaýar.

Tut agajy Giňişleýin oka »

Oňurga ýiligi we onuň ýerine ýetirýän işleri

Oňurga ýiliginiň gurluşy. Oňurga ýiligi merkezi nerw ulgamynyň iň irki emele gelen bölümidir. Onuň silindr şekilli görnüşi bolup, uzynlygy 42-45 sm, diametri 1 sm töweregidir. Oňurga ýiligi oňurgalygyň süňk ýodasynda ýerleşýär. Ol kelleçanagyň ýeňse deşiginiň aşagragyndan başlanyp, süýri beýniniň gös-göni dowamydyr. Ol 1-2-nji bil oňurga süňkleriniň deňine çenli ýetýär. Ol ýerden türre süňküne çenli onuň

Oňurga ýiligi we onuň ýerine ýetirýän işleri Giňişleýin oka »

Kofe barada

Ir bilen kofe içmek adamyň şähdini açýar, göwnüni göterýär. Häzire çenli geçirilen birnäçe ylmy barlaglar kofeniň adam saglygyna peýdalydygyny ýüze çykardy. Wengriýanyň Zemmelwaýs uniwersitetiniň hem-de Londonyň Şa zenany Mariýa uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlagynda kofeniň gan basyşyny artdyrmaýandygy, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýandygy ýüze çykaryldy. Ylmy barlagyň awtordaşy Steffen Petersen az mukdarda yzygiderli kofe içmegiň zyýanly däl,

Kofe barada Giňişleýin oka »

Galkan görnüşli mäz, mäzleriň «soltany» (gipofiz), epifiz we timus mäzleri

Galkan görnüşli mäz. Içki sekresiýa mäzleriniň bu görnüşi boýnuň öň tarapynda ýerleşýär. Ol bokurdagyň öň tarapky diwaryny – galkan görnüşli kekirdewügini emele getirýän uly kekirdewügiň üstünde ýerleşýär. Onuň ady hem şondan gelip çykandyr. Galkan görnüşli mäziň örän köpsanly kiçijik örtüji dokumalardan emele gelen gabarçaklardan ybaratdygy ulaldyjy abzal astynda görünýär. Bu gabarçaklary has inçe gan damarlary

Galkan görnüşli mäz, mäzleriň «soltany» (gipofiz), epifiz we timus mäzleri Giňişleýin oka »

Suwuň peýdasy hakynda

Arassa suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Suw iýmitiň özleşmegine ýardam berýär. Suw aşgazan ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişlere gatnaşýar. Şonuň ýaly-da, bedeniň gyzgynlygyna hem täsir edýär. *** Durmuşda suw içmegi endik etmek zerurdyr. Iň esasy bolsa, käte biz ajygan mahalymyzda hem, suw içmegi ýola goýmaly. Bu agşamlyk naharyny agyr iýmekden halas edýär. Sebäbi

Suwuň peýdasy hakynda Giňişleýin oka »

Aşgazanasty we böwrekleriň üstündäki mäzler

Aşgazanasty mäz. Aşgazanasty mäzde aşgazanasty şire emele gelýär. Şire mäzden çykaryş ýollary boýunça onikibarmak içegä dökülýär. Aşgazanasty şire iýmit siňdiriş ulgamynyň şu bölüminde ýokumly maddalaryň dargama hadysasyna gatnaşýar. Bu aşgazanasty mäziň daşky sekresiýa wezipesidir. Aşgazanasty mäzde toplumlary – adajyklary emele getirýän aýratyn öýjükler bar. Olaryň öz çykaryş ýollary bolmaýar. Bu öýjükler öz gormonlaryny adajyklaryň içinden

Aşgazanasty we böwrekleriň üstündäki mäzler Giňişleýin oka »

Scroll to Top