XVIII-XIX asyrlarda Gündogarda we Ýewropada jemgyýet baradaky garaýyşlar

Jemgyýeti öwrenişiň (sosiologiýanyň) ylym hökmünde döremegi we ösmegi. O.Kontuň we K.Marksyň jemgyýet baradaky taglymatlar . XVIII-XIX asyrlarda ýa-da ylymda Täze döwür diýlip atlandyrylýan döwürde, jemgyýet baradaky filosofiki işler köpelip başlaýar. Dürli meseleler, babatynda Ýewropa alymlary has önjeýli işläpdirler. Ol döwürde ýewropaly alymlaryň içinden jemgyýet meselelerine degişli ýörite eserler döreden alym­laryň arasynda Žan Žak Russo (1712- 1778), Sen-Simon (1760-1825), Şarl Furýe (1772 -1837), Adam Smit (1723-1790), Georg Wilgelm Fridrih Gegel (1770-1831), Ogýust Kont (1798-1857), Karl Genrih Marks (1818-1883), Gerbert Spenser (1820-1903) ýaly alymlar has tapawutlanýar. Bu döwür jemgyýeti öwrenişiň aýratyn ylym hökmünde dörän we Ösüp başlan döwri hasaplanylýar. Ogýust Kont öz ylmy işlerinde jemgyýete çylşyrymly bir bütewi organizm hökmünde seredip, jemgyýetiň ony düzýän adamlaryňkydan aýry, diňe onuň özüne degisli hil aýratynlygynyň barlygyny subut etmäge çalysýar. O1 öz halypasy Sen-Simonyň sosial fizika taglymatyny goldap, jemgyýeti ylmy taýdan öwrenýän ýörite ylmyň sosiologiýa ylmynyň döremeginiň gözbaşynda durupdyr. Onuň pikiriçe, sosiologiýa ylmy jemgyýeti iki görnüşde, ýagny sosial statika we sosial dinamika (hereketsiz we hereketli halda) görnüşlerde öwrenmäge çalyşmaly. So­sial statikanyň wezipesi jemgyýetiň ýaşaýşynyň üýtgewsiz şertlerini öwrenmekden ybarat bolmaly. Sosial dinami­ka bolsa jemgyýetiň hereketli öşüsini açyp görkezmäge synanyşmaly. Filosofiýada taryhy materializm diýilýän ugruň döredilmegi görnükli nemes alymy Karl Marksyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Marksyň taryhy materializminiň esasyny onuň jemgyýetçilik  formasiýalary baradaky taglymaty düzýär. Bu taglymatda adamzat jemgyýetiniň tary­hy ösüşi önümçilik usulynyň aýratynlyklaryna görä bäş sany formasiýa (ilkidurmus obşina, gul eýeçilk,  feodalizm, kapitalizm we sosializm ) bölünýär. Onuň pikiriçe, jemgyýetçilik ösüşi maddy önümçiligiü ösüs derejesine bagly ýa-da başgaça aýdylanda, jemgyýetçilik aňyny jemgyýetçilik barlygy kesgitleýär.

Azadynyň we Magtymgulynyň jemgyýet hakyndaky pikirleri. Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azady (1700-1760) jemgyýeti öwreniş ylmy bilen ýörite meşgullanan alym däl hem bolsa, onuň edebi mirasynda jemgyýetçilk gurluşynyň meseleleri özüniň çuňňur beýanyny tapypdyr. Jemgyýet bilen bagly meseleler, esasan-da, onuň goşgy bilen ýazylan «Wagzy azat» atly filosofik eserinde giňişleýin beýan edilýär. Onuň bu eseriniň birinji babynda ýurdy dolandyrmagyň düzgünleri barada pikirler ýöredilýär. Azadynyň pikiriçe, Watanyň abadançylygy üçin döwletiň başynda öz raýatlarynyň ýaşaýşy barada hakyky alada edýän hökümdaryň durmagy zerur. Hökümdar ekerançylygyň ösmegi, suwaryş desgalarynyň gurulmagy, guýularyň gazylmagy hakynda alada etmeli. Şahyr ýurduň adalatly edara edilmeginiň zerurlygyny tekrarlap, ýurt baştutanynyň ynsanperwer bolmalydygy, ýönekeý adamlaryň hukuklarynyň goralmalydygy barada şol döwür üçin diýseň batyrgaý pikirleri öňe sürýär. Onuň bu eseriniň ikinji babynda adamlaryň jemgyýetde özlerini nähili alyp barmaklygynyň düzgünleri beýan edilýär. Onuň pikiriçe, adamlar ýagşylyk etmäge ýykgyn etmeli, garyp-gasarlara kömek bermeli, öz ene-atalaryna hormat goýmaly, garyndaşlary, goňşulary, watandaşlary bilen dostlukda we agzybirlikde ýaşamaly. Eseriň üçünji babynda bolsa Azady jemgyýet­de ylmyň, bilimiň we diniň ähmiýetine aýratyn ornuň degişlidigini subut etinäge çalyşýar.

Edil öz pederi Azady ýaly, Magtymguly hem jemgyýetiň gurluşy, dolandyrylyşy, adamlaryň jemgyýetdäki orny baradaky meseleler bilen ýörite meşgullanmadyk-da bolsa, bu meseleler dogrusyndaky parasatly garaýyşlaryny öz şahyrana eserleriniň içinden eriş-argaç edip geçirmegi ussatlyk bilen başarypdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Jemgyýeti öwreniş” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top