Taryh

Italýan döwletlerindäki rewolýusiýalar

Italiýa döwletleriniň ýagdaýy. 1815-nji ýyldaky Wena maslahatyndan soň Italiýa sekiz sany korollyga bölünip­di. Ähli ýerde korollaryň çäklendirilmedik häkimiýeti ber­karar edildi. Syýasy dagynyklyk, ownuk hökümdarlaryň, begzadalaryň, gullukçylaryň eden-etdiligi, daýhanlaryň iri ýer eýelerine garaşlylygy – bularyň hemmesi iri buržuaziýanyň nägileliginiň güýçlenmegine getirýärdi we halk köpçüliginiň ýigrenjini döredýärdi. Italiýanyň Lombardiýa we Wenesiýa sebitleri Awstriýa döwletiniň düzümine girýärdi, şeýle […]

Italýan döwletlerindäki rewolýusiýalar Giňişleýin oka »

Prussiýada rewolýusiýanyň başlanmagy

Berlindäki gozgalaň. 1847-nji ýylyň ykdysady çökgünligi edil Fransiýada bolşy ýaly, Germaniýada-da işsizlige we iş hakynyň kemeldilmegine getirdi, öňki ýyllardaky hasylsyzlyk bolsa azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Şol ýylyň ýazynda aç märeke çörek we gök önümler dükanlaryny talaýardylar, çörekleri we kartoşkany zorluk bilen alýardylar, korollyk mülki bolan şazada Wilgelmiň köşgüniň aýnalaryny kül-owram etdiler. Germaniýanyň günorta-günbatarynda

Prussiýada rewolýusiýanyň başlanmagy Giňişleýin oka »

Türkmenleriň sefewiler döwleti

XVI asyryň başynda, Sefewiler döwleti ady bilen taryha giren döwleti Ysmaýyl I (1502-1524) esaslandyryar. O1 1499-njy ýylda  sefewileriň başyna geçýär. Sefewiler Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň şalary bilen garyndaşlyk açypdyrlar. Jüneyit akgoýunly patyşasy Uzyn Hasanyň uýasyna, onuň ogly Haýdar bolsa Uzyn Hasanyň gyzy Älem şa hatyna (onuň ikinji ady Halyma bike) öýlenipdir. Ondan hem Ysmaýyl I dünya

Türkmenleriň sefewiler döwleti Giňişleýin oka »

Akgoýunly türkmenleriň döwleti

Akgoýunly taýpa birleşigi türkmen taýpalarynyň birleşmesi esasynda döredilýär. Olaryň döreden döwletiniň esasyny türkmeniň baýyndyr taýpasy düzýär. Döwletiň baýdagynda ak goýnuň şekiliniň bolandygy üçin, döwlete Akgoýunly türkmenleriň döwleti, onuň şalaryna bolsa “Akgoýunly türkmenleriň patyşalary” diýlipdir. Akgoýunly türkmenleriň döwletini guran, Gara Ýülük ady bilen meşhur bolan Gara Osman begdir. O1 özüniň nesil daragtyny Oguzyň 24 agtygynyň biri

Akgoýunly türkmenleriň döwleti Giňişleýin oka »

Taryhda yz goýan zenanlar

Türkan hatyn. Bu zenan Horezmiň (Küneürgenç) üç hökümdarynyň ýakyn garyndaşydyr: Horezmşa Tekeşiň aýaly, Horezmşa, Muhammediň ejesi,  Horezmşa Jelaleddiniň enesidir. Türkan hatyn Horezmşalaryň syýasatyna öz ýaşan döwri uly täsirini ýetiripdir. Ol akylly hem öz gadryny bilýän zenan hökmünde tanalýar. Arz bilen ýüz tutulanda, adalatlylyk bilen çözüpdir we ezileniň tarapynda bolupdyr. Türkan hatyn barada çepere edebiýatda we

Taryhda yz goýan zenanlar Giňişleýin oka »

Garagoýunly türkmenleriň döwleti

Oguz taýpa birleşikleriniň esasynda birnäçe uly döwletleri döreden Garagoýunly we Akgoýunly  türkmenleriň dünýä möçberindäki ornunyň uly bolandygy türkmeniň baý geçmiş taryhynda hakyky öz beýanyny tapýar. Garagoýunlylaryň kimler bolandygy we nireden gelendikleri hakynda taryhçylaryň arasynda dürli garaýyşlar bar. Şol taýpa neberesine bagyşlap, taryhy eser ýazan Faruk Sümer taryhy çeşmeleri öwrenip, olaryň Anadola gelişleri hakda iki rowaýatyň

Garagoýunly türkmenleriň döwleti Giňişleýin oka »

Osmanly türkmenleriň döwleti (1299 – 1922)

Oguz türkmenleriniň gaýy taýpasyndan bolan Ärtogrul beg öz kowumdaşlary bilen Horasanyň, ýagny Türkmenistanyň Mahan1 diýen ýerinde ýaşapdyr. O1 mongollaryň Orta Aziýa wagşyçylykly ýörişleri başlanan döwürleri Jelaleddin Meňburnuň esgerleri bilen ilki Häzirbegjana aşýar, soňra Gündogar Anadolyda 400 öýli kowumdaşlary bilen ýerleşýär. Olar Rumdaky seljukly soltany Alaeddin Key Kubat I-e (1219-1235) sygynýarlar. Soltanyň makullamagynda Ärtogrul gazy GÜnbatar

Osmanly türkmenleriň döwleti (1299 – 1922) Giňişleýin oka »

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň terjimehaly

Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy.  Milleti – türkmen  . 1987 — 1997-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 43-nji orta mekdepde okady. 1997 — 2001-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okady we ony inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady. 2001-nji ýylyň iýul — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň terjimehaly Giňişleýin oka »

Türkmen beglikleri – 3

Türkmenleriň aýdyňogullary begligi (1308 – 1426). 118 ýyllap dowam eden bu beglik 1308-nji ýylda Mubarizeddin Gazy Muhammet tarapyndan döredilýär. Bu beglik Anadolyda Beýik Menderesden başlap, Aýaslug, Birgi sebitlerini öz içine alypdyr. Aýdyňogullary begligi gündogarda Germiýanogullary, Ynançogullary, günortada Menteşeogullary, demirgazykda Saryhanogullary beglikler, demirgazyk-gündogarda Wizantiya degişli Alaşehir bilen serhetleşipdir. Bu begligiň 1332-nji ýylda 700 müň ilaty bolup,

Türkmen beglikleri – 3 Giňişleýin oka »

Türkmen beglikleri – 2

Kurly begiň Palestinada guran Türkmen begligi. Gurly beg 1070-nji ýylda Palestinada begligi esaslandyryp, ony Beyik seljukly türkmenleriň imperiýasyna tabyn edýär. Remle begligiň paýtagty bolup, ol Kudusdan (Iyerusalimden) 50 km günbatarda ýerleşýär. Beglik 1079-njy ýylda ýykylýar. Türkmenleriň barçemogullary begligi. XII asyryň ortalarynda Ýiwe türkmenleri Hemedanyň günbatarynda, ýagny Dinawer, Kermanşah, Hulwan, Şehrizor şäherlerinde köpçülikleýin ýaşapdyrlar. Şol ýerde hem

Türkmen beglikleri – 2 Giňişleýin oka »

Scroll to Top