Maşgala we jemgyyet-2

Maşgalanyň esasy wezipeleri. Maşgala – bu bir hojalyga degişli çagalar we ene-atalardyr. Her bir maşgala özboluşly, gaýtalanmaýan bir dünýädir. Şonuň üçinem her bir adam jemgyyetçilik durmuşynyň tejribesini, ilki bilen, hut öz maşgalasynda alyp başlaýar.

Jemgyyetiň esasy sosial instituty hökmünde maşgala jemgyýet üçin wajyp bolan birnäçe wezipeleri ýerine ýetirýär. Ilkinji nobatda, maşgala çaga dogluşynyň netijesinde täze nesliň dörmegini we ilatyň san taýdan artmagyny üpjün edýär. Maşgalanyň bu wezipesine ylmy dilde maşgalanyň reproduktiw (önelgelik) funksiýasy diýlip at berilýär.

Maşgalanyň ýene bir esasy wezipesi çagalaryň terbiyesi bi­len baglanyşyklydyr, ýagny her bir täze dünýä inen çaganyň jemgyýete aralaşmagy bilen baglanyşykly terbiýe, ilkinji nobatda, maşgalada başlanýar.

Maşgala terbiýesinde ata-eneleriň şahsy göreldesiniň ähmiýeti uludyr. Köp halatda maşgalanyn geljegi çagalara berilýän terbiýä baglydyr. Sebäbi ata-enäniň özüni alyp barşyndaky her bir hereketi terbiýe alýan çaganyň aňyna we hereketine siňýär. Adamyň ahlaklylygy, özüni alyp barşynyň esasy ugurlary – we kadalary hut maşgalada kemala gelip başlaýar. Maşgala çaganyň terbiýesi üçin jemgyýetiň öňünde jogapkärdir.

Maşgalada çagalara ahlak terbiýesi berilýär, ýagny olara jemgyýetde özüni alyp barmagyň ahlak we edep kadalary öwredilýär. Ene-atalar öz çagalaryny öý hojalygynyň ýöredilmegi bilen baglanyşykly işlere çekip, olarda ilkinji zähmet endiklerini we başarnyklaryny terbiýeleýärler.

Çagalaryň ilkinji intellektual başarnyklary (dilleri öwrenmek, okamak, ýazmak we ş.m.) hem, köplenç, Maşgalada terbiyelenilip başlanýar. Çagalaryn surat çekmek ýa-da aýdym-saz bilen baglanyşykly gyzyklanmalary höweslendirilip, olara estetiki terbiýe berilýär.

Maşgala agzalary bir-birleriniň dynç almaklary üçin şertleri döretmäge çalyşýarlar, bir-birlerine ruhy goldawy berip durýarlar. Umuman alanymyzda, maşgalanyň esasy wezipeleriniň sanawyny aşakdaky görnüşde gysgaça bermek mümkin:

–  reproduktiw (çaga dogluşy esasynda köpelmek);

–  terbiýeçilik;

–  bilelikde hojalygy ýöretmek;

–  rekreatiw (bilelikde dynç alşy gurnamak);

 

— psihologik we ahlak goragy üpjün etmek (birek-biregi psi­hologik we ahlak taýdan goldap durmak).

Türkmen maşgalasynyň mukaddeslikleri we gymmatlyklary. Türkmenlerde ata-baba maşgala gatnaşyklary berk hem kämil bolupdyr. Maşgala mukaddes ojak hasaplanypdyr.

Türkmen halkynda är-aýalyň bir-birine wepalylygyna, maşgala gatnaşyklarynyň arassalygyna we berkligine uly üns berlipdir. Aýal-gyzlaryň abraýy we namysy örän belent tutulypdyr. Gyzlary kiçijekliginden ahlak päkligi ruhunda terbiýeläpdirler.

Her bir türkmen gyzy on üç — on dört ýaşyndan başlap diňe ene-atasynyň we doganlarynyň dal, goňşy-golamlarynyň hem, daş-ýakyn garyndaşlarynyň hem gözüniň astynda, garamagynda gezipdir. Adamlar ogly üçin gelinlik saýlanlarynda, ilki bilen, gyzlaryň, olaryň ene-atasynyň abraýyna, şol gyzyň önüp-ösen maşglasyna üns beripdirler.

Türkmen gyzynyň wepasy, maksady nika hem maşgala ha­saplanypdyr. Şonuň üçin türkmenlerde biziň günlerimizde hem gyza gyz maşgala diýilýär.

Türkmen maşgalasynda gyza aýratyn sarpa goýlupdyr. Gadymdan bäri gyzy aýamak we bezemek adat bolupdyr. Maşgala garybrak bolsa-da, ene-ata gyzlaryny mümkingadar bezäpdir we geýindiripdir. Türkmen maşgalasy, adatça, köp çagaly bolupdyr. Maşgala her naçe uly bolsa-da, bir gapydan girip-çykmak, bir saçakdan çörek iýmek kada bolupdyr.

Iň asylly däpleriň we ahlak sypatlarynyň biri hem perzendiň ata-enäni hormatlamagydyr, olar barada alada etmegidir. Munuň özi perzendiň ene-atanyň öňündäki mukaddes borjy diýlip hasaplanypdyr. Maşgalany berk, jebis, agzybir, bagtly maşgala edýän perzent diýlip düşünilipdir.

Yslam dinine uýýan halklaryň biridigi üçin türkmenlerde ata-enelerini yslam dininiň mukaddeslikleri bilen deňemek ýörgünli bolupdyr. Türkmen perzendi enesini käbe, atasyny kybla diýip hasaplapdyr. Türkmen maşgalalarynda ene-atanyň aýdany çagalar tarapyndan hökmany berjaý edilmeli kanun kimin kabul edilipdir. Kämillik ýaşyna ýetip, öý1i-işikli bolanlar öz ata-eneleriniň kömekçisi, daýanjy we penakäri bolupdyr. Garry ene-ata ba­rada ak ýürekden alada etmek mukaddes borç saýylypdyr.

Türkmen maşgalalarynda çagalary kiçiliginden güýç ýeterli işlere gatnaşdyryp, kem-kemden zähmete uýgunlaşdyrypdyrlar. Maşgala terbiýesinde zähmetsöýerlik iň esasy ahlak sypaty hasaplanypdyr. Aýal maşgala ojagyň goragçysy hasaplanypdyr. Türkmen maşgalasynda doganlyk edebiniň pertleri kagyza ýazylmadyk kanunlar hökmünde görlüpdir. Ata ýogalsa, aga ata ornunda galypdyr. Aga agalyk etmeli, ini inilik etmeli. Maşgalada we jemgyýetde aga inisine görelde bolmaly.

Türkmenler nikany mukaddes hasaplapdyr. Türkmenlerde nika aňsat-aňsat bozulmandyr. Sebäbi guda bolnanda ýigit tarap gyzyň, gyz tarap ýigidiň birnäçe arkasyna çenli öwrenipdir. Soň gudaçylyga gidilip, dabaraly toý tutulyp, täze maşgala döredilipdir. Türkmen dilinde öýlenmek diýmek «öý» sözünden bolup, «täze öý dikmek» diýen manyny aňladýar.

Türkmen maşgalasynda zenan maşgala el galdyrmak günä hasaplanypdyr. Erkek adama aýaly bilen nikasyny bozmaklyga düýpli bir sebäp bolaýmasa, kazy-da, aksakgallar-da, ýakyn garyndaşlarydyr hossarlary-da ýol bermändirler. Türkmenlerde maşgalanyň nesil daragtynyň dowam etmekligi erkek adamlar arkaly kesgitlenipdir, sebäbi olar söweşiji esger hökmünde maşgalanyň we iliň daýanjy, goraýjysy hasap­lanypdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Jemgyýeti öwreniş” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top