Angliýa XIX asyryň birinji ýarymynda

Angliýanyň senagatda we söwdada öňe geçmegi. XIX asyryň birinji ýarymynda Angliýa syýasy taýdan dur­nukly döwletleriň biri bolupdy. Angliýada täze kapitalistik gatnaşyklar hemme ýerdäkiden çalt ösýärdi. Egirme-dok­ma we beýleki fabrikleriň, metallurgiýa, maşyn gurluşyk zawodlarynyň, kömür känleriniň sany artýardy. Maşynlar kämilleşdirilýärdi. Zähmet öndürijiligi we hünärli işçileriň bellibir ugurdan ýöriteleşdirilmegi artýardy. Fabrik senagatynyň ösmegi, magdanyň, metallaryň we beýleki harytlaryň arzan hem-de çalt daşalmagyny talap edýärdi.

1815-nji ýylda Angliýanyň ilaty 20 million adama ýe­tipdir. Angliýa dünýäde iň uly iri kolonial ýurda öwrüldi. Çig malyň arzan bahadan alynmagy önümçiligiň ösmegi­ne we senagat özgerişliklerine getiripdir. Transportyň täze görnüşlerine we eýýäm öňki ýyllarda oýlanyp tapylan bug bilen işleýän otlularyň giňden ulanylmagyna bolan isleg güýçlenýärdi. Baryp 1825-nji ýylda Angliýada Liwerpul bi­len Mançesteri birleşdirýän dünýäde ilkinji demir ýol gur­lupdy.

Angliýada bolup geçen ykdysady öwrülişige iňlis jemgyýetiniň baý gatlagynyň elinde uly maýa goýumlaryň toplanmagy sebäp bolupdyr. Ýurtda ägirt uly maliýe serişdeleri telekeçileriň elinde jemlenip, söwdagärler, bank işgärleri maýa goýumlaryny önümçilige goýýardylar. Netijede, senagatyň we söwdanyň ösmegi Angliýada bank işleriniň ös­megi üçin oňaýly şertleri döredipdir. Daşarky hem-de içerki söwdadan, senagat önümçiliginden, oba hojalygyndan gelýän girdejiler Angliýanyň senagat öwrülişigini maliýeleşdirmäge hyzmat edýärdi. Şunuň netijesinde Angliýa çalt depginler bilen ösýärdi.

Ýük daşamagyň arzanlamagy söwdanyň janlanmagynaýardam edýärdi. Satuw bazary giňelýärdi, şoňa görä-de önümçiligiň eýeleri, mümkin boldugyça, köp öndürmäge gyzyklanýardylar. Demir ýollaryň gurluşygy metallurgiýanyň ösmegine ýardam edýärdi: demir ýol relsleri, otly ýasamak üçin çoýun, demir, polat gerek bolýardy. Täze iri senagat kär­hanalary – otly ýasaýan zawodlar peýda boldy, olara bolsa stanoklar, enjamlar, bug maşynlary gerekdi. Gürrüňi edilýän döwürde Angliýa dünýäniň ussahanasyna öwrüldi.

Angliýada senetçiler, hünärmenler entek örän köp bol­salar-da, olaryň harytlary öndürmekdäki paýy kemelýärdi. Iň möhüm önümler: maşynlar, stanoklar, fabrikleriň we zawodlaryň enjamlary, otlular we şonuň ýaly-da matalaryň ählisi diýen ýaly orta we iri kärhanalarda öndürilýärdi. Iri maýa goýum önümçilik mahalynda senetçiler, ownuk ussahanalaryň eýeleri, köp daýhanlar tozýarlar, iri kärhana­lar ownuk kärhanalary gysyp çykarýarlar, önümçiligiň bellibir ýerlerde jemlenmesi bolup geçýär.

Ýurduň demirgazygynda we günbatarynda täze senagat sebitleri çalt ösýärdi. XIX asyryň ortalarynda Angliýanyň ilatynyň eýýäm ýarysy diýen ýaly şäherlerde ýaşaýardy. Bu döwürde iri maýa goýum önümçiligi erkin bäsleşik esasynda alnyp barylýardy. Haryt öndürijiler belli wagtda bazarda näçe harydyň satylyp bilinjekdigini bilmeýärdiler. Her biri mümkin boldugyça köp öndürmäge we öz öndürýän önümi ýaly önüm öndürýän bäsdeşlerini tozdurmaga çalyşýardy.

Ykdysady çökgünlikler (krizisler). Angliýada ykdy­sady çökgünlik ilkinji gezek 1825-nji ýylda ýüze çykdy. Eý­sem-de bolsa çökgünlik nähili ýüze çykýardy?

Ilata arzan we ýokary hilli harytlar gerekdi, ýöne welin olar iş haklarynyň pesligi zerarly, ol harytlary satyn alyp bilmeýärdiler. Mysal üçin, alyjylaryň satyn alyp bilmän­ligi üçin, ummasyz mata üýşen mahaly dokma fabrikleri togtadylýar, olar üçin gerek maşynlara isleg gaçýar, maşyn gurluşygynda önümçilik togtaýar. Ýa-da bolmasa, eger fabrikleriň we zawodlaryň satyn alyp biljeginden artykmaç sta­nok öndürilse, olaryň bahasy aşak gaçýar, käte bolsa olary satmak asla mümkin hem bolmaýar, onsoň olar ammarlar­da toplanyp galýarlar. Stanok gurluşyk zawodlarynyň eýe­leri öz kärhanalaryny ýapýarlar, işçiler bolsa işsiz galýar­lar. Çoýna, demre, polada bolan isleg azalýar. Çökgünlik metallurgiýa senagatyny hem öz içine alýar. Demir eredilýän körükler öçürilýär, daşkömre isleg azalýar. Demir ýol boýunça az haryt daşalansoň, transportda hem çökgünlik ýüze çykýar. Çökgünlik ol ýa-da beýleki derejede bütin se­nagaty, käte oba hojalygyny hem öz içine alýar.

Çartistler hereketi. Kärhana eýeleri işçileri gije-gün­dizde 14 – 16 sagat işlemäge mejbur edýärdiler. Aýallaryň we çagalaryň zähmeti giňden ulanylýardy. Ykdysady çökgün­lik döwründe işçileriň durmuş ýagdaýy has hem peselýär­di. Şonuň üçin-de XIX asyryň birinji ýarymynda işçileriň çykyşlary Angliýada has köpçülikleýin we guramaçylykly häsiýete eýe boldy. Emma XVIII asyryň ahyrlarynda işçilere kärhana eýeleriniň garşysyna bilelikde göreşmek üçin kärdeşler arkalaşygyny – tred-ýunionlary (tred (kär) we ýunion (bileleşik sözlerinden) döretmek gadagan edilipdi. 1824‑nji ýylda iňlis parlamenti tred-ýunionlary gadagan edýän ka­nuny ýatyrdy. Angliýada dowam edýän saýlaw ulgamyna görä, her şäher ýa-da welaýat parlamente bellibir mukdardaky sesle­ri ibermelidiler. XIX asyryň başlaryna çenli käbir şäherçeler boşap galypdyr. Emma şäherçeler boşap galsa-da, parla­mentde olara berilýän ýerler saklanyp galypdyr, şol ýerlere bolsa şäherçeleriň ýerleşýän ýerleriniň lendlordlary eýeçiga­lan şäherlere bolsa parla­mentdäki ýerleriň ýarysy degişli eken.

XIX asyryň 20-nji ýyllarynda saýlaw özgertmelerini geçirmek ugrundahereketler başlanýar. Ony Angliýada çartistler(iňlisçe çarter sözi (grekçe har- tiýa, türkmençe hat, talapnama diýmekligi aňladýar) hereketi diýip atlandyrdylar. Çartistler öz talaplaryny kagyz ýüzünde beýan edip, ýagny hartiýa diýlip atlandyrylýan ýörite resminama taýýarlap, parlamente gowşurýardylar.

Ýurduň senagat merkezlerinde köpçülikleýin çykyşlar, hatda polisiýa bilen tutluşyklar hem bolup geçdi. 1832-nji ýylda parlament saýlaw ulgamynda özgertmeleri geçirmäge mejbur boldy. Ilaty boşap galan şäherçelere degişli ýerler aýryldy. Parlamentde emele gelen şol artyk ýerler senagat şäherlerine, ilatyň gür ýaşaýan ýerlerine, Şotlandiýa we Ir­landiýa berildi. Şeýlelikde, saýlawçylaryň sany iki esse artdy. Emma kanun deputatlyga saýlanmak üçin ýokary emläk görkezijisini – çägini giri­zýär, şonuň üçin hem ilatyň aşaky gatlaklarynyň saýlanmaga mümkinçiligi bolmandyr. 1836-njy ýylyň iýunynda Uilýam Lowettiň ýolbaşçylygynda londonly işçileriň assosiasiýasy (bileleşigi) döredilýär. 1838‑nji ýylda bu assosiasiýa Halk hartiýasy diýlip atlandyrylan erkek adamlaryň hemmesi üçin ählu­mumy saýlaw hukugyny göz öňünde tutýan meýilnamanyň taslamasyny çap edýär.

Çartistleriň köpüsi göreşiň parahatçylykly ýoluny saýlap alypdyrlar. Emma çartistleriň arasynda iş taşlaýyşlaryň, hatda gozgalaňlar esasynda işçileriň ýagdaýyny gowulandyryp bolar diýýänleri-de bar eken. Parlamente daşyndan zor salmagyň tarapdarlarynyň arasynda Fergýus O. Kon­nor (1796 – 1855) we Juliýan Garni (1817 – 1897) tapawut­lanýardy.

1839-njy ýylda Londonda çartistleriň gurultaýy – Milli konwent açyldy. Gurultaýyň teklibi bilen Angliýanyň dürli ýerlerine çartistler ugradylypdyr. Olar çartistleriň hataryna täze agzalary çekýärdiler, Parlamente talapnama bermek üçin gol ýygnaýardylar. Şol ýylyň iýul aýynda aşagynda 1 million 280 müň gol goýlan milli hartiýa Parlamente gowşurylýar. Emma wekiller palatasy ony sesleriň köpçüli­gi bilen kabul etmeýärler. Muňa jogap edip Mançesteriň, Bostonyň dokmaçylary iş taşlaýyşlary geçirdiler. Hökümet çartistlere garşy berk çäreleri geçirdi, olaryň ýolbaşçylary tussag edildi. Milli konwent öz işini ýatyrmaga mejbur boldy, ýöne 1842-nji ýylda Çartistleriň milli assosia­siýasy gaýtadan dikeldildi.

1848-nji ýylda Londonda we esasy senagat şäherlerinde iş taşlaýyşlar bolup geçdi. Aprel aýynda Çartistleriň Milli konwenti ýene-de ýygnandy. Bu gezek olaryň talaplaryna 6 mln adam gol çekdi. Emma ýene-de öňki gezeklerdäki ýaly, Parlament ony kabul etmedi. Işçileriň çykyşlary zawod-fabrikleriň eýelerini gorkuzdy. Şonuň üçin hem olar eglişik etmäge mejbur boldular. Iş güni 10 sagada çenli gysgaldyldy, aýallaryň we çagalaryň zähmeti çäklendirildi, hünärli işçileriň aýlyk haklary ýo­karlandyryldy. Soňra hökümet Parlamente saýlanmak üçin zerur bolan emläk çäklendirilmesini azaltdy, gizlin ses ber­meklik girizildi, saýlaw hukugy her bir maşgalabaşy erkek adama berildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Täze taryh” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top