Germaniýa XIX asyryň birinji ýarymynda

Ýurt dagynyklygy şertlerinde senagatyň we söwdanyň ýagdaýy. 1814-nji ýylyň Wena maslahatynda Ýewropa döwletleriniň baglaşan şertnamasy boýunça german döwletleriniň birleşigi döredildi. Oňa 38 sany german döwleti girdi. Emma German birleşmesi bir bitewi döwlet däldi. Onuň umumy gaznasy, goşuny, häkimiýetiň özygtyýarly edaralary ýokdy. Emma şeýle-de bolsa, bu birleşme umumymilli döwleti döretmekde öňe ädilen ilkinji ädimdi.

Saklanyp galan 38 döwletiň her birinde öz metal puly, ölçeg we agram birlikleri hereket edýärdi. Içerki gümrükhanalar köpdi. Bularyň barysy ýurduň içinde söwda işini kynlaşdyrýardy. Birentek german döwletleriniň, şol sanda Prussiýanyň hem mülkleri dagynyk böleklerden ybaratdy, bu bolsa ýagdaýy öňküden-de beter çylşyrymlaşdyrýardy.

German döwletleriniň iň güýçlüsi hem-de ykdysady taýdan kuwwatlysy Prussiýa patyşalygydy. Prussiýa tarapyndan eýelenen günbatar ýerlerde – Reýn welaýatynda we Westfa­liýada, Sakson patyşalygynda hem-de Sileziýa welaýatynda iri senagat has ösendi. Baryp Napoleonyň agalygy döwrün­de Reýn welaýatynda buržuaz kanunlary girizilip, bu ýerde maýa goýumlarynyň mukdary artýardy.

XIX asyryň 30 – 40-njy ýyllarynda Reýniň golaýyndaky şäherlerde eýýäm nah mata we ýüpek fabrikleri köpdi. Rur derýasynyň jülgesinde kömrüň gazylyp alnyşy artdy, metallurgiýa we ýarag zawodlary ösýärdi. Saksoniýada nah-ýüplük egirýän iri fabrikler döräpdi. 40-njy ýyllarda Germaniýada demir ýollaryň gurluşygy we gämi gatnawynyň ösüşi çaltlanýardy. Berlinde gämi gurluşyk zawodlary döredilýärdi. Emma Germaniýa senagat babatda Angliýadan we Fransiýadan juda yza galýardy.

Oba hojalygynda iri maýa goýum gatnaşyklarynyň Prussiýa ýoly. Germaniýada oba hojalygy erkin daýhan hojalyklaryndan durýardy. Şahsy taýdan germaniýaly daýhanlar erkindi. Emma Germaniýanyň günbatar we günor­ta-günbatar ýerlerinden özge ähli ýerlerde daýhanlar mülk eýelerine köp pul töleglerini tölemäge borçludylar. Gurply hem-de ýer sürmek üçin iş maly bolan daýhanlar bolsa öz borçlaryndan pul töläp azat bolmaga ygtyýar aldylar. Emma tölegleriň şertleri örän agyrdy.

Prussiýada ähli ýerleriň ýarysyndan-da köpüsi iri ýer eýelerine degişlidi. Prussiýanyň iri ýer eýeleriniň mülklerinde oba hojalygy ösýärdi, süle, kartoşka ösdürilip ýetişdirilýärdi, köpsanly spirt-arak, çakyr zawodlary döredilýärdi. Iri ýer eýeleri ujypsyzja paý ýerlerini saklap galan, garyp düşen daýhanlaryň batrakçylyk etmegini giňden ulanýardylar. Gurply, uly danhanlar (grossbauer) diýilýänler hem batraklary hakyna tutýardylar. Şonuň üçin hem Germaniýanyň oba hojalygynda iri ýer eýeçiliginiň saklanyp galmagyny we onda batraklaryň hakyna tutulyp işledilmegini hojalygy ýöretmegiň Prussiýa ýoly diýip atlandyrýarlar. Germaniýanyň syýasy dagynyklygy we oba hojalygynda saklanyp galýan yzagalak düzgünler iri maýa goýum önümçiliginiň mundan beýläk ösmeginiň ýolunda esasy päsgelçilik döredýärdi.

Sileziýaly dokmaçylaryň gozgalaňy. Germaniýada hakynatutma işçileriň ýaşaýyş-durmuş derejesi örän pesdi.Hojaýynlar olaryň iş hakyny kemeldýärdiler. Iş hakyny ýa­ramaz önümler bilen, köplenç ýokarlandyrylan bahalar bi­len tölemeklik ýaýrapdy. Tozdurylan senetçilerden bolan işçiler, Angliýada ludditler ýaly, maşynlary özleriniň esasy duşmanlary hasap edip, olary weýran edýärdiler.

Iri senagatyň ösmegi bilen Sileziýanyň daglyk oba­laryndaky dokmaçylaryň ýagdaýy örän agyrlaşypdy. Olar iri manufakturalaryň we fabrikleriň eýelerinden ýüplük alýardylar. Özleriniň hünäri bilen meşgullanmaga hukuk alandyklary üçin dokmaçylar mülkdarlara aýratyn hak töle­meli bolýardylar. Fabrik eýeleri dokmaçylaryň önümlerini iň pes nyrhdan kabul edýärdiler. Swansiger diýen fabrik eýesi dokmaçylara aýratyn zabun garaýardy.

Baryp gozgalaňdan öň hem dokmaçylar fabrik eýeleriniň penjireleriniň öňünde Adalatly höküm diýen aýdyma hiňlenýärdiler. Dokmaçylar aýdym aýdyp, Swansigeriň jaýyna bakan ugrapdyrlar. Işçiler boýaghanany, fabrigiň edarasyny we Swansigeriň jaýyny ýykan-ýumran etdiler. Şol günüň er­tesi goňşy obadaky fabrikler hem berbat edildi.

Ýagdaý çylşyrymlaşansoň häkimiýetler goşun çagyrdy­lar. Ilkinji çaknyşykda dokmaçylardan 11 adam öldi we 24 adam ýaralandy, emma işçiler goşuny yza çekilmäge mejburetdiler. Kömege ýetişen uly harby bölüm gozgalaňy topa tu­tup ýatyrdy. 70-den gowrak adam tussag edildi, ýenjilmeklige we beýleki agyr temmilere sezewar edildi. Sileziýada 1844-nji ýylda bolup geçen bu gozgalaň baradaky habar bü­tin Germaniýany tolgundyrdy.

Sileziýaly dokmaçylaryň gozgalaňy işçileriň fabrik-zawod eýelerine garşy göreşiniň diňe bir Fransiýa bilen Angliýada däl-de, eýsem Germaniýanyň hut özünde hem başlanandygyny görkezdi. Şonuň üçin hem nemes begzadalary, iri baýlar, önümçilik pudaklarynyň eýeleri korol häkimiýe­tini çäklendirmek we konstitusiýany girizmek baradaky pi­kirleri öňe sürýärdiler.

Germaniýanyň ownuk buržuaz demokratlary o diýen güýçli däldi. Olar, esasan, ownuk eýelerinden, intelligensiýa wekillerinden ybarat bolup, respublikanyň we ählumumy saýlaw hukugynyň girizilmegi ugrunda çykyş edýärdiler. Emma olara Germaniýada syýasy işleri alyp barmak kyndy, şonuň üçin hem olaryň köpüsi ýanalmalar sebäpli Angliýa, Şweýsariýa, Fransiýa göçüp gitmäge mejbur bolýardylar. Nemes buržuaziýasynyň Germaniýada galanlarynyň bolsa halk köpçüligi bilen aragatnaşygy örän gowşakdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Täze taryh” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top