Industrial jemgyýetde jemgyýetçilik-syýasy pikirleriň ösmegi

Döwletiň we jemgyýetiň ösüşi barada hyýaly garaýyşlaryň döremegi. XIX asyryň 30-njy ýyllarynda fransuz akyldarlary tarapyndan sosializm we kommunizm düşünjeleri girizildi. Sosializm (“Sosia” latyn dilinden terjime edilende – jemgyýetçilik, durmuş diýen manyny aňladýar) syýasy taglymat bolup, ol diňe bir köne düzgünleri ýok et­megi göz öňünde tutman, eýsem, adamlaryň arasynda ählu­mumy durmuş deňligini üpjün edýän täze jemgyýeti ber­karar etmegi maksat edinýärdi. Şonuň üçin bu taglymata eýerýänleri sosialistler diýip atlandyrýardylar. XIX asyryň birinji ýarymynyň görnükli sosialistleri hökmünde fransuz milletiniň wekilleri Anri Sen-Simon bilen Şarl Furýe, şeýle hem iňlis Robert Ouen çykyş etdiler.

Sosialistler önümçiligiň özakymlaýyn alnyp barylma­gyny we artykmaç önüm öndürilmegini ýiti tankyt edýärdi­ler. Sebäbi olar önümçiligiň şeýle usulda alnyp barylmagy ykdysady pese gaçyşlygy döredýär, şunuň netijesinde bolsa işsizlik ýüze çykýar diýip düşündirýärdiler.

Anri Sen-Simon (1760 – 1825) baý maşgalada doglupdyr. Ol heniz ýaş ýi­gitkä aň-bilim ýaýradyjylaryň, magaryfçylaryň pikirlerine gulluk edipdir we jemgyýetçilik eşreti üçin hyzmat etmegiň asylly maksatlaryna uýupdyr. Sen-Simon ýetginjek mahaly demirgazyk amerikan koloniýalarynyň garaşsyzlyk ugrundaky urşuna gatnaşypdy, soňra polkownik çininde Fran siýa gaýdyp gelipdi. Sen-Simon direktoriýa ýyllarynda (1795 – 1799) tozupdy we juda garyp ýaşaýardy. Adamlary bagtly edip biljek täze jemgyýetçilik gurluşyny döretmegiň tasla­malaryny işläp düzmek onuň mundan beýläkki durmuşynyň esasy maksady boldy.

Sen-Simon jemgyýetiň maddy hal-ýagdaýy öňi bilen önümçiligiň gazanýan üstünliklerine baglydyr diýip belleýärdi. Ol halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ähli adamlar işlemelidirler diýýärdi. Sen-Simon ilkinji gezek ho­jalygy maksatnama esasda dolandyrmak pikirini öňe sürdi. Täze jemgyýetde Sen-Simon esasy ýolbaşçylyk orny senagat eýelerine, bankirlere we alymlara degişli bolar diýip çak edipdir.

Şarl Furýe (1772 – 1837) dükançynyň ogludy, soňra bolsa özi ownuk söwda gullukçysy bolupdy. Iri maýa goýum önümçilik gatnaşyklarynyň bela-beterlerinden dynmagyň mümkinçiligini Furýe täze jemgyýeti döretmeklikde görýärdi, şonuň ýaly jemgyýetiň jikme-jik maksatnamasyny bolsa öz eser­lerinde işläp düzdi. Furýe geljekde has adalatlydurmuş gurluşyny döretmegiň mümkinçiligini, şonda zähmetiň şatlyk çeşme-sine öwrüljekdigini, şahsyýetiň bolsa has doly we sazlaşykly ösüşe eýe boljakdygyny, gol zähmeti bilen akyl zähmetiniň arasyndaky tapawudyň kem-kemden ýitip gitjekdigini, şäher ilaty bilen oba ilatynyň arasyndaky tapawudyň bolmajakdygyny belläpdir.

Robert Ouen (1771 – 1858) işe egirme fabriginiň dolandyryjysy bolup başlapdy, soňam onuň şärikdeş eýesi boldy. Ol iş wagtyny 13 – 14 sagat bolanlygyndan 10,5 saga­da çenli gysgaltdy, jerimeleri ýatyrdy, pul sylagyny berip höweslendirmegi girizdi, işçileriň durmuş şertlerini gowu­landyrdy, olaryň çagalary üçin bakja-baglary we mekdep gurdy. Bu çärelerden başga-da, Ouen uly ýaşly işçileriň iş wagtyny gysgaltmak we çagalaryň zähmetiniň ulanyl­magyny kanunlar arkaly ýatyrmak ugrunda iş alyp bardy.

Marksyň we F. Engelsiň sosialistik garaýyşlary. XIX asyryň ortalarynda Ýewropada sosializm ideýasynyň ornuna täze jemgyýetçilik akymy bolan marksizm kemala gelýär. Bu akymy esaslandyryjylar K. Marks (1818 – 1883) bilen F. Engelsdi (1820 – – 1895). Marksizmiň ýüze çykmagy Ýewropanyň köp döwletlerinde işçiler hereketiniň ýylsaýyn güýçlenmegi bi­len baglanyşykly boldy.

Marks bilen Engels iri maýa goýuma esaslanýan önümçilik zähmet bilen kapitalyň (baýlygyň, maýanyň) arasynda ýiti gapma-garşylyk döredýär diýip ynanýardylar. Hakynatutma işçiler ýaşamak üçin öz zähmetlerini satmaga mejbur bolýarlar, şonuň üçin hem olar baýlyga (kapitala) esaslanýan düzgünleri ýok etmäge we täze jemgyýeti gurmaga ýykgyn edýärler diýip, marksizm düşündirýärdi. Marks bilen Engels täze sosialistik jemgyýeti hut işçiler synpy döreder diýip aýdýardylar. Sosializme  geçmek üçin bolsa hökman kommunis­tik rewolýusiýa bolmalydy. Marksizmiň düýbüni tutujylar kommunistik rewolýusiýa Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň öňdebaryjy senagatly ýurtlary gyradeň ösensoňlar şol ýurt­larda, iň bolmanda Angliýada, Amerikada, Fransiýada we Germaniýada rewolýusiýa bir wagtda bolup geçer diýýärdi­ler.

Täze jemgyýetiň esasy güýji hökmünde işçiler synpynyň häkimiýetlerini – proletariat (işçi) diktaturasyny we jemgyýetçilik eýeçiligini esaslandyrmalydylar. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi hakyndaky garaýyşlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin 1847-nji ýylyň iýunynda Marks bilen Engels Londonda Kommunistler bileleşigi (kom­munus – iňlisçeden terjime edilende umumy diýen manyny aňladýar) atly syýasy gurama döretdiler.

«Kommunistler bileleşiginiň» esasynda işçileriň ilkinji gezek täze guramasy döredildi, ol jemgyýetçilik ösüşiniň kanunlaryny çuňňur öwrenmek we XIX asyryň ortalarynda öndüriji güýçleriň ösmegi netijesinde işçileriň eýelän ornuna doly düşünmek esasynda kommunistik jemgyýeti gurmak ugrundaky göreşi özüniň baş maksady edip öňde goýdy. Kommunistler bileleşiginiň tabşyrmagy boýunça Marks bilen Engels tarapyndan ýazylan «Kommunistik partiýanyň manifesti» 1848-nji ýylyň fewralynda Londonda çapdan çykdy. Bu kiçiräk resminama halkara işçiler guramasynyň il­kinji maksatnamasydy.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Täze taryh” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top