ABŞ-nyň ýerleriniň Günbatarda giňelmegi

ABŞ-nyň basybalyjylykly daşa-ry syýasaty. ABŞ-da garaşsyzlyk ugrundaky uruş tamamlanandan soň, ýurduň çägi ýyl-ýyldan giňeýärdi. XIX asyryň başlarynda döwletiň ýerleri Atlantik ummanyndan Missisipi derýasynyň boýlaryna çenli baryp ýeten bolsa, asyryň ortalarynda ABŞ-nyň çäkleri Ýuwaş ummanynyň kenarlaryna çykdy.

1803-nji ýylda Prezident Tomas Jeffersonyň dolandyran döwründe ABŞ Fransiýadan Luiziýanany 15 mln dolla­ra satyn aldy we ýurduň çäklerini günbatara tarap giňeltdi. 1810-njy ýylda ABŞ-nyň goşunlary we Ýewropadan göçüp gelýän ilat Günbatar Floridada ispan häkimiýetini ýatyryp, onuň ýerini ABŞ-a birikdirdi. 1818-nji ýylda amerikan goşunlarynyň Gündogar Florida girmegi bilen Florida tutuşlygyna ABŞ-nyň ygtyýaryna geçdi. Netijede, ýurduň çägi iki esse giňedi.

1823-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-nyň Prezidenti Jeýms Monro dünýäniň amerikan we Ýewropa ulgamlaryna bölün­megi baradaky harby-syýasy maksatnamany öňe sürýär. ABŞ-nyň taryhynda ol maksatnama Monronyň doktrinasy ady bilen bellidir. Maksatnamanyň öňe sürülmegine Ýewropa ýurtlarynda Mukaddes bileleşigiň döredilmegi sebäp bolupdyr. ABŞ‑nyň bähbitlerine ters gelip biljek täsirine garşy gönükdirilipdi. Şeýlelik bilen, Monronyň doktrinasy boýunça ABŞ daşary syýasatda Ýewropanyň öz içerki işlerine goşulyşmazlygyny we Amerikan yklymynda ABŞ-nyň ýeke-täk agalygyny berkitmekligi jar edilýärdi.

Monronyň doktrinasy bellibir derejede Russiýanyň bäh­bitlerine hem degýärdi. Sebäbi Alýaska we Kaliforniýanyň günbatar ýerleri Russiýa degişlidi. Elbetde, ABŞ şol wagtlar Russiýanyň bu ýerlerine göz gyzdyrmandyr. Emma Monronyň doktrinasy geljekde Ýewropa ýurtlarynyň amerikan yklymyndaky ähli mülkleriniň ýatyrylmagyny göz öňünde tutupdyr.

Meksika bilen uruş. XIX asyryň 20-nji ýyllarynda amerikaly göçegçiler Meksikanyň Tehas welaýatyna göçüp başladylar. Olaryň sany barha köpelýärdi we asyryň 30-njy ýyllarynda olar özygtyýarlyklary baradaky talaplary öňe sürdüler. 1835-nji ýylda göçüp gelen ilat Tehasda pitne tur­zup, meksikalylaryň elinden birnäçe ýerleri aldylar. Ameri­kalylar Tehas respublikasyny jar edip, Meksikanyň prezi­denti bilen Tehasyň garaşsyzlygyny ykrar edýän ylalaşyga gol çekişdiler.

1839 – 1840-njy ýyllarda Angliýa, Fransiýa we beýleki Ýewropa döwletleri Tehasyň garaşsyzlygyny ykrar edýärler. 1845-nji ýylyň dekabrynda bolsa Tehas ABŞ-nyň düzümine girdi.

Amerikaly göçegçileriň Oregona we Kaliforniýa süýşmegi Meksika halkynyň güýçli garşylygyna sezewar boldy. Emma güýçli amerikan goşuny meksikalylary günorta serpikdirip, Kaliforniýany basyp aldy. 1847-nji ýylda olar Meksikanyň paýtagty Mehiko şäherini hem eýeleýärler. Neti­jede, meksikalylar ABŞ-nyň ähli şertlerine boýun bolmaly boldular. 1848-nji ýylda baglaşylan amerikan-meksikan şertnamasyna görä, Meksika öz çäginiň 55%-ini ýitirdi. ABŞ-nyň çägi bolsa dört esse giňelip, onuň serhetleri häzirki ýagdaýyna geldi.

Ýer meselesiniň çözülişi. Ýewropadan, esasanam, Angliýadan, Irlandiýadan, Gollandiýadan göçüp gelýänler tarapyndan täze ýerleriň özleşdirilmegi senagatyň ösmegi üçin örän uly ähmiýeti boldy. Bu ýere garyp düşen daýhan­lar, şäher garyplary, işçiler bir bölejik ýer alyp, özbaşdak ho­jalyk ýöretmek tamasy bilen gelýärdiler. Göçüp gelenleriň arasynda senagat merkezlerinde mesgen tutunan ökde hünärli işçiler-de bardy.

Ýerler, ozal indeý taýpalaryna degişli bolan ýerler hem döwlet eýeçiligi hasaplanýardy. Olar göçüp gelen akýagyz adamlara, köplenç halatda bolsa baý alyp-satarlara satylýardy. Göçegçiler indeýleri yzarlap, olary kowup, gitdigiçe Günbatara tarap süýşürýärdiler.

Göçüp gelenler ýerleri eýelemek hukugyny talap edýär­diler. Köplenç, olaryň özleri-de günbatara süýşýärdiler, indeýleri gysyp çykaryp, boşan ýerleri eýeleýärdiler, olar özbaşdak ýöredilýän fermer hojalyklaryny döredýärdiler we öz ýer böleklerine eýelik etmek hukugyny diňe şondan soň resmileşdirýärdiler.

Göçüp gelenler tokaýlaryň agaçlaryny çapyp, täze eke­rançylyk ýerlerini hem açýardylar, tarp ýerleri özleşdirip, külbelerini gurýardylar. Göçüp gelenler, adatça, bütin maş galalary bilen göçüp barýardylar, käwagt birnäçe aýlap ara­balarda ýaşaýardylar. Täze ýerleri özleşdirmek üçin örän gaýduwsyz, çydamly, işjanly, işe ukyply, işiň abyny-tabyny bilýän adam bolmalydy, bir-birini goldamalydy. Şol bir wagtyň özünde täze özleşdirilýän ýerlerde güýje baýrynmaklyk, jenaýatçylyk başyna gidipdi. Ol ýerde häkimiýet bolmandygy sebäpli Linçiň kazyýeti diýilýän, kanunsyz jeza bermegiň tejribesi emele gelip, ol uzak wagt (kä ýerde XX asyra çenli) saklanyp galdyryldy.

Gul zähmetine esaslanýan Günorta sebitlerde senagat harytlary az sarp edilýärdi. Şeýlelikde, gulçulygyň saklanylmagy içerki bazaryň giňemegine we fabrik önümçiliginiň ösmegine päsgel berýärdi. Şonuň üçin-de Demirgazygyň se­nagat kärhanalarynyň eýeleriniň köp bölegi gulçulyga garşy çykyş edýärdi, ýöne welin dokma fabrikleriň eýeleri Günorta ştatlardan pagta getirilmeginiň bes edilmegi öz fabrikleriniň işlemän durmagyna we girdejileriň kemelmegine getirer öýdüp gorkýardylar.

Iri ýer eýeleriniň Günbatarda täze ýerleri eýelemek bi­len, ol ýerde hem gulçulygy girizmeklerinden ätiýaç edip, halk köpçüligi gulçulyga garşy göreşýärdi. Olar Günbatarda ýer bölekleriniň erkin paýlanylmagyny talap edýärdiler, gul eýeleri bolsa muňa garşydylar. Bulardan başga-da ýurtda mugt gul zähmetiniň ulanylmagynyň, erkin işçi güýjüniň hakynyň peselýändigi sebäpli, işçiler we fermerler gul eýele­rine garşy çykýardylar. Halk köpçüligi we ilatyň öňdebaryjy wekilleri gulçulyk ýurdy masgaralaýar hem-de demokratik, azat jemgyýete ters gelýär diýip hasap edýärdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Täze taryh” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top