XIX asyryň birinji ýarymynda ABŞ-nyň ykdysady we syýasy ösüşi

ABŞ-nyň ykdysady ösüşi. ABŞ-da senagat öwrülişigi XIX asyryň diňe 30-njy ýyllarynda başlandy, asyryň orta­laryna çenli bolsa ýurt senagat önümçiligi boýunça eýýäm dünýäde dördünji orna çykdy.

ABŞ-da iri maýa goýum önümçiliginiň ösüşi umumy ka­nunlara laýyklykda geçýärdi. Ýurtda önümçilik giňelýärdi. Özi hem Ýewropadakydan tapawutlylykda, bu ýerde işçiler bilen kärhana eýeleriniň arasyndaky gapma-garşylyk ýok diýen ýalydy. Sebäbi göçüp gelýänler, köplenç, Günbatara tarap gidýärdiler. Şonuň üçin hem ýurduň senagat taýdan ösen ýerlerinde işçi güýjüniň gadyry bilinýärdi.

ABŞ-da hakynatutma zähmete esaslanan iri önümçilik ulgamy we gul eýeçilik ulgamy uzak wagtlap dowam etdi. Fermer hojalygynyň ösen ýeri bolan Demirgazyk ştatlarda gulçulyk baryp XIX asyryň başlarynda ýatyrylypdy. Günor­ta ştatlarda bolsa ol saklanýardy, üstesine-de, bu ýerde ga­raýagyz gullaryň sany örän köpdi.

Senagat öwrülişigi Amerikanyň günorta ýerlerine kän ornaşmandyr. Onuň sebäbi iri ýer eýeleri, esasan, gowaça ekýärdiler. Gul eýeleriniň esasy daýanjy günorta-gündogar ştatlardy, ol ýerde 4 milliona golaý gul bardy. Gulçulygy diňe gul eýeçilik hojalygynyň çägini mundan beýläk-de giňeltmek arkaly saklamak mümkindi, bu bolsa, bir tarap­dan, ýer eýeleri bilen fermer hojalyklaryň, beýleki tarapdan, iri ýer eýeleriniň arasynda günbatar ýerleri eýelemek we syýasy häkimiýet ugrundaky göreşe eltdi.

Günortada gowaça ösdürip ýetişdirmek üçin amatly tebigy şertler bardy. Angliýadaky we ABŞ-nyň özündäki senagat öwrülişigi bilen baglylykda pagta bolan isleg çalt ösýärdi. Iňlis iş adamlary pagtany ABŞ-dan näçe köp satyn aldyklaryça, gullaryň zähmetiniň ulanylmagy şonça-da güýçlenýärdi. Gullar doly suratda hukuksyzdy.

Ýer eýeleri ýeriň arryklamagynyň öňüni almak barada alada edenden, täze ýerleri eýelemegi peýdaly bilýärdiler. Özleriniň gullary, gözegçileri we hakynatutma ýaragly gora­gy bilen olar günorta-günbatar tarapa gidýärdiler we barha täze ýerleri eýeleýärdiler. Akýagyzlaryň arasynda garaýa­gyzlara jynsparazlyk duşmançylygyny ornaşdyrýardylar. ABŞ-nyň günortasynda jynsparazlygyň kökleri aýratyn çuň ornaşdy.

1850-nji ýyllarda fermer hojalyklary Kanzasda gulçulygy ýatyrmaga synanyşdylar, emma hökümet Kanzasa öz goşunlaryny sürdi we gul eýeleriniň häkimiýetini dikeltdi. Kanzasdaky ýaragly göreş bütin ýurtda golaýlaşyp gelýän raýatlyk urşunyň alamatydy. Tiz wagtdan soň gul eýeleri Ýokary kazyýetiň karary esasynda ýurduň bütin çäginde gaçgak gullary yzarlamaga we tutmaga hukuk gazandylar.

Bütin ýurtda gulçulygyň duşmanlary bilen tarapdarlarynyň arasynda göreş ýitileşýärdi. Kanzasdaky wakalar mahalynda öz töweregine maýadarlary we fermer hojalyklarynyň giň köpçüligini birleşdiren Respublikan partiýasy döredildi. Işçiler we Demirgazygyň şäherlerindäki beýleki jemgyýetleriň wekilleri şu partiýa goşulýardylar.

Respublikan partiýa ABŞ-a getirilýän senagat haryt­laryna ýokary gümrük paçlaryny girizmek, Günbatara göçüp barmak isleýänleriň ählisine şol ýerden ýer böleklerini mugt bermek we gulçulygy çäklendirmek, soňra bolsa ony ýatyrmak baradaky talaby öňe sürdi.

Amerikan gul eýeleri we baý adamlar, birentek fermer­ler mümkin boldugyça köp ýer basyp almaga çalyşýardylar. Ýewropa döwletleriniň özara uruş alyp barýandyklaryndan peýdalanyp, ABŞ olaryň ençemesini goňşy koloniýalardan gysyp çykardy.

Işçileriň ýagdaýy. Täze ýerleriň basylyp alynmagy we işçileriň hem-de beýleki göçüp gelen ilatyň fermer bolmak umydy bilen gündogar sebitlerinden ol ýerlere göçüp bar­magy senagat sebitlerinde işçileriň ýetmezçiligine getirýär­di. Bu bolsa kärhana eýelerini maşynlary çalt işe girizmäge we Ýewropadaka garanda has ýokary iş haky tölemäge mejbur edýärdi. Emma şonda-da işçiler iş şertleriniň gowu­landyrylmagy, aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylmagy ugrun­da çykyş edýärdiler.

ABŞ-nyň işçiler hereketinde ýewropaly işçileriň tejribe­sinden peýdalanylýardy. Demirgazygyň käbir ştatlarynda kärdeşler arkalaşygy döredi. XIX asyryň 20 – 30-njy ýyllarynda köp ştatlarda syýasy partiýalar döredildi, olar diňe bir ykdysady talaplary däl-de, eýsem, syýasy talaplary hem öňe sürýärdiler. Şol döwürler işçileriň we fermerleriň zor salmagy astynda ähli ştatlarda diýen ýaly, gullardan başga ähli erkek adamlar üçin ählumumy saýlaw hukugy girizildi.

Abolisionistler (Gulçulygy ýatyrmak ugrunda) hereketi. Akýagyz adamlaryň birentegi işçiler, fermerler,öňdebaryjy gatlaklaryň wekilleri – eýýäm XIX asyryň 30‑njy ýyllaryndan başlap gulçulygyň ýatyrylmagy ugrun­da göreş alyp barýardylar. Olar metbugatda gul eýeçiligi­ne garşy çykyş edýärdiler. Gulçulygyň ýatyrylmagynyň tarapdarlary abolisionistler (iňlisçe abolition ‑ýatyrma) diýen ada eýe boldular. Gazaba münen ýer eýeleri abolisionistik gazetleri dargatmagy guraýardylar, käte bolsa gulçulygyň duşmanlaryny ýok edýärdiler.

Abolisionistler, esasan, fermerler-den ybarat bolan gizlin guramany guradylar. Fermerler gaçgak gullara ga- çybatalga berýärdiler we olary gul eýeçiliginiň ýok ýeri bolan Demirgazyga hem-de Kanada çenli ugradýardylar.

Negr aýal Garriýet Tabmen öz edermenligi bilen aýratyn şöhratlandy. Ol Merilendde garaýagyz gyrnakdan doglupdy we gulçulykdan Demirgazyga gaçypdy. Ol garaýagyz gullaryň gaçmagyna kömek etmek üçin Kanadadan Günorta 19 gezek gizlin geçip, onuň özi 300-e golaý guly De­mirgazyga geçirdi. Ýer eýeleri onuň kellesi üçin 40 müň dollar bellediler, emma ol janyna töwekgellik edip, gulçulykdan gaçan garaýagyzlara kömek bermegini dowam etdiripdir

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Täze taryh” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top