Dünýä taryhy

XVIII– XIX asyrlaryň sepgitlerinde Fransiýanyň basybalyjylykly uruşlary

Napoleon Bonapart we onuň imperiýasy. Fransiýanyň koroly bolmagy başaran Napoleon I goşuna uly üns berýärdi. Täze goşun jemläp, Bonapart ony Alp daglarynyň geçelgelerinden gizlin geçirdi we duýdansyz çozup, Awstriýanyň goşunlaryny derbi-dagyn etdi. Awstriýa uruşdan çykdy we ýaraşyga gol çekdi. Parahatçylykly şertnama boýunça Belgiýanyň we Reýn derýasynyň çep kenaryndaky ýerler Fransiýanyň ygtyýaryna geçirildi. Italiýanyň demirgazygynda bolsa […]

XVIII– XIX asyrlaryň sepgitlerinde Fransiýanyň basybalyjylykly uruşlary Giňişleýin oka »

Afrika XVII – XIX asyrlarda

Afrikanyň halklary. Afrikanyň demirgazyk böleginde, tä Saharanyň günorta araçäklerine çenli orta asyrlardan bäri akýagyz arap we berberi ilaty agdyklyk edip gelýär; şeýle hem ol ýerde efiopiýalylar we beýleki halklar hem ýaşaýar. Sudanyň we Somaliniň demirgazyk böleginiň ilaty, efiopiýalylar garaýagyz ilata degişli bolup, olaryň ýüz keşpleri ýewropalylara çalymdaşdyr, ýöne saçlary buýra‑buýradyr. Kontinentiň galan böleginde aglaba garaýagyz

Afrika XVII – XIX asyrlarda Giňişleýin oka »

Ýaponiýada orta asyr gatnaşyklarynyň gowşamagy

XVIII asyryň ikinji ýarymynda – XIX asyryň birinji ýarymynda Ýaponiýanyň durmuş-ykdysady we syýasy ýagdaýy. XVIII – XIX asyrlarda Ýewropa ýurtlarynyň çalt depginler bilen ösýändigine garamazdan, Ýaponiýa feodal gurluşly döwlet bolup galmagyny dowam etdirýärdi. Orta asyrlarda bolşy ýaly, Ýaponiýada ekerançylyk ýerleri fe­odal gatlagy bolan samuraýlaryň elindedi. Esasy öndüriji­ler bolan daýhanlar samuraýlaryň ýerlerini nesilden-nesle geçirmek şerti bilen

Ýaponiýada orta asyr gatnaşyklarynyň gowşamagy Giňişleýin oka »

Tokugawa nesilşalygynyň häkimiýet başyna gelmegi

Ykdysady ösüşleriň aýratynlyklary. XVII–XVIII asyrlarda Ýaponiýa öz goňşularyndan tapawutlylykda, ösüşde bellibir üstünlikleri gazanmagy başardy. XVII asyr Ýapo­niýada feodalizmiň iň çalt depginler bilen ösen döwri boldywe şol ösüş mümkingadar derejelere çenli ýokarlandy. Aziýanyň hiç bir döwletinde şeýle ýagdaý kemala gelmändi. Bu döwürde hususy daýhan hojalyklary ekilýän ekinleriň görnüşlerini artdyrypdyrlar. Şalynyň 100-e golaý, bugdaýyň, arpanyň, süläniň 12

Tokugawa nesilşalygynyň häkimiýet başyna gelmegi Giňişleýin oka »

Ýewropalylaryň Hytaýa aralaşyp başlamagy

«Tirýek uruşlary» we adalatsyz şertnamalar. XVIII – XIX asyrlaryň sepgitlerinde Angliýa Hytaýa aralaşmaga jan edýärdi. Sebäbi Hytaýda farfor önümleri, pagta, ýüpek, temmäki, çaý, kofe, tüwi köp öndürilýärdi. Bu haryt­lar dünýä bazarynda uly isleglerden peýdalanýardy. Emma Hytaýyň hökümdarlary beýleki Ýewropa ýurtlary bilen bir hatarda Angliýany hem Hytaý bazaryna goýbermeýärdi. Döwletara gatnaşyklarynyň ýitileşmegine iňlis söwdagärleriniň Hytaýda alyp

Ýewropalylaryň Hytaýa aralaşyp başlamagy Giňişleýin oka »

Mançžurlaryň Hytaýy basyp almagy

Hytaýda halk çykyşlary we ýurdy mançžurlaryň basyp almagy. XVII asyryň 20 – 40-njy ýyllarynda Hytaýyň merkezini, Demirgazyk-Günbatar we Günbatar welaýatlaryny öz içine alýan uly gozgalaňlar boldy. Bu gozgalaňlaryň iki merkezi bolup, onuň birine öňki çopan Li Szyçen (1606 – 1645), beýlekisine bolsa öňki esger Çžan Siýançžun (1606 – 1647) serkerdelik edipdir. Gozgalaňçylaryň esasy talaplary Hytaýda

Mançžurlaryň Hytaýy basyp almagy Giňişleýin oka »

Hindistanda syýasy dagynyklyk

Portugaliýanyň, Fransiýanyň we Angliýanyň Hin­distan ugrundaky bäsdeşligi. XVII asyrda Hindistanyň kenarýaka şäherleriniň ilaty bilen ýewropaly söwdagärleriň arasynda gatnaşyklar başlanýar. Hindistan bilen söwdada portugal, golland, iňlis we fransuz täjirleri aýratyn işjeňlik görkezipdirler. Olar Hindistanyň günbatar we gündogar kenarlarynda Diu, Goa, Surat, Bombeý, Madras, Kalkutta ýaly söwda nokatlaryny esaslandyrypdyrlar. Emma Hindistan bilen söwdada ýewropaly täjirler hemişe kümüş

Hindistanda syýasy dagynyklyk Giňişleýin oka »

Beýik Mogollar döwletiniň gowşamagy

Beýik Mogollar döwletiniň gurluşy. XVIII asyrda Beýik Mogollaryň döwleti Gündogar ýurtlaryna mahsus bolan patyşalyk ýurt bolup galmagyny dowam etdiripdir. Aurangzebiň (1658 – 1707) dolandyran ýyllarynda döwlet 19 welaýata – subalara bölünip, olary patyşa tarapyndan bellenilýän subadarlar dolandyrýardylar. Döwletde esasy wezipeler musulmanlaryň elinde bolup, olar gelip çykyşy boýunça dürli milletleriň wekillerindenybaratdy. Hökümdarlar, köp serkerdeler, emirler we

Beýik Mogollar döwletiniň gowşamagy Giňişleýin oka »

Kawkaz halklarynyň Osman imperiýasy, Eýran we Russiýa döwletleri bilen gatnaşyklary

Gruziýa. XVII asyryň başlaryna çenli Gruziýa bilen Ermenistan iki sany özara oňuşmaýan iki döwlet – Osman imperiýasynyň hem-de Sefewi türkmenleriniň döwletiniň arasynda göreşleriň gidýän ýerine öwrülipdir. Gruziýanyň hem-de Ermenistanyň halky hristian dini­ne uýýardylar. Şonuň üçin hem bu ýurtlar Kawkaz ülkesi­ne tarap süýşüp gelýän Russiýa bilen ýakynlaşmagyň ýollaryny gözleýärdiler. XVIII asyryň başlarynda Gruziýanyň bir böleginde ýerleşýän

Kawkaz halklarynyň Osman imperiýasy, Eýran we Russiýa döwletleri bilen gatnaşyklary Giňişleýin oka »

Merkezi Aziýa döwletleri we halklary

Buhara emirligi, Hywa hanlygy. Buhara emirligi Çingiz hanyň neslinden bolan Şeýbany han tarapyndan esaslandyrylypdy. Emma 1598-nji ýylda Abdyl Mömin hanyň öldürilmegi bilen şeýbanylar nesilşalygy ýaşamagyny bes edýär. Şonuň üçin hem buharaly begzadalar Din Muhammet Aştarhanlyny tagta çykarýarlar. Aştarhanlylar hem Çin­giz hanyň neslindendi. Emma rus patyşasy Iwan Groznynyň (Ýowuzyň) Astrahany basyp almagy bilen ýerli hökümdarÝar Muhammet

Merkezi Aziýa döwletleri we halklary Giňişleýin oka »

Scroll to Top