Fransiýada 1848-nji ýylyň rewolýusiýasy

Fewral rewolýusiýasy. 1847-nji ýylda Ýewropada güýçli ykdysady çökgünlik başlanyp, ol birentek ýurtlary, şol sanda Fransiýany hem gurşap aldy. Hasylsyz ýyl bolup, bugdaýyň ýetmezçiligi sebäpli, çöregiň nyrhy ýokarlandy. Köpçülikleýin işsizlik başlandy, iş haky iki esseden-de köp kemeldi. Ençeme sebitlerde aç işçiler we hünärmenler tolgu­nyp başladylar, halk azyk önümli dükanlary, mülkleri talap başlapdyrlar.

Baý gatlagyň nägile toparlary saýlawa gatnaşmak üçin emläk çäginiň ýatyrylmagyny talap edip, fewralda ýygnaklar guradylar. 22-nji fewralda uly ýygnak geçirilmeli diýlip bellenilende, hökümet ony gadagan etdi. Döwlet gullukçy­lary ýygnaga gelmediler, emma ýygnagyň geçiriljek ýerinemüňlerçe adamlar – işçiler, hünärmenler, talyplar ugrapdyrlar. Köpçülik, ilat köçä çykypdyr. Agşam goşunlar köpçülikleýin hereketleri oka tutdular. Ölen we ýaralanan adamlar köp bolup, 1848-nji ýylyň 24‑nji fewralynda gozgalaň turzan halk ýarag ammarlaryny we paýtagtyň esasy merkezlerini eýeläpdir. Lui Filipp Angliýa gaçyp gitdi. Gozgalaňçylar köşgi eýeläp, patyşanyň tagtyny ýakypdylar.

Respublikanyň berkarar edilmegi. Ýaragly gozgalaň rewolýusiýanyň ýeňmegine getirdi. Emma Wekiller masla­haty häkimiýeti kim-de bolsa patyşa maşgalasyndan birine bermäge synanyşdy. Muňa jogap edip, gozgalaňçylar elleri ýaragly «Ýaşasyn respublika!» diýip gygyryşyp, maslahatyň jaýyna kürsäp girdiler. Gozgalaň turzanlaryň zor salmagy bilen Wekiller maslahaty respublikaçylardan düzülen Wagt­laýyn hökümetiň düzümini tassyklapdyr. Gozgalaňçylary öz tarapyna çekmek üçin, Lion gozgalaňyna gatnaşy-jylaryň biri bolan işçi Alberi we sosialist Lui Blany hökümetiň düzümine girizipdirler.

Wagtlaýyn hökümete ýazyjy Al­fons de Lamartin baştutanlyk etdi. Respublika baradaky meseläniň çözül­megini gijikdirmäge synanyşdylar, emma Lui Filippiň agdarylan gününiň ertesi halk köpçüligi hökümetiň mejlis geçirýän ýeri bolan şäher edarasynyň daşyny gabady we Fransiýany Respubli­ka diýip yglan etmäge mejbur etdi.

Fransiýanyň işçileri 1848-nji ýylyň rewolýusiýasynyň ýeňmeginde we respublikanyň jar edilmeginde aýgytly güýç boldy. Işçileriň uly topary elleri tüpeňli Pariž ybadathanasynyň daşyny gabady we zähmete bolan hukugy, ýagny işe mätäç adamlara iş tapyp bermek baradaky kanuny talap etdiler. Wagtlaýyn hökümet iş gününi 10 – 11 sagat bilen çäklendirdi hem-de ähli raýatlary iş bilen üpjün etmek bara­da karar kabul etdi.

Pariž işçileriniň iýun gozgalaňy. Wagtlaýyn hökü­met Parižde toplanan işsizleriň köpçüligini köşeşdirmek üçin milli ussahanalar diýlip atlandyrylan jemgyýetçilik işlerini gurady. 100 müňden gowrak adam her iş gününe berilýän 2 frank ujypsyz hak üçin Pariž şäherini abadanlaşdyrmaga dürli ýer işlerini ýerine ýetirmäge iberýärdiler. Hökümet tarapyndan iş tapyp bermek boýunça iş toparyna Lui Blan ýolbaşçylyk etdi. 1848-nji ýylyň 23-nji aprelinde Fransiýada kanun çy­karyjy edara – Esaslandyryjy ýygnaga saýlawlar boldy. Parižde syýasy ýagdaý gün-günden gapma-garşylykly häsiýete eýe bolýardy. Ykdysady kynçylyklar sebäpli halk köpçüliginiň nägileligi artýardy. Hökümetiň milli ussaha­nalary işletmäge maliýe serişdeleri ýokdy. 22-nji iýunda milli ussahanalaryň işini ýatyrmak hakynda karar kabul edildi. Olarda işleýän 25 ýaşa ýetmedik sallah işçileriň ählisi goşuna çagyrylmaga ýa-da batgalyk ýerlerde ýer işlerinde işletmek üçin sürgün edilmäge degişli edildi. Milli ussahanalarynyň dargadylmagy az salymyň içinde 113 müň işçini köçä zyňdy. Işçiler muňa jogap edip, gerimi we tutanýerliligi boýunça henize çenli görlüp-eşidilmedik gozgalaň turuzdylar. 100 müňden-de köp işçi – agaç ussalary, demirçi ussalar, paýtagtyň gündogar sebitlerinden gelen demirýolçular, işsiz adamlar söweşmäge köçä çykdylar. Parižiň işçileri aýaga galyp, iýun aýynyň 23–24-i aralygyn­da köçelerde ýiti söweşler boldy.

Iýun aýynda Parižiň köçelerinde bolan söweşlerde ölenleriň sany 11 müň adam boldy. Tussag edilen adamlaryň sany bolsa 25 müňden hem geçýärdi, 3,5 müň adam sürgün işlerinde işletmek üçin koloniýalara iberildi. Ownuk hususyýetçiler işçiler hereketinden gorkup, Konstitusiýany işläp düzdüler, onda «zähmete hukuk» baradaindi hiç zat aýdylmaýardy. Saýlaw hukugy çäklendirilipdi. Halkyň syýasy işjeňligini çäklendirmek üçin prezident ta­rapyndan dolandyrylýan güýçli merkezi häkimiýet döredil­di. Prezidente örän uly ygtyýarlyklar berilýärdi, onuň ka­nun çykaryjy ýygnagyň razylygyny soramazdan, ministrleri aýyrmaga we goýmaga hukugy bardy.

Ikinji imperiýanyň berkarar edilmegi. Respublikaçylar halk köpçüliginiň arasynda täsirini çalt ýitirdiler. 1848-nji ýylyň dekabrynda patyşalyk düzgüniniň tarapdary, Napoleon I-niň ýegeni, şazada Lui Napoleon Bona­part Fransiýanyň prezidentligine saýlandy.

Öz häkimiýetini berkitmek bilen, Lui Napoleon Parižiň harby bölümleriniň ähli möhüm wezipelerine öz gullukçylaryny belledi. 1851-nji ýylyň 2-nji dekabrynda, agşam ol öz howply saýýan garşydaşlaryny tussag etmegi buýurdy, şondan soň goşunlar ähli hökümet jaýlaryny eýe­lediler. Munuň özi döwlet agdarylyşygydy.

Döwlet agdarylyşygy Prezidentiň esasy maksadyny – Ikinji respublikadan dynmak we patyşalyk düzgünli häkimiýetine gaýdyp gelmek maksadyny amala aşyrmak üçin özboluşly taýýarlykdy. Göni bir ýyl geçenden soň, 1852-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Fransiýada döwleti edara etmegiň patyşalyk düzgüni dikeldil­di. Lui Napoleon Bonapart Napoleon III ady bilen korol diýlip yglan edildi. Ikinji imperiýa diýilýän düzgün ber­karar edildi.

Napoleon III häkimiýet başyna geçenden soň: «Imperiýa – bu parahatçylykdyr» diýip aýtdy. Emma iş ýüzünde Fransiýa Ikinji imperiýa mahalynda birnäçe basybalyjylykly, adalatsyz uruşlary alyp bardy. Fransiýa Krym urşunda Russiýanyň garşysyna Angliýa bilen bilelikde hereket etdi, Meksikadaky we Hytaýda alnyp barlan talaňçylykly uruşlara gatnaşdy, Sardiniýa bilen bilelikde Awstriýanyň garşysyna uruşdy. Fransiýa Hindi-Hytaýda Ko­hinhini we Kambojany basyp aldy we olary özüniň koloniýa­laryna öwürdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Täze taryh” dersi boýunça okuw kitaby

“Fransiýada 1848-nji ýylyň rewolýusiýasy” barada 2 pikir

Teswir ýaz

Scroll to Top