Fransiýa XIX asyryň birinji ýarymynda

Fransiýanyň ykdysady we syýasy ýagdaýy. XIX asyryň birinji ýarymynda Fransiýada senagatyň ösüşi artdy. Ownuk öý hojalyk we senetçilik kärhanalaryň ornuna fabrik-zawodlar geldi. Senagat öwrülişigi ýuwaş-ýuwaşdan güýje girdi. Esasanam, ýurduň egirme-dokma senagaty güýçli depginde ösýärdi. 1815 – 1830-njy ýyllarda polat eret­mek, daşkömri gazyp almak iki esse artdy. Metallurgiýa senagatynda daşkömür köpçülikleýin ulanylyp başlandy. Önümçilikde bug maşynlarynyň ulanylyşy 1820 – 1830-njy ýyllarda on esse ösdi. Napoleonyň goşuny Waterlooda derbi-dagyn edilenden soň häkimiýete Lýudowik XVIII gaýdyp geldi. Onuň bilen Fransiýa gaçyp giden müňlerçe begzadalar hem dolandy. Dolanyp gelenler köne düzgünleriň we emläkleriň dikel­dilmegini talap edýärdiler. Iezuitler (hristian dininiň aras­salygy ugrundaky göreşijiler) ýurda dolanyp geldiler. Ýurt­da Napoleonyň tarapdarlaryny yzarlaýardylar. Müňlerçe adamlar jenaýata çekilip, şolaryň 9 müňüsiniň garşysyna jeza çärelerini ulanmak barada höküm çykaryldy.

Emma Burbonlaryň nesilşalygynyň häkimiýete gelme­gi bilen Fransiýada rewolýusiýadan öňki düzgünleri dikelt­mek başartmady. Wena maslahatynyň kararlary Lýudowik XVIII Fransiýada konstitusiýany kabul etmäge, rewolýu­siýa we imperiýa döwründe esaslandyrylan jemgyýetçilik gurluşyny saklamaga borçly edýärdi.

Lýudowik XVIII häsiýeti boýunça mylaýym adam bo­lup, ol ýurduny asuda dolandyrmak isläpdir. Ol fransuz raýatlarynyň deňligini ykrar edýärdi we rewolýusiýa döwrün­de emeldarlaryň eline geçen emläklerini kanunlaşdyrdy. Korol öz häkimiýetiniň çäklendirilmegi bilen hem ylalaşdy. Fransiýanyň 1814-nji ýylyň hartiýasy diýlip atlandyrylýantäze Konstitusiýasy ýurtda kanun arkaly çäklendirilen patyşalyk düzgünini (konstitusion monarhiýany) döretdi.

Fransiýada agalyk ediji ýagdaýa buržuaziýanyň az sanly topary bilen häkimiýeti paýlaşan iri mülkdarlar eýe boldu­lar. Emma ýurtda demokratik düzgünler ýyl-ýyldan ber­keýärdi we ösýärdi. Fransiýada häkimiýet ýuwaş-ýuwaşdan Angliýa we ABŞ ýaly öňdebaryjy döwletleriňkä meňzeýärdi. 1818-nji ýylda ýurtda döwlet býujetine Parlament tarapyn­dan gözegçilik etmek barada, 1819-njy ýylda bolsa metbugat hakynda kanun kabul edildi.

1830-njy ýylyň buržuaz rewolýusiýasy. 1824-nji ýylda Lýudowik XVIII aradan çykdy. Fransuz tagtyna Karl X ady bilen onuň kiçi dogany graf de Artua geçýär. Häsiýeti boýunça Karl X ýeňilkelle, özdiýenli, barypýatan şöhratparaz adam bolupdyr. Ol fransuz jemgyýetini köne adatlar boýun­ça dolandyrmak isleýärdi. Ol Milli köşk goşunyny dargadyp, Napoleonyň döwründäki generallaryň 250-sini goşundan boşadypdyr.

Korolyň bu başlangyçlary ýurtda syýasy durmuşyň ýitileşmegine getirýär. Fransiýanyň milli ýygnagy Karl X-nyň syýasatyna garşy boldy. 1827–1830-njy ýyllardaky parla­ment saýlawlarynda korolyň garşydaşlary ynamly ýeňiş ga­zanypdyrlar. Şeýle ýagdaýda korol ýurduň Konstitusiýasyny bozýan dört sany permany çykarýar. Permanlar boýunça Fransiýanyň milli ýygnagy dargadyldy, saýlaw hukugy diňe iri ýer eýelerine berildi, metbugat azatlygy gadagan edildi we gazetleri neşir etmek üçin ýörite rugsatnama girizildi.

Korolyň kabul eden permanlary ýurtda döwlet agdarylyşygy hökmünde häsiýetlendirildi. Parižiň şäher ilaty, işçiler iş taşlap, köpçülikleýin çykyşa başladylar. 1830-njy ýylyň 28-nji iýulynda irden halk hereketi Parižiň merkezini dolduryp, gozgalaňçylar korolyň köşgüni eýelediler. Rewol ýusiýa üç gün dowam edip, ol Karl X-nyň tagtdan el çekmegi bilen tamamlandy. Karl X Angliýa gaçyp gitdi.

1830-njy ýylyň 9-njy awgustynda patyşa neslinden bolan Lui Filipp Orleanly Fransiýanyň koroly diýlip yglan edildi. Lui Filippiň ägirt uly maýa goýumy, mülkleri we tokaýlary bardy. Korol kiçigöwünli adam bolupdyr. Ol käte Parižiň köçelerinde ýeke özi köne penjekli, eli saýawanly aýlanyp, işçiler, dükançylar bilen salamlaşyp, olar bilen gürrüňdeş bolýar eken. Täze kabul edilen konstitusiýa laýyklykda söz, metbugat we ýygnaklar azatlygy yglan edildi.

Fransiýada bolup geçen bu wakalar 1830-njy ýylyň «Iýul rewolýusiýasy» diýlip atlandyrylýar. Lui Filippiň häkimiýet başyna gelmegi bolsa «Iýul monarhiýasy» diýen ady aldy.

Işçileriň gozgalaňy. Fransiýada senagat we oba ho­jalygy çalt depginler bilen ösýärdi. Ýurtda senagat öwrülişigi bolup geçdi. Muňa garamazdan, senagat öwrülişigi işçileriň ýaşaýyş derejesiniň ýaramazlaşmagyna getirdi. Fabriklerde iş güni 12 – 16 sagat dowam edýärdi. Aýlyk haky juda pesdi. Işçiler birleşip, öz hukuklaryny goramak üçin jemgyýetleri döredýärdiler. Bu jemgyýetlere ownuk buržuaz gatlaklary, intelligensiýa wekilleri, şäher ilaty hem girýärdi.

Halk köpçüliginiň nägilelikleri Lionda we Parižde işçileriň çykyşlarynyň başlanmagyna sebäp boldy. 1831-nji ýylda Lionyň gozgalaň turzan dokmaçylary şäheri wagtlaýyn öz ellerine alypdyrlar. Dokmaçylaryň Liondaky gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin Parižden 20 müňden ybarat goşun ibe­rildi. 1834-nji ýylda Lion dokmaçylary ýene-de göreşe galdylar we respublikan gurluşy dikeltmegi talap etdiler. Göreş alty günläp dowam etdi we ahyrynda basylyp ýatyryldy.

Alžiriň basylyp alynmagy. XIX asyryň birinji ýarymynda Fransiýa daşary syýasatda basybalyjylykly hereketleri alyp barýardy. 1830-njy ýylda 37 müňe golaý fransuz goşuny Demirgazyk Afrikanyň baý ülkeleriniň biri bolan Alžiri basyp aldy. Alžir fransuz koloniýasy diýlip yglan edilýär. Emma Abdyl Kadyryň baştutanlygyndaky milli azat edijilik hereketiniň netijesinde fransuzlara Alžiri birbada doly basyp almak başartmaýar.1834-nji ýylda Fransiýa bilen Alžiriň arasyndaky gol çekilen şertnama boýunça fransuzla­ra diňe üç sany kenarýaka şäherleri berlip, Alžir garaşsyz diýlip yglan edilýär. Emma Fransiýanyň dolandyryjy topar­lary bu şertnamany bozup, Alžire täzeden hüjüm edýärler. Netijede, XIX asyryň 40-njy ýyllarynda Alžir fransuzlar ta­rapyndan doly basylyp alynýar.

Teswir ýaz

Scroll to Top