Dünýä taryhy

XXI asyrda Fransiýanyň ykdysady kuwwaty

Fransiýa – ýokary derejede ösen senagat-oba hojalyk ýurdy. Fransiýa senagata goýulýan daşary ýurt maýa goýumlary boýunça Ýewropada 1-nji ýeri eýeledi. Fransuz kompaniýalary kosmonawtika, uçar gurluşygy, harby-senagat toplumlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary bilen dünýä meşhurlygyny gazandylar. Fransiýa Ýewropada iň ýokary hilli ýolagçy uçarlaryny öndürýär. Fransiýa Ýewropada Germaniýadan soň ulag öndürmekde 2-nji ýerde durýan döwletdir. Fransiýa – ulag-kommunikasiýa ulgamynyň […]

XXI asyrda Fransiýanyň ykdysady kuwwaty Giňişleýin oka »

Angliýada senagat öwrülişigi

Daýhanlaryň ýerden mahrum edilmegi. Iňlis rewolýusiýasynyň netijesinde iri mülkdarlar bolan lendlordlar öz ýerlerine eýelik etmek hukugyny gazanypdyrlar. Eger-de olaryň özleri hojalygy ýöretmek islemeseler, öz mülklerini iri fermerlere kärendesine beripdirler. Edil köne döwürde bolşy ýaly, XVIII asyrda-da lendlordlar Parlamentiň goldawyna daýanýardy. Sebäbi Parlament ýerleriň daşyny germemäge rugsat berýän kanunlary Kabul etmegini dowam edýärdi. Daşyny germemek syýasaty boýunça

Angliýada senagat öwrülişigi Giňişleýin oka »

Parlament monarhiýasynyň berkarar edilmegi

Korol düzgüniniň dikeldilmegi. Ýurduň içinde topalaňlaryň bolmak howpy goşun serkerdeleriniň we buržuaz liderleriniň arasynda Stýuartlaryň nesilşalygyny dikeltmäge bolan meýilleri güýçlendirýär. Olar Gollandiýada gezip ýören Karl I-niň ogly bilen gepleşik geçiripdirler. 1659‑njy ýylyň dekabrynda Parlament işläp başlaýar, onuň işine ýatyrylan lordlar ýygnagynyň wekilleri hem gatnaşypdyrlar. 1660-njy ýylyň maýynda Angliýada Stýuartlaryň nesilşalygy täzeden dikeldilýär we Karl II tagta çykýar. Emma

Parlament monarhiýasynyň berkarar edilmegi Giňişleýin oka »

Angliýada respublikanyň yglan edilmegi

Independentler bilen preswiterianlaryň arasyndaky göreş. Korola garşy hereketler güýçlendikçe, korolyň garşydaşlary bolan independentleriň we preswiterianlaryň arasynda hem göreşler ýitileşipdir. Eger-de goşun independentleriň elinde bolan bolsa, preswiterianlar parlamentde köpçülikdi. Parlamentde Jon Miltonyň (1608 – 1674) preswiterianlara garşy gönükdirilen ajaýyp goşgulary köp okalypdyr. Parlamentde ähli adamlaryň deňligi ugrunda çykyş edýän lewellerleriň (iňlisçe «to lewel» – deňleşdirmek), ýagny deňleşdirijileriň serdary Jon Lilberniň (1614

Angliýada respublikanyň yglan edilmegi Giňişleýin oka »

ABŞ XXI asyryň başlarynda

Jorj Buş. 2000-nji we 2004-nji ýyllarda bolup geçen prezident saýlawlarynda respublikaçylar partiýasyndan bolan Jorj Buş ýeňiş gazandy. Ol1989-1993-nji ýyllarda ABŞ-nyň Prezidenti bolan Jorj Buşuň ogludyr. Respublikaçylar “Eýeçilik diňe baýlaryň artykmaçlygy we ýeňilligi bolmaly däldir” diýen şygary öňe sürdüler.Jorj Buş “eýeçiligiň täze eýýamynyň” başlandygyny jar etdi. Ilatyň esasy böleginiň baýlaňmagyny özüniň maksady hasaplaýandygyny aýtdy. Şol maksat bilen

ABŞ XXI asyryň başlarynda Giňişleýin oka »

XVI – XVII asyrlaryň sepgidinde Angliýada ykdysadyýetiň ösüşi we jemgyýetiň ýagdaýy

Angliýada ykdysadyýetiň ösüşi. XVII asyryň başlarynda Angliýada önümçilik gatnaşyklarynda uly öwrülişikler bolup geçdi. Şu döwürde önümçilikde tehnikanyň ulanylyşynyň gerimi artdy. Önümçilik gatnaşyklarynda energiýa öndürmek üçin ilkinji enjamlar ornaşdyrylyp başlandy, ol enjamlar suwuň hem-de ýeliň güýji bilen hereke¬te getirilýärdi. Şol enjamlaryň üsti bilen bolsa degirmenler işledilýärdi, deri eýlenýärdi, demir eredilýärdi. XVII asyryň başynda Angliýada demir eredýän

XVI – XVII asyrlaryň sepgidinde Angliýada ykdysadyýetiň ösüşi we jemgyýetiň ýagdaýy Giňişleýin oka »

Owganystan Yslam respublikasy

XX asyryň ahyrlarynda Owganystanyň esasy bölegini talibanlar basyp alypdy.Owgan syýasy öňbaşçylarynyň 2001-nji ýylyň ahyrynda Bonnda bolan maslahatynda Karzaý Owganystanyň geçiş hökümetiniň baştutanlygyna bellenýär. 2002-nji ýylyň ortasynda Loýa Jirga ony ýurduň wagtlaýyn prezidentligine saýlady. 2004-nji ýylyň başynda Loýa Jirgada Owganystanyň Esasy kanuny kabul edildi.Konstitusiýa boýunça Owganystan Yslam Respublikasy diýlip jar edildi. Ýurtda prezident dolandyryşy girizildi. 2004-nji

Owganystan Yslam respublikasy Giňişleýin oka »

Angliýada rewolýusiýanyň başlanmagy

Angliýa döwletiniň dolandyrylyşy. Angliýa Ýewropa döwletleriniň arasynda birinji bolup XVII asyryň ahyrynda parlament korollygy boldy. Parlament korollygy – munuň özi döwlet gurluşynda ýokary häkimiýetiň parlamente degişlidigini aňladýardy. Stýuartlar nesliniň ilkinji patyşalary Ýakow I we Karl I döwleti edara etmekde korol häkimiýetiniň çäklendirilmedik ygtyýarlyklaryny berkarar etmäge çalyşýardylar. Olar parlamentiň hukuklaryny ýatyrmaga çalyşýardylar. Sebäbi parlamentiň aşaky maslahaty bolup

Angliýada rewolýusiýanyň başlanmagy Giňişleýin oka »

Angliýada raýatlyk urşy

Angliýada 1642-nji ýylda patyşa bilen parlamentiň arasynda Raýatlyk urşy başlanýar. Şol wagt Londonyň ilatyndan, içerki tertibi goramak üçin, halk polisiýasy döredilýär. Onuň hataryna girmek we parlamenti goramak üçin goňşy şäherleriň we obalaryň daýhanlaryndan düzülen toparlar Londona ugrapdyrlar. Angliýanyň ilaty ikä bölünýär. Olaryň patyşanyň tarapdarlary bolan birinji toparyny «kawalerler» (şäherliler «kawalerler» diýip gymmat¬baha eşik geýýän baý adamlara aýdypdyrlar),

Angliýada raýatlyk urşy Giňişleýin oka »

Ýüz ýyllyk uruş

1337-1453-nji ýyllar aralygynda Angliýa bilen Fransiýanyň arasynda uzaga çeken agyr uruş bolupdyr. Bu urşuň başlamagynyň sebäbi iňlis korollarynyň Fransiýadaky ozalky mülklerini gaýtaryp almak islegi we Flandriýa graflygynyň baý şäherleriniň üstündäki bäsdeşlik bolupdyr. Ol uruş arakesmeler bilen ýüz ýyldan gowrak wagtlap dowam edendigi sebäpli, oňa «Ýüz ýyllyk uruş» diýlip at berilipdir. Bu söweşiň ýeňijisi Fransiýa bolupdyr.

Ýüz ýyllyk uruş Giňişleýin oka »

Scroll to Top