Prussiýada rewolýusiýanyň başlanmagy

Berlindäki gozgalaň. 1847-nji ýylyň ykdysady çökgünligi edil Fransiýada bolşy ýaly, Germaniýada-da işsizlige we iş hakynyň kemeldilmegine getirdi, öňki ýyllardaky hasylsyzlyk bolsa azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Şol ýylyň ýazynda aç märeke çörek we gök önümler dükanlaryny talaýardylar, çörekleri we kartoşkany zorluk bilen alýardylar, korollyk mülki bolan şazada Wilgelmiň köşgüniň aýnalaryny kül-owram etdiler. Germaniýanyň günorta-günbatarynda açlyk çekýän daýhanlaryň arasynda gozgalaňa çagyryşlar ýaýrady.

1848-nji ýylyň başlarynda Germaniýada ýiti gapma‑garşylykly ýagdaý emele geldi. Rewolýusiýanyň tutaşmagy üçin diňe bir uçgun ýeterlikdi. Fransiýada fewral aýyndaky çykyşlar baradaky habar bolsa hut şeýle uçgun boldy. Ilkinji çykyşlar Germaniýanyň günorta-günbatar böleginde boldy, ol ýerde Parižde bolan çykyşlar barada hemmelerden öň eşidildi. Tiz wagtdan rewolýusion hereket Prussiýanyň çäkleri­ne geçdi. Senagat taýdan iň ösen Reýn welaýatynyň esasy şäheri bolan Kýölnde işçiler we hünärmenler özgerişlikleri talap edip, korol köşgüniň daşyny gabadylar.

Berlinde halk köpçüligi on günläp çykyşlary gurady, köçelerde we meýdançalarda polisiýa bilen çaknyşyklar bolýardy. 1848-nji ýylyň 18-nji martynda agşamara Berlin şäheri barrikadalardan dolduryldy. Bütin gije gazaply köçe söweşleri boldy. Gozgalaňçylaryň garşysyna sürlen pyýada goşun we topçular ýeňiş gazanyp bilmedi.

Gozgalaň diňe korol Fridrih Wilgelm IV paýtagtdan goşunlary çykarmak hakda buýruk berenden soň togtady. Işçiler we senetçiler Berliniň gyrak-çetlerinde ýygnaklar gurap, olarda zähmet ministrliginiň döredilmegini, hem­me adamlaryň iş bilen üpjün edilmegini, ählumumy saýlaw hukugynyň berilmegini talap edýärdiler. Prussiýanyň ýokary gatlagynyň wekilleri we begzada­lar paýtagta hökümet goşunlarynyň getirilmegini haýyş et­diler we bu haýyşy korol haýal etmän ýerine ýetirdi. Döwlet gullukçylary öňküsi ýaly dolandyrmak isleýärdiler. Korol olaryň birini-de işden aýyrmady, Prussiýanyň köne goşuny, polisiýa, kazyýet we dolandyryş edaralary doly eldegrilmezliginde galdyryldy.

Frankfurt parlamenti. 1848-nji ýylyň maýynda Maýn boýundaky Frankfurtda jemgyýetçilik başlangyjy esasynda umumygerman parlamentine – Frankfurt Milli ýygnagyna saýlawlar geçirildi. Onuň agzalary Germaniýanyň konsti­tusiýasyny işläp düzmek üçin ähli german döwletlerinde geçirilen örän giň jemgyýetçilik saýlawlary esasynda saýla­nyldy. Nemes hökümdarlary bu parlamenti ykrar etmeýär­diler, emma rewolýusiýa şertlerinde onuň çagyrylmagyna päsgel bermäge gorkdular. Parlamentiň agzalarynyň agla­basy intelligensiýa wekilleridi. Onda, esasan-da, professor­lar, aklawjylar, mugallymlar köpdi. Frankfurt parlamenti Germaniýanyň nähili birleşdirilmegi barada uzak wagtlap netijesiz jedeller bilen meşgul boldy.

1849-njy ýylyň dekabrynda Prussiýanyň koroly Milli ýygnagy dargatmagy buýurdy. Deputatlar halky garşylyk görkezmek üçin çagyrmaga milt etmän, sessiz-üýnsüz dar­gadylar. Emma, her zat-da bolsa, korol «ýokardan» Konsti­tusiýany «bagyşlamak» barada perman çykarmaga mejbur boldy. Konstitusiýa laýyklykda begzada gatlaklarynyň artykmaç hukuklary saklanyldy, korol Konstitusiýada göz öňünde tutulan kanun çykaryjy edaralaryň islendik ka­raryny ýatyrmaga bolan hukugy özünde galdyrdy. Saýlaw ulgamy baý salgyt töleýjileriň saýlawlarda doly agdyklyk gazanmagyny üpjün edýärdi. Prussiýada rewolýusion he­reket ýatdy.

Saksoniýada we Badende bolan gozgalaňlar. Frankfurtda German patyşalarynyň ykrar etmedik umumyger­man parlamentiniň işläp düzen Imperiýa Konstitusiýasynyň taslamasynyň demokratik bölümlerini gorap, 1849-njy ýylyň maýynda Saksoniýa korollygynyň paýtagty Drezdende we Baden gersoglygynda gozgalaň turdy. Bu Konstitusiýada imperiýa parlamentine saýlawlar mahalynda göz öňünde tutulan ählumumy saýlaw hukugy we onda sanalyp geçilýän beýleki hukuklar hem-de azatlyklar halk köpçüligi­ni gyzyklandyrýardy. Drezdende işçiler, senetçiler, ownuk buržuaziýa köçe söweşlerine çykdylar.

Baden gersoglygynyň çäklerinde ýaragly goşun döredil­di. Emma olaryň garşysyna Prussiýanyň goşunlary sürül­di, olar gozgalaňçylaryň bölümlerini derbi-dagyn etdiler. Prussiýa korollygynyň ygtyýarynda Germaniýa boýunça iň güýçli goşun bardy, şonuň üçin hem bu korollyk beýlekiger­man döwletlerinde – Westfaliýada we Pfalsda hem çykyşlary basyp ýatyrýardy. Fransiýada bolan rewolýusiýadan tapawutlylykda, 1848 – 1849-njy ýyllarda Germaniýada bolup geçen wakalar tamamlanmadyk demokratik çykyşlar boldy.

German rewolýusiýasynyň netijeleri. XVIII asyrda Fransiýada rewolýusiýanyň gidişinde feodalçylyk düzgüniniň ähli galyndylary diýen ýaly ýok edilipdi. Emma Germaniýada iri feodallaryň agalygy saklanyp galypdy, ýurt bolsa öňküleri ýaly syýasy dagynyklygynda galdy. Häkimiýet diňe käbir özgerişlikleri geçirdi. Halk köpçüligine korol häkimiýetini öz syýasatyny üýt­getmäge mejbur etmek we birnäçe kiçiräk ýeňillikleriň be­rilmegini gazanmak başartdy. Oňa 1849-njy ýylyň Prussiýa Konstitusiýasy degişlidir, emma welin şol Konstitusiýa ko­rol häkimiýetini sähelçe çäklendirýärdi.

Rewolýusiýadan soň daýhanlaryň käbir ownuk zähmet borçlaryny ýatyrmak barada kanun çykaryldy. Olardan has möhümi ýyllyk töleglerden köp esse artyk pul töläp, zähmet borçlaryndan dynmakdy. Emma daýhanlaryň aglabasynyň zähmet borçlaryndan pul töläp azat bolmak üçin serişdeleri ýokdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Täze taryh” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top